Garaşsyz Türkmenistan — jenneti mekan


Garaşsyz Türkmenistan — jenneti mekan



Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, Hak nazary düşen goýny jenneti mekana öwrülen ata Watanymyzda her ýylyň 27-nji sentýabrynda Garaşsyzlyk baýramy uly buýsanç bilen dabaraly bellenilýär. Halkymyzyň baş baýramy bolan döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk toýy hem şatlyk-şowhunly, dabaraly ýagdaýda belleniler.

Mälim bolşy ýaly, 1991-nji ýylda Garaşsyzlygyny alan ýurdumyz özüniň saýlap alan we şöhratly pederlerimiziň Watany, parahatçylygy, ylalaşygy hem-de milletiň bitewüligini goramak ýaly köp asyrlyk arzuwlarynyň wysalyna öwrülen ýoly bilen bagtyýar geljege ynamly gadam urýar. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň erkinlik, özbaşdaklyk baradaky arzuwlarynyň ajaýyp dabaralanmasydyr, türkmen halkynyň bagtyýar ertirine, müňýyllyklara uzaýan ak ýoludyr. Bir söz bilen aýdylanda, Garaşsyzlyk halkymyzyň millet, özbaşdak döwlet hökmünde ykrar edilmegidir. Mukaddes Garaşsyzlyk halkymyzy mizemez erkinlige, ruhy hem-de maddy gymmatlyklara eýe edip, ýurdumyz halkara giňişliginde özbaşdak döwlet hökmünde ykrar edildi. Bu sene adamy iň ýokary gymmatlyk hasaplaýan demokratik döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýan ýurdumyzyň durmuşynda täze eýýamy açdy.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Zemin içre abraýyny Arşa göteren, türkmen halkyny bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşadýan milli Liderimiziň alyp barýan pähim-parasada ýugrulan içeri we daşary syýasaty Garaşsyzlygymyzyň datly miwelerine öwrülip, bu gün il-günümiziň, her bir raýatymyzyň bagtyýar ojagyna bagt eçilýär.
Bu bagtyýar durmuşyň hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň, mähriban halkyna bimöçber söýgüsiniň miwesidigini buýsanç bilen nygtamak gerek. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň aýdyşy ýaly, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde adamlaryň dünýägaraýşy hem özgerdi we has kämilleşdi. Ösüşiň halkara guramalary we dünýä döwletleri tarapyndan ykrar edilýän demokratik ýoluny saýlap alan Türkmenistan döwletimiziň merdana halky demokratik ýörelgeler bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýar. Halkymyz eşretli durmuşyň hözirini görüp, agzybirlikde, asudalykda erkana ýaşaýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan şöhratly işleri, beýik başlangyçlary, ýetilen sepgitleri we uly üstünlikleri bilen özüniň täze taryhyny ýazýar. Mukaddes döwlet baýdagynyň astynda halkymyz bagtyýar geljegini gurýar, zähmet çekýär, mähriban topragymyzy gülläp ösýän mekana öwürýär.
Ýurdumyzda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler ýurdumyzda giň möçberli möhüm wezipeleri çözmäge, senagatyň gaýtadan işleýän pudagyny ýokary derejede ösdürmäge, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegini höweslendirmäge ukyply we köpugurly ykdysady ulgamyň kemala gelmegi üçin oňyn şertleri döredýär. Durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler syýasaty netijesinde iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ösüşiň ýokary derejesi üpjün edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli maksatnamalary netijesinde Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň täze nusgasy döredildi. Bu nusga ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini belent sepgitlere ýetirdi.
Häzirki wagtda Garaşsyz Diýarymyz abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde dostlukly daşary gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ulag gatnawlary ulgamynda baglanyşdyryjy merkez bolan Türkmenistanda daşary ýurtlar bilen ýola goýlan söwda-ykdysady, ynsanperwer-medeni gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup, Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden, döwrebap görnüşde rowaçlanmagydyr. Munuň özi Garaşsyz Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilige esaslanýan daşary syýasatynyň bütin dünýäde ykrar edilýändigini hem-de giň goldawa eýe bolýandygyny görkezýär.
Ýurdumyzda syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-gumanitar ulgamlarda, ylymda, bilimde, lukmançylykda gazanan üstünliklerimiziň, ýeňişlerimiziň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin-de, bu gün eziz Watanymyzda ýaşaýan her bir türkmenistanlynyň joşgunly kalby Arkadag Prezidentimize bolan mähirli alkyşlara, hoşallyklara beslenendir.
Goý, halkymyzy röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri rowaç alsyn!

Hekimberdi ÖWEZOW