Taryhy ädimleriň ähmiýeti


Taryhy ädimleriň ähmiýeti



Şu ýyl Watanymyzy ähli ugurlarda taryhy üstünliklere alyp barýan Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramyny uludan toýlar. Elbetde, taryh üçin uzak bolmadyk möhlet — 30 ýyl Watanymyzyň taryhy ösüşleriniň möhüm tapgyryna öwrüldi. Şol ýyllarda gazanylan ajaýyp üstünlikler, ýetilen taryhy sepgitler bu hakykatyň aýdyň beýanydyr.
Şeýle ösüşleriň ýazyjy şahyrlarymyzyň eserlerinde, döwürleýin metbugatymyzda, döwrüň ýaňyny özünde jemleýän kitaplarda, neşirlerde giňden şöhlelenmegi bolsa olaryň milli taryhymyzda ebedilik orun aljakdygynyň, Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygyndaky beýik ösüşlerimiziň taryhyň sahypalaryny altyn harplar bilen bezejekdiginiň güwäsidir. Şeýle gymmatly maglumatlary özünde jemleýän kitaplaryň hem neşir önümleriniň kitaphanamyzyň kitap tekjelerini bezemegi biziň zähmet çekýän ojagymyzyň gymmatyny artdyrýar. Şeýlelikde, kitaphanalaryň, döwürleýin neşirleriň bu günki ösüşlerimizi, taryhy üstünliklerimizi gelejekki nesillerimize ýetirmekdäki ähmiýetide örboýuna galýar.
Garaşsyzlyk ýyllary milli sportumyzyň, saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş ýolunda hem diýseň möhüm tapgyry emele getirdi. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilen işler bolsa ähmiýeti boýunça asyrlara barabardyr. Elbetde, sport ulgamynyň maddy enjamlaýyn binýadynyň berkidilmeginiň, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bina edilen döwrebap sport toplumlarynyň, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň we bu ýerde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, Diýarymyzda guralan dünýä çempionatlarynyň we beýleki iri halkara ýaryşlarynyň, türgenlerimiziň üstünlikleriniň Watanymyzyň sportdaky mümkinçiliklerini dünýä ýaýandygyny bellemelidiris. Arkadag Prezidentimiziň nusgalyk göreldesiniň esasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmegi, halkymyzyň saglygyny goramak ugrundaky taryhy ädimler — «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, döwrebap hassahanalaryň, anyklaýyş we bejeriş merkezleriniň, şypahanalaryň halkymyza ýokary derejede hyzmat etmegi we bu ugurdaky tagallalaryň yzygiderli utgaşdyrylmagy şu ulgamlaryň sazlaşykly ösüşiniň görkezijisidir. Şeýle taryhy ädimleriň sanynyň barmak büküp sanardan köpdügi bolsa ählimizi guwandyrýar. Ine, şeýle wakalaryň mazmunyny özünde jemleýän gymmatly çeşmeleriň biziň kitaphanamyzyň törüni bezemegi bolsa biziň işimiziň ähmiýetini açyp görkezýär.
Biz döwrümizi şeýle taryhy ösüşlere besleýän Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman, döwletli tutumlarynyň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Ogulnabat MYRADOWA