Bilimiň batly gadamlary
Hormatly Prezidentimiz çykyşlarynda sanly ykdysadyýete geçilýän döwürde ýurdumyzy senagatlaşdyrmak işinde ylmyň aýratyn ähmiýete eýedigini, okgunly tehnogen özgerişlikler döwründe ylmyň, jemgyýetiň hem-de senagat ösüşiniň ýokary depginini kesgitleýändigini, milli ylym we bilim ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmegi, hususan-da, ýokary hünärli ýaş işgärleri — alymlaryň täze neslini taýýarlamagy, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi berkarar döwletimiziň özgerdiji syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belleýär. Şunda bu wezipeleri üstünlikli amal etmek üçin sanly bilim ulgamyny giňden ösdürmek zerurlygyny ýüze çykarýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakynda» Karara gol çekmegi bilen, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek we ony barha kämilleşdirmek babatynda sazlaşykly we netijeli uzak maksatlary nazarlaýan özgertmeler işjeň durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde bilim ulgamynda innowasion-maglumatlar merkezini, bilim portalyny döretmek arkaly iş alyp barmak, bilim edaralarynyň arasynda özara ýeke-täk bilim toruny döretmek, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak we okatmagyň usullaryny işe ornaşdyrmak maksat edinilýär. Tapgyrlaýyn esasda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän bu konsepsiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekden, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, hilini ýokarlandyrmakdan we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Netijede bolsa giň dünýägaraýyşly, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly itergi berer.
Üstümizdäki ýylyň 31-nji ýanwarynda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezini döretmek hakynda» Karara gol çekmegi ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky taryhy waka boldy. Ýeri gelende, bu merkeziň döredilmegi Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulandyr hem-de bilimiň ähli basgançaklarynda sanly ulgamy, olaryň elektron maglumat binýadyny hem-de bilim edaralarynyň arasynda bitewi ulgamy döretmäge gönükdirilendir. Şonuň esasynda sanly bilim portaly işlenip düzülendigi hem aýratyn bellenilmelidir. Bu resminama esasynda bilim edaralarynda döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary hem ornaşdyrylar. Merkez tarapyndan ylmyň pudaklary, saglygy goraýyş, sport ulgamlary we beýleki ugurlar boýunça ýurdumyzyň programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanylmagy bagtyýar halkymyz bilen birlikde bilim işgärleri üçin hem buýsandyryjy özgertmelerdir.
Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan innowasion bilim özgertmeleri halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň ösüşini üpjün edýän köpugurly şertleriň döremegine getirdi. Döwrüň talap edýän ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň kämil ulgamy döredildi. Şunda ýokary başarnykly, öz işine ussat hünärmenleri ýetişdirmek ýurdumyzyň häzirki zaman ylym we bilim mekdebiniň esasy wezipesi bolup durýar.
Ýurdumyzyň ähli ugurlardaky ösüşi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy köp babatda milli bilimimiziň we ylmymyzyň ösüş derejesine baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň sanly bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky syýasaty Türkmenistanyň milli bähbitlerine esaslandyrylandyr we ol milli meseleleriň çözülmegini ýeňilleşdirmäge ýardam eder.
Oguljeren Gurbanowa