ÝAŞLAR — ÝURDUŇ GELJEGI


ÝAŞLAR — ÝURDUŇ GELJEGI



Halkymyzyň köňül şygaryna öwrülen hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly jümleleri ýaşlaryň Watanymyza bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Halk hem Watan baradaky mukaddes düşünjelerimizi, söýgimizi belende galdyrýar. Ähli bilimlerimizi hem-de başarnyklarymyzy Watanymyzyň ösüşlerine, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da ýokarlanmagyna bagyş etmäge ruhlandyrýar.
Berkarar döwletimiziň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhraty, parahatçylygyň, ynanyşmagyň, dostlugyň, ruhubelentligiň, sportuň hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýurdy hökmünde halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanmagy merdana watandaşlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary has-da döredijilikli işlemäge, täze ösüşlere, okamaga, beýik maksat bilen zähmet çekmäge ganatlandyrýar. Ýurdumyzyň ösüşlerini mundan beýläk-de artdyrmak ýaş nesillere ynanylýar. Ösüşler bolsa täze pikirleri talap edýär. Täze pikirler bolsa hemişe sagdyn, ruhubelent, zähmetsöýer adamlara mahsus häsiýetdir. Şeýle häsiýetleriň Watanyň, halkyň abraýyny öz buýsanjy hasaplaýan nurana ýaşlarymyzda kemala gelendigini aýtmak gerek. Ýaş raýatlaryň oňat bilim almagy, geljekki hünärini saýlap bilmekleri hem-de öz zehinlerinden, ukyplaryndan netijeli peýdalanmaklary üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini aýratyn bellemelidiris. Türkmen ýaşlarynyň üstünligi Diýarymyzyň guwanjy bolýan bolsa, ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri ýaşlaryň buýsanjyna, watançylygyň belent nusgasyna öwrülýär. Türkmen talyplarynyň we okuwçylarynyň her ýyl dürli ugurlar boýunça abraýly halkara olimpiadalarda ýeňiş gazanmagy innowasion özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamalarynyň biridir.
Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan döräp, paýhas eleginde eýlenen her bir eseri ýaşlar üçin ýolgörkeziji şamçyragdyr, durmuş mekdebidir. Bu ajaýyp eserler halal zähmetimiz bilen Watan öňündäki mukaddes borjumyzy ödemäge çagyryşdyr. Hormatly Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp kitabyndaky: «Ýaşlar — biziň geljegimiz. Olar halkyň, ýurduň ykbalyna dahylly bolmaly adamlar. Halkyň, ýurduň ykbaly bilen bagly meseleleriň üstünde kelle döwjek we akylly-başly netije çykarmagy başarjak adamlar. Nesillerimizi ýetişdirmek bilen biz öz geljegimizi gurýarys» diýen sözleri ýaşlary ýurdumyzyň altyn öwüşginli ak sähralaryndan ylham, ter öleňli daglaryndan güýç-kuwwat, bossan içre baglaryndan joş alyp, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň aprel aýynda toý sapary bilen Balkan welaýatynda, golaýda Diýarymyzyň demirgazyk sebiti bolan Daşoguz welaýatyndaky eden taryhy çykyşlarynda ýaşlary iş bilen üpjün etmek we durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak bilen bagly meselelere ünsi çekmegi köňüllerimizi buýsanja besledi. Munuň özi abadan ýurdumyzyň asyryň nusgalyk döwleti hökmünde ykrar edilmegine mynasyp goşandymyzy goşmaga çagyryş boldy.
Ýene-de bir buýsançly wakany ýatlamak gerek. 31-nji maýda Arkadagly Serdarymyzyň Döwletliler köşgüne barmagy, şol ýerde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäresine gatnaşmagy, bu ýerde terbiýelenýän çagalar bilen söhbetdeş bolmagy ýaşajyk ildeşlerimiziň köňül buýsanjyny goşalandyrdy. Munuň özi çagalar, olaryň abadançylygy we sazlaşykly ösmegi baradaky hemmetaraplaýyn aladanyň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan asyrlara ýaň saljak işleri biziň bagtyýar watandaşlarymyzyň her biriniň ömrüne, ykbalyna şugla çaýýar. Taryhy özgertmeler kalbymyza Gün şuglasy kimin seçelenip, ýaşaýşymyzyň eşretine, köňüllerimiziň kuwwatyna, milliligimiziň mizemejek binýadyna öwrülýär.
Häzirki wagtda milli bilim ulgamyny dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmaga gönükdirilen özgertmelere laýyklykda, ylymly-bilimli, öňdebaryjy tehnologiýalardan gowy baş çykarýan ýaş nesli terbiýelemek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. 31-nji maýda Gahryman Arkadagymyzyň Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmen oba hojalyk institutyna gelip, bilim edarasynyň binagärlik aýratynlyklary, talyplaryň döwrebap bilim almaklary üçin döredilen şertler bilen tanyşmagy we institutyň talyp ýaşlary bilen duşuşmagy ýaşlaryň ylym-bilime bolan höwesini has-da artdyrdy. Alym Arkadagymyzyň: «Kitaby söýüň, ylymly-bilimli ýaşlar bolup ata Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir» diýen sargydy ýaşlara ylym ýolunda hemişelik ýörelge bolar.
Ýaşlar — döwletiň we dünýäniň geljegi. Döwletimiziň gazanýan üstünlikleri ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglydyr. Şonuň üçin hem Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzda ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşy we geljegi barada bimöçber alada edýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.
Biz — ýaşlary bagtyýar geljege, ajaýyp ertirlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Dilnowaz ERGEŞOWA