Merjen şäher - Aşgabat
Mermer binaly paýtagtymyzyň arassa howasyndan dem alyp, şäheriň gözelligini synlaýyn diýip ýola düşdügiň, ýakymly duýgular seriňe dolýar. Bir çetde durup synlasaň, baglarynda saýraýan guşlaryň sesi seni özüne bendi edýär. Binalarynyň ýalkymy güneş bilen bäsleşip, ajaýyp sazlaşyk emele gelýär. Goýny bahar-ýaza meňzedilýän şäherimiz kimleri öz menziline ugradyp, kimleri bolsa mähir bilen garşylaýar. Bu ýere gelen islendik myhmanda ýagşydan-ýagşy umytlar oýanyp, ýene-de gelsem, görsem diýen arzuwlar döreýär.
Waspy şygyrlarda, aýdymdyr sazlarda belentden ýaňlanýan paýtagtymyz — ýylyň islendik paslynda-da tämiz hem owadan. Şeýle gözel şäherimiziň bardygyna bolan buýsanjymyz ýüreklerimize ylham hem joşgun berýär. Paýtagtymyzy altyn öwüşginli mekana öwürýän günlerimiz rowaçlygyň şuglasy bolup, kalplara nur çaýýar. Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan, yhlasyndan kemal tapan beýik işlerden gülleýän, gül açýan gözel Aşgabadymyzyň älem içre meşhurlygyna neneň guwanmajak?!
Hawa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri halkymyzyň şan-şöhraty bolup, äleme meşhurdyr. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, Aşgabat ajaýyp köşkleri, belent binalary, dürli ähmiýetli desgalary bilen ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň, gurluşyk pudagynyň häzirki ýeten derejesiniň nusgasy hökmünde inžener-tehniki pikiriň öňde baryjy üstünliklerini we asyrlar boýy dowam eden milli binagärligiň däplerini özünde jemleýär. Paýtagtymyzyň şeýle ösüş-özgerişleri milli Liderimiziň edýän taýsyz tagallalaryndan, beýik başlangyçlaryndan, paýtagtymyzy mundan beýläk hem iň gözel hem-de arassa şäherleriň birine öwürmek boýunça belent sepgitleri nazarlaýan maksatnamalaryndan gözbaş alýar.
2013-nji ýylda paýtagtymyzyň dünýäde ak mermerli binalaryň jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabynda bellige alynmagy hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezdi. Paýtagtymyz halkara maslahatlarynyň, forumlarynyň, işewürlik maslahatlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.
Ajaýyp zamanamyzda Aşgabadyň ösdürilmegine ägirt uly üns berilmegi, ähli düzümlerinde işleriň sazlaşykly guralmagy netijesinde amatly hem oňaýly şäher infrastrukturasy emele geldi. «Biziň borjumyz iň gözel we arassa, adamlaryň ýaşamagy üçin oňaýly şäher hökmünde paýtagtymyzyň belent abraýyny saklamakdan ybaratdyr. Şonuň üçin biz Aşgabady has gözelleşdirmelidiris. Ony döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras galdyrmalydyrys» diýip nygtaýan milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen binagärlik taýdan dünýä meşhur bolan şäherimiz dürli ugurlarda Ginnesiň rekordlar kitabyna ençeme gezek girizildi. Munuň özi paýtagtymyzyň özgerýän keşbiniň, bu ýerde döredilýän mümkinçilikleriň, gurulýan kaşaňdan-kaşaň binalaryň, şol bir wagtda-da ýaşamak üçin amatly şähere öwrülýändiginiň halkara ykrarnamasydyr.
Eziz Arkadagymyzyň saýasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanyljak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýy mynasybetli dabaraly çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly wakalarynyň biri hökmünde taryhymyza girer.
Asudalygyň, parahatçylygyň, sagdynlygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde tanalýan eziz Diýarymyzy belent ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik bolsun!
Dünýägözel ORAZOWA