Ýüreklerde ýaşaýan ussat


Ýüreklerde ýaşaýan ussat



Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň aramyzdan gideli bäri köp wagt geçmese-de, ýaşan manyly ömrüni milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine bagyşlan halypa aýdymçy baradaky ýakymly ýatlamalar serimize dolýar.

Maýa Kulyýewanyň durmuş we sungat ýoly ozalky Magtymguly adyndaky Opera we balet teatry bilen baglydyr. Ol 1941-nji ýylda Aşgabatda düýbi tutulan opera we balet teatrynda sahnalaşdyrylan «Zöhre-Tahyr», «Leýli-Mežnun», «Şasenem-Garyp», «Abadan», «Aýna» ýaly operalarda baş gahrymanlaryň keşplerini ýatda galyjy we ynandyryjy janlandyrmagy başaryp, zehinli aýdymçy hökmünde adygýar. Doga zehinli aýdymçy özüne ynanylan sahna gahrymanlarynyň ruhy dünýäsini mahmal owazy bilen tomaşaçylara ýetirmegiň hötdesinden gelýär. Onuň guýmagursak zehini bilen janlandyran gahrymanlary tomaşaçylara opera sahnasynda beýan edilýän wakany janly, täsirli kabul etmäge mümkinçilik döredýär.

Guýmagursak zehinli aýdymçy türkmen teatrynyň sahnasynda ilkinji gezek nusgawy rus edebiýatynyň görnükli wekili A.S.Puşkiniň «Ýewgeniý Onegin» atly romany boýunça sahnalaşdyrylan adybir operasynda baş gahryman Tatýananyň keşbini janlandyrýar. Ol Ýewropa eserinde baş gahrymanyň keşbini döreden ilkinji opera aýdymçy hökmünde giňden tanalýar.

Maýa Kulyýewa öz döredijilik dünýäsini halk aýdymlary bilen baýlaşdyrmaga hem uly üns berýär. Ol milli aýdym-saz sungatymyzda öçmejek yz galdyran bagşy-sazandalar bilen duşuşýar. Ussat halypalaryň dilden-dile geçiren, halkymyzyň gahrymançylygyny, watanperwerligini, ruhubelentligini wasp edýän aýdymlaryny içgin öwrenýär. Asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelen ajaýyp aýdymlary täze öwüşginlere besläp, milli sungatyny belent sarpalan halkymyzyň ýüregine ýol salýar. Häzirki zaman kompozitorlarynyň, şahyrlarynyň sazlaryna, sözlerine döredilen Watan wasply aýdymlary ussatlyk bilen aýdyp, halkymyzyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar.

Meşhur aýdymçy ýurdumyzyň dürli künjeklerine guralan döredijilik saparlarynda hoş owazly aýdymlary bilen oba zähmetkeşlerine ruhubelentlik eçilýär. Ol halal zähmetden bagt tapan adamlara milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň gözbaşynda duran ussat halypalaryň ömri we döredijiligi barada gürrüň berip, olar bilen söhbetdeş bolýar. Ajaýyp aýdymlary bilen olaryň armasyny ýetirýär. Şeýle duşuşyklaryň dowamynda oba ýaşlarynyň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmagy, olaryň geljekde tanymal sungat ussatlary bolup ýetişmegi üçin alada edýär. Onuň ýürekdeşligi oba adamlarynyň, esasan-da, ýaşlaryň göwünlerini galkyndyryp, olaryň sungat ýoluny saýlamagyna sebäp bolýar.

Ussat aýdymçy daşary ýurtlarda-da giňden tanalýar. Ol dürli ýyllarda Mongoliýa, Hindistan, Owganystan, Wengriýa, Polşa, Indoneziýa, Türkiýe ýaly döwletlerde döredijilik saparlarda bolup, mahmal owazy bilen aýdym-saz sungatymyzy belende göterdi. Onuň daşary ýurtlarda geçirilen döredijilik duşuşyklary, aýdym-sazly çykyşlary sungat muşdaklaryna egsilmez şatlyk paýlady. M.Kulyýewa şeýle döredijilik saparlarynda sungat arkaly dünýä halklary bilen ýola goýlan medeni gatnaşyklaryň giň gerimde ösdürilmegine saldamly goşant goşdy. 1941-nji ýylda Maýa Kulyýewa öz kärdeşi, tanymal opera aýdymçy Hojadurdy Annaýew bilen durmuş gurýar. Sungatdan bagtyny tapan sahna ussatlary öz ilkinji perzentlerine «Zöhre-Tahyr» operasynyň baş gahrymanlarynyň biri Mahymyň adyny dakýarlar. 1949-njy ýylda olaryň ogul perzendi dünýä inýär. Meşhur opera aýdymçylar täze dünýä inen perzentlerine «Abadan» operasynyň baş gahrymany Batyryň adyny dakýarlar. Maýa Kulyýewa öz ýanýoldaşy Hojadurdy Annaýew bilen altmyş dokuz ýyl bile ýaşaýar. Olaryň döwletli maşgalasynda öz döwründe milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren ençeme sungat we söz ussatlary myhmançylykda bolýarlar.

Ussat opera aýdymçysy bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň milli opera sungatymyzy täzeden dikeltmäge hem-de opera aýdymçylarymyzyň täze neslini ýetişdirmäge uly üns bermeginden ruhlanyp, milli operalarymyzyň täze öwüşginlerde ýaňlanmagynda uly işleri alyp bardy. Ol halypa hökmünde «Şasenem-Garyp», «Leýli-Mežnun», «Zöhre-Tahyr», «Magtymguly», «Görogly», «Aýna» ýaly operalarymyzyň täzeden dikeldilmeginde gujur-gaýratyny gaýgyrmady. Maýa Kulyýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi boldy. 2008-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 17 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Maýa Kulyýewa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň we onuň edermen halkynyň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary, ata Watanymyzyň milli medeniýetini we sungatyny ösdürmäge goşan uly şahsy goşandy üçin «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen hormatly at dakyldy we oňa «Altyn Aý» altyn medaly gowşuryldy.

2019-njy ýylyň 14-nji fewralynda jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda hormatly Prezidentimiz milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge saldamly goşant goşan ussat halypalarymyz barada aýratyn durup geçip, Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň adyny Türkmen milli konserwatoriýasyna ýa-da Mukamlar köşgüne dakmak baradaky teklip bilen çykyş etdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen Türkmen milli konserwatoriýasyna Maýa Kulyýewanyň ady dakyldy. 2019-njy ýylyň 30-njy awgustynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ussat aýdymçynyň muzeýi döredildi. Bu muzeýde halypa aýdymçynyň durmuş we sungat ýoluny şöhlelendirýän maglumatlar, fotosuratlar hem-de ulanan dürli esbaplary giňden ýaýbaňlandyryldy.

Bu günki günde halypa opera aýdymçymyz Maýa Kulyýewanyň ýetişdiren şägirtleri onuň nusgalyk ýol-ýörelgelerini dowam etdirýärler. Milli aýdym-saz sungatynyň gözbaşynda duran, ussat aýdymçyny belent sarpalaýan Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýarys.

«Edebiýat we sungat»