Ussada bagyşlanan eser
1991-nji ýylda ýurdumyzyň tanymal nakgaşlarynyň biri Çary Öwwäýew «Sazanda Han Akyýew» atly uly göwrümli eserini döredýär. Bu eser milli aýdym-saz sungatymyzda öçmejek yz galdyran ussat halypalaryň biri Türkmenistanyň halk artisti Han Akyýewe bagyşlanypdyr. Eserde üç-dört müçäni arka atan, saçlaryny gar sepelän sazanda gabaklarynyň astyndan agras nazar aýlaýar.
Hormatly Prezidentimiziň jöwher zehininden dörän «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda hem Han Akyýewiň ömri we döredijiligi barada gürrüň berilýär. Ol il içinde guýmagursak zehini bilen adygan ogly Gulbaba halypalyk edipdir. Han Akyýew, ýaşajyk bagşy Gulbaba bilen halkyň arasynda häli-şindi çykyş edip, aýdym-saz muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolupdyr.
Ç.Öwwäýewiň döreden sungat eserini synlanyňda, «halypa sazanda öz ogluna bagyşlap täze sazyň üstünde işleýän bolaýmasyn» diýen pikir seriňe dolýar. Onuň gursagyndan atygsap gelen hyjuwy goşa taryň perdesine salyp, sag goluny ýokary göterip, çep eliniň barmaklary bilen perdeleri jebis gysyp oturyşy, döreden täze heňi ýerine düşen ýaly görünýär. Eseriň çep tarapynda tärime söýelip duran, çarçuwanyň içindäki surat bolsa, sazandanyň ogly Gulbabajygyň portreti. Ussat halypanyň öňünde duran kiçijik dutarda Gulbaba birnäçe aýdym-sazlary ussatlyk bilen ýerine ýetiripdi.
Ç.Öwwäýew milli aýdym-saz sungatymyzdan çuňňur baş çykarýan nakgaşlaryň biri. Tanymal nakgaşyň bu suraty milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde bimöçber hyzmatlary bitiren ussat halypalara bagyşlanan işleriň üstüni ýetiren özboluşly eserdir. Şeýle-de, bu eser halkymyzyň öz sungat ussatlaryna goýýan çäksiz sarpasynyň aýdyň nusgasydy