Asyrlaryň jümmüşindäki yzlar


Asyrlaryň jümmüşindäki yzlar



Türkmeniň baý taryhy-medeni mirasy onuň ösüşiniň täze eýýamynyň nyşany bolup durýar. Medeni miras bolsa, häzirki zamany geçen we geljek zaman bilen birleşdiriji halka bolup hyzmat edýär. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny alanyndan soň, taryhy-medeni mirasy gorap saklamak ugrunda abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly mümkinçilikler döräp, Türkmenistanyň ýadygärlikleriniň ençemesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Şolaryň içinde Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Köneürgenjiň seýrek duş gelýän binagärlik ýadygärlikleriniň hem bolmagy bizi has-da buýsandyrýar.

Köneürgenç şäherindäki Il Arslanyň, Nejmeddin Kubranyň, Soltan Alynyň, Törebeg hanymyň, Pirýar Weliniň kümmetleri, Gutlug Temiriň minarasy we beýleki ýadygärlikler gaýtalanmaýan täsin görnüşleri bilen göreni haýran edýär. Bular barada il arasynda dürli rowaýatlar aýdylýar. Bir ýurduň patyşasynyň pälwanlykda, atarmanlykda, çaparmanlykda, görk-görmekde öňüne adam geçirmeýän bir ogly bar eken. Onuň adyna Syýahat diýer ekenler.

Günlerde bir gün Syýahat atasynyň köşgüne baryp:
––Kaka, adym Syýahat bolsa-da gören ýurdum ýok. Ýigit çykdym. Rugsat berseň syýahata ugrajak-diýipdir.
Şa ýalňyz perzendini goýbermejek bolupdyr. Ogly razy bolmandyr. Ahyry oglunyň gerek-ýarak harjyny taýýar edip, Köneürgenje ýola salypdyr. Şol wagt Köneürgenç uly ýurt eken. Han ýerinde hany, beg ýerinde begi, daýhan ýerinde daýhany bar eken. Hemme zady tükel bu ýurduň bir ýetmezi bolupdyr. Her ýyl altmyş-ýetmiş adam ýurtdan gürüm-jürüm bolýan eken. Ol adamlaryň nirä ýitirim bolýanyny hiç kes bilmändir. Az bolmadyk ýoly külterläp Syýahat Köneürgenje gelipdir. Görse, owadan şäher. Ol köçeme-köçe aýlanyp çykypdyr. Emma, şeýle owadan şäherde erkana gülüp-oýnap ýören adama gözi düşmändir. Syýahat munuň sebäbini adamlardan sorapdyr. Olar:
Her ýyl şäherde altmyş-ýetmiş adam ýitirim bolýar. Sebäbini bilýän ýok-diýip, jogap beripdirler. Göwni päk, kalby arassa ýigit syýahat etmegini bes edip, ýitýän adamlaryň sebäbini bilmek üçin şol ýerde galypdyr. Her gün köçeme-köçe aýlanypdyr. Bir ýerde deşik, köne gala bolsa girip çykypdyr. «Agtaran tapar» diýlişi ýaly, bir gün Syýahat şäheriň çetinde aýlanyp ýörkä, deşikden bir aždarhanyň çykanyny görüp, bukulypdyr. Aždarha bir silkinip gyza öwrülipdir. Birazdan hem ýene bir silkinip, aždarha öwrülip deşige girip gidipdir. Şondan soň Syýahat şäheriň ähli adamlaryny aždarhanyň çykan deşiginiň agzyna ýygnapdyr. Soň hem olara:
––Meni şu deşikden aşak sallaň-diýipdir.
Syýahat deşikden aşak düşüp görse, ýeriň aşagy uly galamyş. Bir jaýyň içinde bolsa, görmegeý bir gyz oturanmyşyn. Onuň gapdalynda hem aždarha uklap ýatan eken. Gyz Syýahaty görüp, gaty gorkupdyr. Soň hem:
––Bu ýere janly-jandar gelýän däldir. At gelse toýnakdan, guş gelse ganatdan, ynsan gelse başyndan jyda düşýändir. Sen bu ýere nädip düşdüň. Aždarha oýansa, seni iýer. Oýanmanka şu ýerden garaňy saýla – diýip, özelenipdir. Pälwan ýigit çaltlyk bilen uklap ýatan aždarhany ýok edipdir. Gyz ýigidiň batyrlygyna haýran galypdyr. Ol:
Sen aždarhanyň birini öldürdiň. Beýlekisi daşarda gezip ýör. Ony hem ýokla - diýipdir.
Syýahat şol gün ýeriň aşagynda galyp, beýleki aždarhanyň gelerine garaşypdyr. Aždarha ertesi gelipdir. Syýahat onuň hem ýoguna ýanypdyr. Iki aždarha ölenden soň, gyz arkaýyn bolup, Syýahata aždarhalaryň hazynalaryny görkezipdir. Aždarhalaryň ýeriň aşagynda hazynaly kyrk jaýy bar eken. Syýahat gyzy ýeriň aşagynda goýup, öldüren aždarhalaryndan iki kemerlik tasma alyp ýokary çykypdyr. Köneürgenjiň adamlary Syýahata uly hormat goýupdyr. Ýurduň patyşasy tagtyny oňa beripdir. Syýahat ýurduň iň gowy ussalaryny çagyryp, aždarhanyň şol eýelän deşiginiň üstünde uly minara saldyranmyş. Aždarhanyň ýanyndaky gyz bolsa, hüýr-peri eken. Syýahat uly toý tutup, oňa öýlenipdir. Soň hem oňa: –– Bu şäher seniň şäheriň. Aždarhadan alan mal-mülküm hem seniňki. Şäher seniň adyňa Hüýr Genji bolsun-diýipdir.


Şondan soň, kem-kemden «Hüýr Genç», «Ürgenç» bolupdyr. Syýahat bolsa, adyl patyşa bolanmyş. Syýahat Köneürgenji atasynyň ýurduna birleşdirip, uzak ýyl bagtly ömür sürenmiş. Ata-babalarymyz ýaşan döwründe ruhy-akyl zähmetiniň esasynda birnäçe medeni gymmatlyklary, ýagny, däp-dessurlary, ahlak kadalaryny, milli egin-eşikleri, täsin gurluşly kaşaň ymaratlary döredipdirler. Biz hem bu ajaýyplyklary aýawly saklap, olar baradaky täsirli rowaýatlary geljekki nesillerimize ýetirmelidiris.
Şirin GARABAÝEWA,
Daşoguz welaýat Baş bilim müdirliginiň hünärmeni