Sungaty öwrenijileriň ýeňijileri aýan edildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda türkmen şekillendiriş sungatyny ösdürmekde birnäçe işler amala aşyrylýar. Bu babatda sungaty öwrenijiler hem özleriniň döredijilik eserleri bolan kitapçalar, kataloglar we makalalary ýazmak bilen özleriniň uly goşantlaryny goşýarlar. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda ýagny, 2022-nji ýylyň iýun aýynyň 17-ne Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi tarapyndan yglan edilen «Halkyň Arkadagly zamanasy sungat nazaryýetinde» atly ýurdumyzyň sungaty öwrenijileriniň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige welaýatlardan muzeýlerde zähmet çekýän sungaty öwrenijiler, Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyp ýaşlary özleriniň döredijilik eserleri bilen gatnaşyp, şol bäsleşigiň netijesinde 150-ä golaý eserler ýygnandy. Olaryň arasynda sungatyň dürli ugurlaryna bagyşlanan monografiýalar, ylmy makalalar, kataloglar bar. Bu bäsleşige Mary şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň müdiriniň okuw terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, sungaty öwreniji Döwletmyrat Durdyýew “Türkmen şekillendiriş sungatynda Magtymguly Pyragynyň keşbi” atly ylmy işi, kitapçalary we makalalary bilen gatnaşyp baş baýraga eýe boldy. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Nurýagdy Ýagşymyradow “Türkmenistanyň nakgaşçylyk sungatynyň taryhy” atly monografiýasy, birnäçe kitapçalary hem-de ylmy makalalary bilen birinji orna mynasyp boldy. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Azat Annaýew “Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda tankytlaýyş meseleler” atly ylmy makalasy bilen, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Döwrangeldi Moýtyýew “Gujurly ýaşlar” atly katalogy, kitapçalary we makalalary bilen, Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew “Häzirki zaman türkmen halylary” atly syýasy çeper makalasy bilen ikinji orna mynasyp boldular. Üçünji orna Baba Guldurdyýew “Durdy Baýramowyň zähmet lirikasy” atly kitapçasy, “Türkmenistanyň nakgaşçylygynda babadaýhanlaryň waspy” atly ylmy işi bilen, Bahar Magtymowa “Türkmen zergärçilik sungaty”, “Türkmen zergärçilik sungatynda nagyşlar” atly kitapçalary bilen, Guwanç Mämiýew “Sungat we nazaryýet atly kitapçasy, “Surat- sözüň keşbi”, “Zehiniň ölçegi”, “Zehiniň suraty” ýaly birnäçe makalalary bilen mynasyp boldular. Mundan başgada Azat Alihanow, Jeren Baltaýewa, Gülälek Keroglyýewa, Oraz Temirow, Jennet Çaryýewa, Oguldöndi Çaryýewa ýaly sungaty öwrenijiler tapawutlanan we höweslendiriji baýraklar bilen sylaglandylar.
Hallygözel Muhammedowa,
Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň
Sungaty öwreniş kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby