Milli gymmatlyklaryň mekany
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halky bagtly eýýamyň gujagynda bagtyýar ýaşaýar. Bu döwür ýurdumyzyň ösüşdir özgerişleri bilen dünýä ýüzünde iň bir şöhratlanan döwrüdir. Şeýle bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda adamzat taryhynda gadymy siwilizasiýanyň merkezi hökmünde tanalýan Türkmenistan Watanymyzyň çäklerinde ýerleşýän umumadamzat ähmiýetli medeni gymmatlyklarymyzy, mähriban halkymyzyň ruhy mirasyny toplamak, ýitip gitmeginiň öňüni almak, olary ylmy esasda öwrenmek we geljekki nesillere aýawly ýagdaýda ýetirmek, baý hem-de köpgörnüşli mirasymyzy dikeltmek we kämilleşdirmek meselesine aýratyn uly üns berilýär.
Müňýyllyklaryň içinden baý tejribe toplap gelen halkymyzyň dünýä nusgalyk mirasy, milli gymmatlyklary, edim-gylymy we ajaýyp däp-dessury bar. Bu gymmatlyklar ösdürilip, kämilleşdirilip biziň günlerimize ýetirilipdir.
Ösüşleriň bagtyýarlyk ýoly bilen öňe barýan häzirki döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyny düzýän milli mirasymyzy, dür dänesi deýin gymmatlyklarymyzy halkyň arasyndan ýygnamak, olary ylmy esasda öwrenmek boýunça tutumly işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklary, ruhy-medeni mirasy, ol gymmatlyklaryň geljekki nesillerimize geçirilmeli mirasdygy barada: «Türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary milletimiziň joşgunly kalbynyň altyn hazynasydyr. Bu gymmatlyklar dünýäniň syýasy, medeni-ruhy we ykdysady ösüşine ummasyz goşant goşan mähriban halkymyzyň mirasydyr.
Biziň milli mirasymyz halkymyzyň aň we paýhas, akyl we düşünje, pähim-parasat terezisidir. Medeniýet milletiň mertebesidir, halkyň kalbydyr. Türkmen medeniýeti dünýäniň taryhynda müdimi orun alan maddy hem-de ruhy gymmatlyklaryň bir bitewi ulgamydyr» diýip belläp geçýär.
Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň taryhy tejribesi esasynda kemala gelen mirasynyň gadymy we gaýtalanmajak nusgalaryny halk arasyndan toplamak, olary ylmy esasda öwrenmek hem-de olaryň gymmatyny halka ýetirmek, dünýä ýaýmak baradaky taýsyz tagallalary gadymy mirasly halkymyzyň milli gymmatlyklaryny öwrenmekde biziň öňümizde täze ýollary açýar.
Alym Arkadagymyz şu ýylyň 17-nji ýanwarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň çäginde eziz Arkadagymyzyň halkymyzyň baý taryhyny we özboluşly medeniýetini, milli-ruhy gymmatlyklaryny öwrenmegiň zerurdygy, halkyň gymmatly hazynasy hasaplanylýan milli mirasymyzy öwrenip, halkdan toplanan maglumatlary çap etmäge taýýarlamak barada beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, alymlardan, medeniýet-sungat we bilim işgärlerinden ybarat bolan iş toparlary döredildi. Şeýlelikde, medeni mirasymyzy öwreniji, ruhy gymmatlyklarymyz baradaky gymmatly maglumatlary toplaýjy toparlar ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda, etraplarynda, çetki obalarynda bolup, halkymyzyň baý medeni mirasyna, diline, taryhyna, halk tejribesine, milli hünärmentçiligine, halk çeperçilik sungatyna, asylly däp-dessuryna, halk döredijiligine degişli maglumatlary toplamaga girişdi.
Merdana pederlerimiziň, nurana kalply enelerimiziň asyrlarboýy döreden we halkyň aňynda saklanyp galan milli gymmatlyklary baý mirasymyzyň nusgalarydyr. Olarda halkymyzyň durmuşy, milli aýratynlygy giňden şöhlelenýär. Ol gymmatlyklar türkmeniň aň-paýhasynyň, ukyp-başarnygynyň miwesidir. Halk hazynasy tükeniksiz we bahasyz gymmatlyk. Şol gymmatlyklar baradaky maglumatlary toplamak, öwrenmek we halka ýaýmak döwrümiziňem, ömrümiziňem manysy. Medeni-ruhy we taryhy ähmiýetli gymmatlyklarymyz baradaky maglumatlary toplamak üçin döredilen döredijilik topary welaýatlara, etraplara, iň çetki obalara aýlandy.
Iş topary Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap Mary topragynda bolup, ylmy iş saparynyň dowamynda köp sanly rowaýatlar, nakyllar, atalar sözi, toý we durmuşy däp-dessurlar, edim-gylymlar, yrymlar, halk tebipçiligi, awçylyk, seýisçilik, milli aýdym-saz sungaty, küştdepdi gazallary, läle, hüwdi, monjugatdy, öleň, toý aýdymlary ýaly görnüşleri barada gymmatly maglumatlar ýygnaldy. Ylmy iş saparynda halkymyzyň hünärmentçiligi, senetçiligi bilen bagly, demir, agaç ussaçylygyna, zergärçilige şeýle hem pälwançylyga, halkymyzyň dil baýlygyna, şiwe sözlerine, olaryň aýratynlyklaryna degişli maglumatlar hem toplanyldy.
Döredijilik saparynyň dowamynda halk mirasynyň dürdäneleri barada gymmatly maglumatlary köp bilýän dilewar, ýatkeş ene-mamalarymyz, pähimli atalarymyz, ak saçly babalarymyz halk mirasynyň egsilmez çeşmeleri barada guwançly gürrüň berdiler. Olar bilen gürrüňdeş bolmak türkmeniň şanly geçmişine, heňňamlaryň jümmüşine gaýybana syýahat eden ýaly duýgyny döredýär. Biz köpi gören, köp bilýän suhangöý adamlar bilen gürrüňdeş bolanymyzda, türkmen halkynyň mirasynyň baýdygyna ýene-de bir gezek göz ýetirdik. Döredijilik toparlarynyň biri gadymy Balkan welaýatynyň Bereket, Serdar we Magtymguly etraplarynda bolup, bu ýerleriň baý edebi mirasyna, halk döredijiligine, taryhy ýadygärliklerine degişli gymmatly maglumatlary topladylar. Bu ylmy-medeni iş saparynyň dowamynda köp sanly rowaýatlar, nakyllar, atalar sözleri, toý we durmuşy däp-dessurlar, edim-gylymlar, yrymlar, halk tebipçiligi, awçylyk, seýisçilik, zergärçilik sungaty, milli aýdym-saz sungaty, halk döredijiliginiň küştdepdi gazallary, läle, hüwdi, monjugatdy, hymmyl ýaly görnüşleri barada gymmatly maglumatlar ýygnaldy.
Balkan welaýaty küştdepdi gazallarynyň joşgunly we ýörgünli ýerine ýetirilýän ýeri hasaplanylýar. Olarda bagtyýarlyk döwrümiz, gül açýan ömrümiz, eziz Arkadagymyzyň parasady siňen ösüşdir özgerişler, röwşen geljege bolan ynam giňden şöhlelenýär:
Berkarar döwletimde
Ýaňlansyn aýdym-sazym.
Bagtyýarlyk şanyna,
Saýrar bilbil owazym.
Aýdymlar joşa-joşa,
Toýlarmyz goşa-goşa,
Eziz Arkadagymyz,
Uzakdan-uzak ýaşa.
Garaşsyzlyk bagtymdyr,
Bitaraplyk tagtymdyr.
Güller açýan Watanym,
Güýjüm hem kuwwatymdyr.
Bal Balkanyň balygy,
Hem tagamly, süýjüdir.
Bizi bagta ýetiren,
Arkadagyň güýjüdir.
Döredijilik iş saparynyň dowamynda halkyň mirasy, edim-gylymy, däp-dessury we milli gymmatlyklary bilen ýakyndan gyzyklanýan ýaşlaryň hem bolmagy bizde ýatdan çykmajak täsir döretdi. Munuň özi bu günki gün kökleri gadymyýetden gaýdýan medeni mirasymyzyň has düýpli öwrenilýändigini, has giňden wagyz edilýändigini bu işe ýaş nesillerimiziň hem mynasyp goşant goşýandygyny subut edýär.
Halkymyzyň barha kämilleşip gelen ahlak ýörelgelerini we edep kadalaryny, däp-dessurlaryny, uýan ynançlaryny, baý dünýägaraýyşlaryny, gözellige düşünişlerini özüne siňdiren mirasymyz geçmişde-de, şu günki günde-de uly terbiýeçilik ähmiýetine eýedir. Ol ajaýyp eserlerde ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň baý tejribeleri öz beýanyny tapypdyr. Olar türkmeniň paýhas eleginden geçen, sünnälenen hem-de halkyň pähimdir parasadyny özünde jemleýän gymmatlyklardyr.
Şeýle gymmatlyklar baradaky maglumatlary halk arasyndan toplamakda bize ýakyndan ýardam eden adamlary aýratyn belläsimiz gelýär. Biziň toparymyz Serdar etrabyna aýlananda, etrabyň Parow geňeşliginiň Janahyr bekediniň ýaşaýjysy Ogulgurban Ataýewa bilen duşuşdy. Ol medeniýet işgäri bolup köp ýyllar zähmet çeken we milli gymmatlyklarymyza sarpa goýýan zenan. Biz onuň bilen duşuşanymyzda maşgalalarynda segsen ýyldan bäri aýawly saklanyp gelinýän senetçiligiň gadymy nusgalaryna degişli bolan çanak hem-de çemçe salynýan torbasyny we agaç çanagy hem-de agaç çemçäni muzeýe tabşyrmak üçin sowgat berdi. Torba Ogulgurban ejäniň aýal dogany çeper elli halyçy Gülbibi tarapyndan 1958-nji ýylda dokalypdyr. Biz oňa bu gymmatlyklaryň muzeýiň ylmy hünärmenleri tarapyndan öwreniljekdigini we onuň ähmiýetiniň halka ýetiriljekdigini aýdyp, onuň bilen hoşlaşdyk. Halkyň mirasy, olaryň aýawly saklanylmagy dogrusynda alada bilen gurşalan şular ýaly ýaşuly nesillerimizi görenimizde gözümiz dokunýar. Şeýle pursatlarda dünýä nusgalyk mirasymyzy, nusgalyk halkyň döredendigine we gözüniň görejine deňäp saklandygyna buýsanýarsyň, guwanýarsyň.
Bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň medeni mirasyny öwrenmekdäki we gorap saklamakdaky gazanylýan üstünlikler mähriban Prezidentimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän beýik işleriniň ajaýyp miwesidir. Bu günki gün milli Liderimiziň halkymyzyň dünýä medeniýetiniň göwher täjine öwrülen mirasyny öwrenmekde, wagyz etmekde we äleme ýaýmakda alyp barýan beýik maksatly işleriniň gadyr-gymmaty bimöçberdir.
Gadymy hem-de baý milli mirasymyzy ählitaraplaýyn öwrenmäge, olaryň ähmiýetini dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman hem Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!
Ogultäç HOJANAZAROWA