Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri — dertleriň melhemi


Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri — dertleriň melhemi



Parahatçylyk söyüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe süryän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýynyň barha ýokarlanýan häzirki döwründe milli we halkara baýramçylyklar, şanly seneler mynasybetli köpçülikleýin medeni-sport çärelerini geçirmeklik ajaýyp däbe öwrüldi. Adamyň saglygy barada gürrüň açylsa, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseri göz öňünde janlanýar.

Bu kitabyň birinji jiltinde beýan edilýan üzärlik üzärlikler maşgalasynyň adybir urugyna degişli bolup, ol ýurdumyzyň ähli sebitlerinde duş gelýär. Şeyle-de Ýakyn Gündogarda, Günorta Aziýada, Hindistanda, Päkistanda, Eýranda, Orta Aziýada we Demirgazyk Afrikada giňden ýaýrandyr.

Üzarlik öran gadymy dermanlyk ösümlik bolup, onuň köp keselleri bejerijilik hasiýeti bardyr. Üzärlik diňe bir adam saglygyny goramakda peýdaly bolmak bilen çäklenmän, ol türkmen halkynyň toýlarynda hem yrym-ynam bilen tüsseledilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopedik ylmy işi dünýäniň köp dillerine terjime edildi. Türkmenistanyň çäklerinde ösyän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerine bagyşlanan köp jiltli düýpli ylmy iş, diňe bir milli dermançylyk ulgamynyň däl, eýsem, dünyä fitoterapiýasynyň ösüşinde möhüm ädimdir.

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy iş daşary ýurtly hünärmenlerde uly gyzyklanma döredýär. Çünki onuň sahypalarynda dermanlyk ösümlikleriň bejeriş aýratynlygy, olary ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanmagyň usullary barada giňişleyin gürrüň berilýär.

Bu kitabyň dünýäniň dürli dillerinde terjime edilmegi neşiriň örän gymmatlydygynyň we meşhurlyga eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Millionlarça okyjylara niýetlenen dermanlyk ösümlikleriň we halk lukmancylygynyň özboluşly ensiklopediýasy bolan bu neşir adamzat medeniýetiniň hazynasyna, şol sanda lukmançylyk ulgamyna ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň köp asyrlyk tejribesi we ýörelgeleri bilen tanyşmaga ýardam edýär.

Kitapda her bir ösümligiň maglumatlary özboluşly suratlar bilen utgaşdyrylýar. Kitabyň sorag-jogap bölüminde olaryň dermanlyk aýratynlyklarynyň görkezijisi, dermanlyk ösümlikleriň atlarynyň rus-latyn-türkmen sözlügi, serişdeleri ýygnamagyň we saklamagyň möhletleriniň senesi ýerleşdirilipdir.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde işlap düzen, Türkmenistanda «Sagdyn mekdep» we «Sagdyn uniwersitet» yörelgelerini durmuşa geçirmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamalary hereket edýär. Maksatnamalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, olaryň sagdyn ýaşamagy, iýmitlenmegi boýunça giň gerimli işleri amala aşyrmak, şeyle hem «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen döredilendir. Bu işleriň ählisi halkyň, ýaş nesliň saglygy ugrunda edilýän aladanyň subutnamasydyr.

Täçmyrat MUHAMMETMYRADOW