Gözellik bossany


Gözellik bossany



Dünýä meşhur türkmen dokmaçylygy öz inçeligi bilen asyrlarboýy tanalyp gelinýän sungatdyr. On barmagyndan dür dökülýän türkmen zenanlary gaýtalanmajak el hünäri bilen haly, palas önümlerini, iki tarapy hem gülli owadan keçeleri, nepis nagyşlary döredipdirler. Türkmen gelin-gyzyny şaý-sepsiz göz öňüne getirip bolmaýşy ýaly, türkmen öýlerini hem halysyz, palassyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ene-mamalarymyz sebit aýratynlyklary boýunça sütüksiz halylary «palas», «kilim» diýip, dürlüçe atlandyrypdyrlar. Palaslar hem edil haly ýaly guramada (stanokda) dokalýar. Ol özboluşly dokalyşy bilen tapawutlanýar. Haly dokalanda baslyk kakylýar, emma palas dokalanda baslyk kakylman, argajyna ýeterlik darak kakylýar. Palasa il içinde «nagşaşak» hem diýilýär. Çünki palasyň ýüpleri öýdelýän ýüzünde seçek ýaly bolup, nagşy aşak ýüzünde bolýar, ýagny palasyň düzüw ýüzi aşak, seçekli ýüzi ýokary edilip dokalýar. Şonuň üçin palas dokamak haly dokamakdan hem kyn hasaplanylýar.
Milli mirasymyzy toplamak, öwrenmek maksady bilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Türkmenistan geňeşliginde ýaşaýan, 80 ýaşy arka atan Täjigül daýzalara baranymyzda, ol şeýle gürrüň berdi: «Balam, türkmeniň milli mirasy gaty gymmatly zatdyr, özüm hem tä gözüm kütelişýänçä haly, palas, kilim dokap, jorapdyr ellik örüp, gaýma gaýapdym. Heniz ýaşajyk gyzjagaz wagtymyz ejem ýanynda oturdyp, el işlerini öwrederdi. Türkmen zenanlary işeňňirdir. Çagalaryny terbiýeläp, öý işlerine-de ýetişýär» diýdi-de, ylgapjyk ýören agtygyna ýüzlenip, «Bar, balam, ol otagda duran bilguşagy getir» diýdi. Getirilensoň bu gülli bilguşagyň gaýynenesinden miras galandygyny aýtdy. Üstünden ýarym asyr geçen bilguşak mizemän duran eken. Täjigül daýza biraz salymdan «Ejemiň dokan sallançak kilimi hem bardyr» diýip, ol otagda duran sallançak kilimini hem getirtdi. Onuňam üstünden esli wagt geçendigine garamazdan, täze dokalan ýaly ýalpyldap durdy. Bu sallançak kilimine «gülýaýdy», «atanak», «körbeýni» ýaly nagyşlar salnyp dokalypdyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda sallançak kilimi barada şeýle diýilýär: «Sallançak kilim täze dünýä injek çaga niýetlenip, ýörite dokalýar. Onuň ulanylyp başlanmagy hem dabaraly dessurlara beslenýär. Munuň üçin köp çagaly, abraýly, döwletli zenana täze düşegi sallançaga düşedýärler. «Gözden-dilden gorasyn» diýen yryma eýerilip, oňa ýörite işilen alaja ýüp dakylýar».
Täjigül daýza sallançak kilimini sypalap oturyşyna «Palas, kilim gaty gowy zatdyr, durmuşda giňden ulanylýar. Öýüň düşegi hökmünde gülli keçe, haly, palas düşäpdirler. Öýüň törüne ilki keçe, onuň üstünden owadan halylar, palaslar düşelipdir. Öýüň işiginiň daş ýüzünden tarpýapar tutulypdyr. Ol gamyşdan dokalyp, ýüzüne mata çekilip taýýarlanylypdyr. Eger tarpýapar kilimden edilen bolsa, oňa gapykilim diýlipdir» diýip, kilimiň durmuşda uly orun tutandygyny gürrüň berdi. Irki döwürlerde ene-atalar ýaş çatynjalar üçin öz gapdallarynda täze ak öý dikipdirler. Täze öýde gülüp-oýnap ýaşamaklaryny arzuw edip, oglanyň ene-atasy «gülleýdi-de gülüp gez» diýip, ýaş çatynjalara «gülleýdi» nagşy salnyp dokalan kilimi sowgat beripdir.
Durmuşa çykarylýan gyz atasy öýünden ugradyljak bolnanda, uly palasyň üstünde oturdylýar. Onuň ýanynda daýzalary, ýeňňeleri, beýleki ýakyn garyndaş zenanlary oturýar. Şonda ýigit tarapy gyzyň hossarlaryna guwanç bilen dürli-dümen sowgat berýär. Gyz öýden çykarylyp, ýeňňeleri bilen uly halynyň ýa-da palasyň üstünde oturdylýar. Bu däbe «gyzy palasa salmak» diýilýär. Gelnaljy gelen erkek adamlar gyzyň ýeňňeleri bilen oturan palasyny göterip, kejebä çenli alyp barýarlar. Emma «palas haky» diýlip, pul paýlanýança ýeňňeleri gyzy bermeýärler.
Gyzlar durmuşa çykan mahaly ýany bilen alyp gitjek nikadüşer halysyny özleri dokapdyrlar. Türkmenistanyň günorta we gündogar etraplarynda gyzyň sep bukjasyna çatylan kilim düşege «gülýaýdy» ýa-da «pürzaýy» diýlip atlandyrylan nagyş salnyp dokalypdyr. Ynanja görä, halallygyň, wepalylygyň, nesil dowamatynyň nyşany saýylan bu täsin nagyş ýaş maşgala döwletlilik, abadançylyk, bagtyýarlyk getiripdir.
Irki döwürlerde täze gelin kilim dokamaly bolupdyr. Eli onçakly çeper bolmadyk gelniň «halyýaran», «bossany» ýaly nagyşlary salyp dokap bilmänsoň:

— «Halyýarany» halamadym,
«Bossanyny» begenmedim,
Içeri girdim, daşary çykdym,
«Gülleýdini» sapaýdym —

diýip, ýönekeýräk «gülleýdi» nagşyny salyp, kilim dokaýşy bilen bagly bendi hem aýdýarlar.
Umuman aýdanymyzda, haly, palas türkmenleriň her bir nesliniň dünýä inmegi bilen, onuň durmuşynda hemişelik esbaby ýa-da goşy hökmünde ulanylýar.

Akjagül NURGELDIÝEWA