Möhüm ähmiýetli seneler
2020-nji ýyl «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edildi. Şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilenine 25 ýyl dolýar.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesini almagy bilen baglanyşykly şu aşakdaky wakalar möhüm ähmiýete eýe boldy.
1992-nji ýylyň iýun aýynda Finlýandiýanyň paýtagty Helsinki şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda Türkmenistanyň daşary syýasatda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine pugta eýermekçidigi hakyndaky ilkinji Beýannama kabul edildi.
1995-nji ýylyň mart aýynda Pakistanyň paýtagty Yslamabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) agzalary bolup durýan döwletleriň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgeleri guramanyň ähli döwletleri tarapyndan doly goldanyldy.
1995-nji ýylyň 20–nji oktýabrynda Kolumbiýanyň Kartahena şäherinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň agzalary bolan ýurtlaryň döwlet, hökümet ýolbaşçylarynyň duşuşygynda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty doly makullanyldy we Watanymyza Bitaraplyk hukuk derejesini bermek baradaky mesele BMG-niň gün tertibine girizildi.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Kararnama kabul edildi. Kararnamada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine sarpa goýmaga, goldamaga, Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäkleriniň bitewiligine sarpa goýmaga BMG-niň ähli agza döwletleri çagyryldy.
1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda geçirilen Halk Maslahatynda «Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny kabul edildi. Bu Kanunda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly bolup, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatda, halkara ykdysady hyzmatdaşlykda deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, dünýä döwletleriniň, halklarynyň özara düşünişmegini çuňlaşdyrmak, dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan gatnaşyklaryny gowulandyrmak üçin hemişelik Bitarap döwlet hökmünde kabul eden halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz we takyk ýerine ýetirjekdigi kepillendirildi. Bu Halk Maslahatynda «Bitarap Türkmenistanyň adamyň hukuklary babatdaky halkara borçnamalary hakynda» Jarnama we «Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň daşary syýasatynyň Baş ýörelgesi» kabul edildi.
2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy.
2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG – niň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýany ikinji gezek kabul etdi. Täze Rezolýusiýada ýurdumyzyň ýigrimi ýyldan gowrak wagtda sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy gorap saklamak, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, döwletleriň we halklaryň arasynda özara bähbitli, dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça alyp baran işleri ykrar edildi.
2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG– niň Baş Assambleýasynyň 71–nji mejlisinde her ýylyň 12-nji dekabryny «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň we beýik başlangyçlarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň ýene–de bir beýanydyr.
Häzirki wagtda Türkmenistan BMG bilen köptaraply hyzmatdaşlyk etmegi ileri tutulýan strategik ugur hökmünde kesgitläp, bu guramanyň köpsanly wezipeleriniň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Umuman, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi we hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan işler Watanymyzyň syýasy durnuklylygyny, ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen ösmegini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny, köpugurly halkara gatnaşyklaryň barha rowaç almagyny üpjün edýär.
Nurgeldi SEÝTIÝEW