Ýekegowagyň taryhy


Ýekegowagyň taryhy



Biziň Watanymyz – Türkmenistan tebigy, medeni we taryhy ýadygärliklere örän baý ýurtdyr. Täsin ýadygärlikleriň biri Türkmenistanyň günorta serhetinde, ýurdumyzyň gözel ýerleriniň biri bolan Tagtabazar etrabynda ýerleşýär. Bu emeli gowaklar Murgap derýasynyň sag kenarynda, ýumsak gumdaşly ýerde adamlar tarapyndan gazylyp ýasalypdyr. Gowaklaryň iň ulusy Tagtabazar şäherçesiniň ýanynda ýerleşýän Ýekegowak (Ýekedeşik) ady bilen bellidir.
Ýekegowaga baraýmak aňsat däl, çünki daşyndan seredeniňde çala saýgarylýan ýeke-täk girelge üçin goýlan darajyk agzy derýa derejesinden 150 metre golaý beýiklikde ýerleşýär. Oňa barýan ýol hem Garabil belentliginiň eňňidinden dik ýokarlygyna gidýär.
Aslynda, Ýekegowak gowak däl-de, katakomba (ýerzemin) diýseň hem ýalňyş bolmaz. Taryhdan belli bolşy ýaly, Rim imperiýasynda yzarlanmaga sezewar bolan ilkinji hristianlar (haçparazlar) üçin gaçybatalga, ybadathana we gonamçylyk hökmünde hyzmat eden giň ýerzeminleriň ulgamyna katakomba diýlip atlandyrylypdyr. Şondan bäri çylşyrymly gurluşly ýerzeminleriň ählisine katakombalar diýilýär. Olar Ýewropada, Aziýada, şol sanda Türkmenistanda hem gabat gelýär.
Garabil belentliginiň bu emeli gowaklaryny gören ilkinji ýewropaly adam Beýik Britaniýanyň goşun kapitany F.de Laesso bolupdyr. Ol 1885-nji ýylda Londondaky Korol Geografik jemgyýetinde bu gowaklar barada çykyş edipdir. Ondan soňra bu gowaklary rus harby inženeri we ilçisi P.M.Lessar, yzy bilen bolsa dag-magdan inženeri A.M.Konşin öwrenipdirler. Bu ýerde ady belli geolog we syýahatçy, akademik W.A.Obruçew hem bolupdyr. Ol özüniň 1890-njy ýylda çap edilen «Zakaspiý oýlugy» kitabynda Garabil belentligine we bu ýerdäki emeli gowaklara ylmy taýdan ilkinji teswirlemäni ýazýar. ХХ asyrda bu ýere ençeme alym-geologlar, geograflar we arheologlar baryp görüpdirler. 1955-nji ýylda akademik G.A.Pugaçenkowa bu gowak toplumlaryny öwrenip, jikme-jik beýanyny ýazýar we desganyň X-XI asyrlara degişlidigi barada netijä gelýär. Emma, olaryň içinde ýüze çykarylan tapyndylar esasynda gelinen bu netije şübhe döredýär, sebäbi tapylan tapyndylaryň soňky asyrlarda dowam eden ýaşaýşyň şaýady bolmagy ähtimaldyr.
Ýekegowak iki gatdan ybarat bolup, gitdigiçe birneme beýgelýän, içine tarap 37 metre çenli uzaýan, göni gümmez görnüşli desgadyr. Onuň iki tarapyndan, biri-birine garşy, gönüburçly otaglar ýerleşendir. Otaglaryň her birinde ondan has kiçiräk otaga çykýan gapy deşikler bar. Bu otaglaryň otuz bäşisine baryp bolýar, galan birnäçesi bolsa opurylypdyr. Gowagyň käbir ýerlerinde içi tegelek çukurly tamjagazlar gurlupdyr. Bular gömülen guýular ýa-da azyk önümlerini saklamak üçin ýerler bolmagy ähtimaldyr. Birnäçe otaglarda ikinji gata çykmak üçin kertli basgançaklar çapylyp ýasalypdyr.
Däliziň düýbünde gadymy altary (hudaý ýoluna sadaka, gurbanlyk edilýän ýer) ýatladýan süýnmek şekilli tagça bar. Gowaga gün şöhlesiniň düşmeýänligi sebäpli diwarlarda çyradanlary ýerleşdirmek üçin öýjükler ýasalypdyr. Gowagyň içindäki otaglaryň biri, daşyndan göräýmäge sada bolsa-da beýlekilerden has tapawutlanýar. Onuň girelgesiniň we içiniň aýratyn yhlas siňdirilip bejerilendigi mese-mälim görünýär. Megerem, bu otagda ýerli hökümdar ýa-da taýpanyň baştutany ýaşan bolmagy mümkin.
Ýekegowagyň içiniň howasyny täzelemek meselesi şol döwürde nähili çözülendigi häzire çenli belli bolmasa-da, onuň otaglarynyň içi tomusda salkyn, gyşda bolsa, ýakylan oduň ýylysyny gowy saklaýar.
Gowagyň girelgesiniň önündäki darajyk meýdançadan seredeniňde daş-töweregiň gözelligini, açyk howada bolsa birnäçe kilometr uzaklary synlap bolýar. Bu bolsa, şol döwürde ýaşaýjylar üçin iň bir möhüm zat bolup durýar. Gelýän howpy golaýlaşmazyndan öňüräk saýgarmaga we oňa garşy çäre görüp ýa-da gowakda gizlenip ýetişmäge mümkinçilik döreýär. Gowagyň girelgesi uçut gaýada ýerleşenligi üçin oňa barmak aňsat bolmandyr. Diňe aşakdan dik merdiwanlara bilen ýa-da ýokardan ýüpden sallanyp baryp bolupdyr. Bu kynçylyklaryň ýeke-täk maksady – gowagyň ýaşaýjylarynyň howpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Ýaşaýyş jaýyň beýle çylşyrymly görnüşini kim, haçan we näme üçin gurandygy anyk belli bolmasa-da, alymlar birnäçe çaklamalary orta atýarlar. Meselem, Orta Aziýada şeýle görnüşli emeli gowaklar buddistleriň ýa-da hristianlaryň buthanalary hoküminde gulluk edipdir. Şeýle ýadygärlikler Owganystanyň, Günorta Özbegistanyň, Günbatar Hytaýyň we Täjigistanyň çäklerinde ýüze çykaryldy. Ýekegowagyň otaglarynyň göni burçlary we gurluş tertipliligi ony tejribeli ussalaryň gurandygyna şaýatlyk edýär, şeýle-de gadymyýetde bu ýer adaty gizlin ýer bolman, umumy ýaşaýyş jaýly buthana toplumy bolan bolmagy ähtimaldyr. Bu çaklamany gowagyň düýbündäki gadymy doga okamak üçin niýetlenen altar hem tassyklaýar. Bu pikir dogry bolsa, onda Ýekegowagy II – IV asyrlara, hatda ondanam irki döwürlere degişli bolup biljegine esas döredýär.
Häzirki döwürde bu ajaýyp ýadygärlik «Gadymy Merw» medeni-taryhy goraghanasyna degişli bolup, syýahatçylar üçin açykdyr. Gowagyň agzyna barylýan ýere çenli garaýol gurulandyr we içini ýagtylandyrmak üçin elektrik çyralary çekilendir. Tejribeli hünärmenler bolsa, bu täsin ýerler barada gelýänlere gyzykly gürrüňler berýärler. Gözel ülkämiziň kerem-keramatly topragynyň haýran galdyryjy ýadygärligi bolan Ýekegowagy synlan her bir adam goja taryhyň alyslara uzap gidýän menzilleriniň içinde ägirt işleri bitiren, halallykda we agzybirlikde ýaşan, mertebeli, edermen, gahryman milletimiziň bu mübärek topragyň hakyky eýesi bolandygyna ýene-de bir gezek göz ýetirip, özleri bilen ýatdan çykmajak täsirleri alyp gidýärler.

Ýazgül TIRKIŞOWA