Nowruz — tebigatyň hem-de köňülleriň baýramy


Nowruz — tebigatyň hem-de köňülleriň baýramy



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe baý medeni mirasly halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, baýramçylyklary we toý dabaralary täze many-mazmuna eýe boldy.

Ruhy-medeni gymmatlyklarymyz asyrlaryň dowamynda halkymyzyň kalbynda hasyl bolan arzuwlaryň özboluşly beýanyna öwrüldi. Häzirki wagtda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ruhy-edebi we taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Nowruzyň taryhyny ekerançylygyň irki ojaklary bilen baglanyşdyryp öwrenmek maksadalaýyk bo-lar. Eger-de Nowruzy, ilkinji nobatda, tebigatyň täzelenişi, ekerançylyk işleriniň başlanyşy bilen baglanyşdyrýan bolsak, onda bu baýramyň gözbaşyny hut şu bereketli toprakdan gözlemelidiris. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Halkara Nowruz güni Türkmenistanyň ähli künjeklerin-de giňden bellenilip geçilýän milli baýramlaryň biridir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ýurdumyzda alnyp barylýan köpugurly medeni syýasat milli mirasymyzy, şol sanda, Halkara Nowruz gününiň gyzykly däplerini ylmy taýdan çuňňur öwrenmäge, döwrebap öwüşginler bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir. Halkara Nowruz gününiň däpleri halkymyzyň taryhyny, edebi mirasyny, ruhy-gözellik dünýäsini öwrenmekde gymmatly hazynadyr. Türkmenistanyň dürli künjeklerinden Nowruz baýramy bilen bagly milli däp-dessurlaryň dürli görnüşleri toplanyp, ylmy seljermeler geçirildi. Şeýle hem dünýäniň dürli döwletleriniň kitaphanalarynda saklanylýan gadymy golýazmalar öwrenilip, halk köpçüligine ýetirildi.

Taryhyň dürli döwürlerinde bu baýramyň däpleri alysdaky we golaýdaky halklar bilen medeni gatnaşyklaryň berkemegine hyzmat edipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan kerwenler halkymyzyň Nowruz baýramy bilen bagly däplerini dünýäniň çar künjegine ýaýradypdyrlar.

Nowruz baýramynyň gadymy däplerini geljek nesiller üçin gorap sakla-mak umumadamzat bähbitli ynsanperwer wezipedir. Nowruz baýramy ençeme halklarda, şol sanda türkmenlerde hem Gün senenamasy boýunça ýaz paslynda gije-gündiziň deňleşýän wagtynda — mart aýynyň 21- inde bellenilipdir. Nowruzy günorta we gündogar Türkmenistanyň oturymly we ekerançylyk bilen meşgullanan ilaty has şowhunly belläpdir. Belli alym N.Krameriň «Taryh Şumerde başlaýar» atly kitabynda türkmenleriň gadymy kowumdaşlary hasaplanylýan şumerleriň ruhy medeniýetinde bu baýramyň dabaraly bellenilýändigi ýazylypdyr.

Gadymy «Gilgameş» şumer dessanynda Nowruz «Täze ýyl», «Täze gün», «Baharyň ilkinji güni», «Bahar baýramy» mazmunda beýan edilipdir. Baýramçylygyň «Nowruz» ady diňe orta asyrlarda ýaşan alymlaryň we şahyrlaryň işlerinde duşýar. VII asyrda Gündogarda Nowruz baýramynyň däpleri yslam dininiň dessurlary bilen utgaşdyrylypdyr. Nowruz baýramynyň Horezm patyşalarynyň köşgünde bellenilişi barada Abu Reýhan Birunynyň «Geçen nesilleriň ýadygärlikleri» atly işinde giňişleýin maglumat berilýär. Birunynyň işinde Nowruzyň gije-gündiziň ýazky deňleşýän gününde bellenendigi ýazylypdyr. Şeýle-de alym Horasanyň hökümdarlarynyň Nowruz gününde nökerlerine ýaz geýimini geýdirendigi, Nowruz günleri Horezm patyşalarynyň köşgünde dürli naharlaryň, şeýle hem semeniniň bişirilip, myhmanlary kabul edendigi barada ýazypdyr.

Günorta Türkmenistanyň köp etraplarynda Nowruz günlerini «Ýylyň sylagy» diýip atlandyryp, dabaraly belläpdirler. Obanyň gurply adamlary etli ýarma bişiripdir, toý saçagynyň başyna ähli obadaşlaryny çagyrypdyrlar. Bu nahar halk arasynda «Nowruz ýarmasy» ady bilen meşhur bolupdyr. Adamlar biri-birlerini ýazyň çykmagy bilen gutlapdyrlar, ýylyň gowy — rysgal-bereketli bolmagyny arzuw edipdirler. Nahardan soň «Ýagmyr ýagsyn, bol hasyl bolsun!» diýip, Beýik Biribardan dileg edipdirler. Gadymdan gelýän Nowruz däplerine görä, Türkmenistanyň ähli künjeklerinde baýramçylykdan öňinçä adamlar öz howlularyny, ýaşaýyş jaýlaryny arassalapdyrlar, geýimlerini ýuwupdyrlar, suwa düşüpdirler. Şeýle hem birek-biregi gutlap, öýke-kineleri unudypdyrlar. Bu gadymy däpler häzirki wagtda hem dowam etdirilýär.

Türkmen nusgawy şahyrlary öz eserlerinde bahar paslyny, Nowruzy taryplapdyrlar. Magtymgulynyň, Andalybyň, Seýdiniň, Zeliliniň, Mollanepesiň we başgalaryň eserlerinde türkmen tebigatynyň ajaýyplygy, hususan-da, Nowruzyň waspy çeper beýan edilýär. Magtymguly Pyragynyň «Duman peýda» diýlip atlandyrylan şygrynda şeýle setirler bar:

Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,
Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda,
Bijanlar jana gelip, açarlar dahan peýda,
Gögermedik giýalar, gögerip rowan peýda,
Ederler haýwanatga hem sud-u zyýan peýda,
Ýer ýüzüne ýaýylyp, ýörirler nahan peýda,
Wabeste dahan guşlar kylarlar zyban peýda.

Halkymyzda Nowruz saçagyny dürli we tagamly nygmatlar, köpdürli naharlar bilen bezemek dessury gadymdan bäri dowam edýär. Nowruz saçagyna goýulýan naz-nygmatlaryň syrly güýje eýedigine ynanylypdyr. Şolaryň biri-de Nowruz semenisidir. Mundan başga-da türkmenler Nowruz saçagynda palaw, süýtli aş, dänik, bulamak, noýbaly unaş, mäşewe, Nowruz ýarmasy, Nowruz köjesi ýaly tagamlary goýýarlar.
Nowruz baýramy halkara derejesinde ykrar edildi.

Welidat HUDAÝNAZAROW