HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASY


HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASY



Berkarar döwletde ajap döwrümiz
Halkyň Arkadagly zamanasy bu.
Arş deňinde ganat kakýar göwnümiz
Halkyň Arkadagly zamanasy bu.

Däp-dessur dowamat arkama-arka,
Geňeş kylnyp, sala salynýar halka,
Päk zähmet çekýäne sarpa bar, sarpa
Halkyň Arkadagly zamanasy bu.

Ýurdumyz owadan haly mysaly,
Serimiz belent daglarymyz ýaly,
Arkadagyň ýoly — ösüşiň ýoly
Halkyň Arkadagly zamanasy bu.

Işler rowaç alýar, ýeňiş bolýar ýar,
Ösüşe beslenýär Garaşsyz Diýar,
Abadan durmuşda il-gün bagtyýar
Halkyň Arkadagly zamanasy bu.

Ilimiz agzybir, rysgal-döwletli,
Kuwwatly berkarar türkmen döwleti,
Muny aýan edýär toýlaň döwresi
Halkyň Arkadagly zamanasy bu.

Türkmenistan — parahatlyk merkezi,
Aşgabadym — Aziýanyň merjeni,
Watana söýgimiň ýokdur hiç çeni
Halkyň Arkadagly zamanasy bu.

Ýaşaýas Watany bagtymyz saýyp,
Gülledýäs, ösdürýäs şöhratyn ýaýyp,
Bagtly durmuşymyz gör, ne ajaýyp
Halkyň Arkadagly zamanasy bu.

Tirkeş MÄMMEDOW