BEZEGLIDERÄNIŇ TÄSINLIKLERI


BEZEGLIDERÄNIŇ TÄSINLIKLERI



Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda Bezeglideräniň suratynyň ýerleşdirilmegi we gadymy atababalarymyzyň dag gowaklarynda, gaýalarda galdyran taryhy yzlarynyň tutuş adamzadyň şöhratly geçmişini öwrenmekde iňňän derwaýysdygy baradaky parasatly pikirleri güneşli Diýarymyzyň günbatarynda ýerleşýän bu täsin medeni ýadygärligiň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Bu kitapda gadymy şekilleriň, suratlaryň, nagyşlaryň, nyşanlaryň wajyplygy barada şeýle bellenilýär: «Adamzadyň taryhy, dünýä hakyndaky oýlanmalary örän irki döwürlerde daşlara, diwarlara, tansyk önümlerine, agaç gabyklaryna, gönlere, tylla tagtalara, kagyzlara, göllere, nagyşlara ýazylypdyr».
Aslynda, Balkanabadyň golaýyndaky «Damdamçeşme» we Jebel şäherçesiniň ýanyndaky «Jebel» gowaklaryndaky oturymly ýerler orta daş asyryna, ýagny mezolit eýýamyna degişli hasaplanylýar. Bu döwürde iýmit çöplemek, aw awlamak bilen güzeran aýlan gadymy ata-babalarymyz mineral duzlardan dörän dag jynslaryna suwuň aralaşmagy we beýleki tebigy hadysalar esasynda emele gelen gowaklary gonalga hökmünde ulanypdyrlar. Munuň şeýledigine gowaklarda ýüze çykarylan aw etlerini böleklemek, derini arassalamak üçin ulanylan çakmakdaş pyçaklar, däneli ösümlikleriň başlaryny ormak üçin ulanylan orak görnüşinde dişelen keserleriň ýüze çykarylmagy aýdyň güwä geçýär. Şol gaýalaryň käbirinde arheologik maddy gymmatlyklardan başga-da, gowaklaryň diwarlaryna çekilen suratlar hem duş gelýär. Şeýle suratly gowaklaryň birnäçesi Günbatar Köpetdagda, Çendir jülgesiniň golaýyndaky Bezegliderede duş gelýär.
Bezeglideräniň täsin mazmunly suratlary baradaky maglumatlar 1931-nji ýyldan başlap, ylmy dolanyşyga goşulýar. Şondan bäri ol alymlaryň üns merkezinden düşmän gelýär. Belli dilçi alym Aleksandr Posuleýewskiý ylmy maglumatlarynda deräniň daşlaryny gadymy wagtlarda gyzyl reňk bilen çekilen dürli suratlaryň bezeýändigi üçin, oňa «Bezeglidere» diýen at berlendigini ýazypdyr. Akademik Soltanşa Atanyýazow bolsa ýadygärligiň adyndaky «bezegli» sözüniň türki dillerde giňden ýaýran «keşdeli», «haşamly» ýaly sözler bilen kökdeşdigini tekrarlaýar. Şoňa görä-de, taryhy ýadygärlikleriň käbiriniň «Bezegli gala», «Haşamly gala», «Keşdeli gala» diýlip atlandyrylýandygyna häli-şindi duş gelýäris.
Bezegliderede dürli döwürlerde arheologlar, etnograflar, dilşynaslar, tebigaty öwrenijiler ylmy gözlegleri geçirdiler hem-de bu täsin gowaklar toplumy barada öz pikirlerini beýan etdiler. 2012-nji ýylda bize belli arheolog Hemra Ýusubow bilen bu täsin tebigatly künjekde deslapky ylmy gözlegleri amala aşyrmak miýesser etdi. Bezeglideräniň gaýa şekilleriniň irki döwürlere degişlidigi çaklanylýar. Gowaklaryň diwarlarynyň käbir böleginde oduň tüssesiniň öçügsi yzy saklanyp galypdyr.
Deräniň diwarlaryndaky awçylyk pursadynyň suratlary Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan ýaly goňşy döwletlerde ýüze çykarylan bürünç we ondan hem irki asyrlara degişli gaýa suratlarynda gabat gelýär. Ýöne üsti kejebeli, sandykly düýe kerweniniň, atly gerçekleriň setiriniň suratlary orta asyrlara degişli gaýa we miniatýura şekillerinde köp duş gelýär. Bu suratlar Bezeglideräniň orta asyrlarda, hatda XVIII-XIX asyrlara çenli kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşen düşelge bolandygyny tassyklaýar.
Şu ylmy pikirler Bezeglideredäki suratlaryň dürli döwürlerde çekilen bolmagynyň mümkindigi baradaky nazaryýeti öňe çykarýar. Munuň şeýledigini, suratlaryň çekilen reňkleriniň dürli öwüşginlidigi hem tassyklaýar. Surat çekilende ulanylan boýagyň, ýagny gyzyl reňkli tebigy mineral duzy bolan ohranyň nireden eltilendigi hem ylmy taýdan takyklanmaga degişli meseledir.
Görnüşi ýaly, Bezeglidere tebigy hem taryhy taýdan syrlara beslenendir. Ony öwrenmek ylmyň derwaýys meseleleriniň biridir. Bu tebigy we medeni ähmiýetli ýadygärlik geljekde halkara syýahatçylygy ösdürmekde iňňän möhüm ähmiýete eýe bolar.

Agamyrat BALTAÝEW