Syrly Gowaklar


Syrly Gowaklar



Lebap welaýatynyň Köýten etrabyndaky täsin tebigy ýadygärlikleriň biri hem Köýten dagdaky köp sanly gowaklardyr. Olaryň ýaşynyň müňlerçe ýyllara barabardygyndan çen tutsaň, bu ýerde adamalaryň gadymy döwürlerde hem ýaşandygyna göz ýetirip bolýar. Halk arasynda esasan, Garlyk, Haşymoýuk hem-de Hazynalar gowagy has köp agzalýar. Gowaklaryň içindäki ýokardan sallanyp duran daş bezeglerine «stalaktit», aşakdan ýokarlygyna ösýän daş bezeglerine «stalagmit» diýilýär. Gowagyň içi bilen gidiberseň, öňüňden gymmat bahaly daşlaryň uly bölekleri çykýar. Olardan has köp duş gelýäni mermer «oniksi» şaý-sep bezeginde ulanylýar.

Köýtendagyň ululugy dürli-dürli gowaklary ululyklaryndan «Kyrkgyz» hem-de belent tekizligindäki dinozawrlaryň aýak yzlary ýurdumyzdaky tebigy ýadygärlikler hasaplanylýar we olar Garlyk goraghanasynyň çäklerinde döwlet tarapyndan goralyp saklanylýar. Halk arasynda Garlyk gowagy hakynda şeýle rowaýat bar: öz owadanlygy bilen görenleri haýran eden gowaklaryň tarypy dilden dile geçip, asmandaky Zöhre ýyldyzyna ýetipdir. Özüni hemmeden gözel saýýan Zöhre ýyldyzy muňa geň galypdyr. Ol: «Özümden owadan zat nähilikä?» diýip oýlanypdyr-da, Ýere inipdir. Görse, dürli daşly, aýna ýalpyldyly stalaktitleriň lowurdysy gözüňi gamaşdyryp barýarmyş. Adam eli bilen şeýle gözelligi döredip bolmajakdygyna göz ýetiren Zöhre tebigatyň jadysyny boýun almaly bolupdyr we bu ajaýyp görnüşden teşneligini gandyryp, ýene Asmana göterilipdir.

Garlyk gowagy ýura döwrüniň oksford gatlagynyň hek daşlar gatlagynda ýerleşýär. Gowak birnäçe zaldan we geçelgelerden ybarat. Zallaryň beýikligi 0,5 metrden 40 metre çenli, ini bolsa 40-50 metre barabardyr. Gowagyň depesinden sallanyp duran şelpe şekilli stalaktitleriň älemgoşaryň ähli reňkde öwşün atyp duran görnüşine bakmakdan gözüň doýmaýar. Alymlar stalaktitleriň düzümi mermer oniksinden ybaratdygyny barlaglar netijesinde anyklapdyrlar.

Köýtendagdaky syrly gowaklaryň ýene biri Merhumlaryň gowagy şu ýerdäki çopanlara gyşda sowukdan, tomusda yssydan gaçybatalga bolup hyzmat edýär. Gowagyň geňligi: onuň içinde iki sany dik aşaklygyna gidýän guýa meňzeş çukur bolup, olaryň biri gowagyň girelgesine ýakynrak, beýlekisi bolsa has içiräkde ýerleşendir. Guýularyň hersi aýry-aýry ýerleşen bolsalar-da, aşakda olaryň düýbi birleşip, 600 inedördül metr meýdany tutýar. Olaryň birinjisine hiç bir kynçylyksyz baryp bolýar. Emma onuň içine girip, soňra bolsa çykaýmak aňsat däldir. Sebäbi çukuryň çuňlugy 10-12 metr bolup, onuň içine tötänlikde gaçan haýwan yzyna çykyp bilmeýär. Ýerli ilat «bu gowagyň düýbünde dag goçlarynyň şahlary, atyň kelle süňkleri, dag gaplaňynyň süňkleri, gurap galan ýylanlar we ownuk gemrijileriň galyndylary bar»-diýip, gürrüň berýär. Şeýle hem, öň çukury düýbünden gözleg işleri geçirilende, adam süňkleriniň ýüzlerçe yzlary bilen birlikde, horjun, eýer, keçe, bilguşak, agaç tabak ýaly ulanylan goşdur gap-gaçlaryň galyndylary tapylypdyr. Gowagy öwreniji alymlaryň bu täsin ýeri: «Tebigy gapan» diýip atlandyrmagy, megerem, şonuň üçin bolsa gerek. Halk arasynda «Hazynalar gowagy» diýlip atlandyrylýan Haşymoýuk gowagy kiçeňräk bolup, onuň uzynlygy takmynan 6 kilometre golaýdyr. Onuň girelgesi tozanly bolsa-da, aňryk gitdigiňçe gowagyň içi juda arassa, ujypsyz karbonat syryntgyly, ýöne stalagmitler görnüşindäki, diametri 1 metrden 6 metre ýetýän arassa, ak gipsleriň sany örän köpdir. Gowagyň diwaryndaky bellikdir ýazgylaryň köplügi ugry dogry almagy ýeňilleşdirýär. Gowagyň arassa, dury suwy bar.

Köýtendagyň iň gözel ýerleriniň ýene biri-de «Kyrkgyz» gowagydyr. Ol Kyrkgyz deresinde ýerleşýär. Deräniň giňligi 20-25 mert töweregi, gowagyň gümmeziniň belentligi bolsa 80 metrden gowrakdyr. Gowagyň depesinden ýabany üzümiň gollary aşak sallanyşyp, bu ýere özboluşly tebigy gözellik berýär. Bu ýerde sil suwlarynyň üýşüren ululy-kiçili daşlary jyglym bolup ýatyr. Gowak gaýanyň demirgazygynda ýerleşensoň, oňa gün düşmeýär. Şol sebäpli onuň içi salkyn hem-de garaňky. Ýöne gowagyň içine girip, birsalym dursaň, gözüň öwrenişip, töweregi saýgarar derejede ýagtylýar. Gowagyň düýbi nagyşly daşlar bilen düşelip, tebigatyň bu jadysyna aklyň haýran bolýar. Daşyndan synlanyňda, ýokardan syzyp damýan suw damjalary bu daşlary keşdelän ýaly bolup görünýär. Gowaga giren ýeriňde çep tarapda özboluşly, uly bolmadyk daş gowa bar. Bu ýalpak gowakda buz ýaly sowuk suw ýygnanýar. Oba ilaty bu suwdan içmek üçin häzirki wagtda hem peýdalanýarlar. Gowak boşadygy, ýokardan suw syzyp, ýene oňa damyp başlaýar. Ýöne, gowagyň täsinlikleri munuň bilen çäklenmeýär, onuň içindäki köp dürli şekilleriň käbiri adamyň göwresini, birnäçesi düňderilip goýlan ikara-çanaklary, sykylyp, towlanyp goýlan egin-eşikleri, gazandyr kersenleri ýada salýar. Gowagyň töründe bolsa, edil ýüz litrlik gazana çalym edýän uly tegelek oýtum bar. Oňa gowagyň düýbünden çykýan çeşmejikden buz ýaly suw üznüksiz gelip dur.

Kyrkgyz gowagynyň içinde birnäçe aýry-aýry ululy-kiçili gowaklaryň bolmagam örän geňdir. Ýerli ilat olaryň hersine özboluşly at beripdir. Kyrkgyz deräniň özem özboluşly owadanlygy bilen jahankeşdeleri özüne maýyl edýär. Deräniň salkyn, hoştap, jana tenekar howasy adam saglygyna örän ýakymly täsir edýär. Deräniň içinde, belent ýerlerinde, tekizliklerinde dagdan, arça, kerkaw, ýabany badam, tikenli badam gülleýär. Şeýle hem, bu ýerde itburun, çyryş, çomuç, yşgyn, keýigoty ýaly dermanlyk ösümlikleriň onlarça görnüşi gögerýär.

Gözellik mekany Köýtendagyň tebigy täsinlikleriniň ýene biri-de Kap-Kutan gowagydyr. Ol Köýtendagdaky iň uzyn gowak hasaplansa-da, ondan baş alyp çykmak şeýlebir kynam däl. Sebäbi onuň aýlawly ýollary az. Esasy geçelgelerinden köp ýörelensoň ýodalar ýola öwrülipdir. Gowagyň esasy aýratynlygy, ol ýerde agyz suwunyň bolmagydyr we onuň içiniň ýagtylygydyr. Oňa giren adam azaşman yzyny tapýar. Öňler ýerli ilat Kap-Kutan gowagyny agyl hökmünde-de peýdalanylypdyr. Ýagny, howa aýazly, ýagyş-ýagmyrly ýa-da tomus juda yssy gelende çopanlar ownuk mallary şu ýere sürüpdirler. Gowagyň ady hem şol ýagdaýa ýanalyp dakylan, sebäbi ýerli şiwe dilinde «kap» – gap, ýapyk diýen manylary, «kutan» bolsa – agyl manysyny berýär. Şunlukda, Kap-Kutan – ýapyk agyl diýmegi aňladýar.

Aralyk gowagy Kap-Kutandan iki esse gysga bolsa-da, ondan baş çykarmak has çylşyrymlydyr. Aýlaw-aýlaw geçelgeler köp bolansoň, gowagyň içinden daş-töweregi aýdyň görünmeýär. Onuň üç sany girelgesiniň hemmesi ýeriň ýüzüne çykýar. Gowagyň ýokarky agzyndan girmek isleýänler ätiýaçlyk üçin oňa bili ýüpli sallanmaly bolýar. Şol sebäpdenem oňa derýanyň emele getiren hanasyndan birnäçe ýüz metr ýokarda ýerleşýän girelgesinden girmek has ygtybarlydyr. Aralyk gowagy Kap-Kutan bilen ýeriň aşagynda birigip, 56 kilometre çenli uzap gidýär. Geň ýeri, olaryň aşaky we ýokarky gatlaklara bölünýän ýerlerine-de gabat gelmek bolýar. Gowagyň içiniň beýikligi 30-50 metre, giňligi 50-70 metre barabar bolup, içinde has dar ýa-da has pes ýodajyklar hem bar. Ondan ötmek üçin gapdal ýöräp, hat-da emedekläp, ýatyp süýşenekläp geçäýmeseň, ýetjek ýeriňe barmak öte kyn. Gowaklaryň käbir ýerinde ýagyşdan emele gelen arassa, sowujak suwly köljagazlar hem bar.

Köýtendagdaky islendik gowagyň topokartasyna göz aýlasak, onuň girelgesinden başlap tä törüne çenli her bir zalyň öz ady bar. «Çemodanlar», «Ertekiler», «Ak garly», «Bürgüt penjesi», «Ak haç», «Daş güller», «Oklukirpi», «Daş ýürek»... zallarynyň atlaryny okanyňda-da, olaryň içinde bir üýtgeşikligiň bardygyna göz ýetirýärsiň. Bu atlaryň ýüze çykmagy, ylmy dilde aýdanyňda, stalaktitlerdir, stalagmitleriň döredýän şekillerini ösümliklere, haýwanlara ýa-da bizi gurşap alýan jisimlere meňzedip, şolara görä-de zallara dürli at goýlandygyna şaýatlyk edýär.

Akbibi Hudaýnazarowa,
habarçy