Ýüreklere ýol salan ussat


Ýüreklere ýol salan ussat

Türkmenistanyň halk artisti Nurmyrat Annamyradowy ýagşylykda ýatlap



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ähli ugurlar bilen bir hatarda medeniýetiň, sungatyň ösmegine hem uly üns bermegi, bu babatda bagtyýar zamanamyzyň özgerişlere beslenen ýollarynda ençeme täzeçillikleri durmuşa geçirmegi ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň ylham joşgunyny artdyrdy. Şonuň netijesinde bu günki gün ajaýyp zamanamyzyň özboluşly keşbi bolan döredijilik dünýäsi kemala geldi. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň döredijilik dünýäsinde öçmejek yz galdyran ussatlarymyza goýýan hormaty bolsa, her birimizi döredijilik gözleglere sary ak ýola salýan uçar ganata öwrüldi. Sebäbi ol ussatlaryň döredijilik gözleglerine beslenen ömür ýollary biziň her birimiz üçin ägirt uly mekdep bolup durýar. Şol mekdebe goýulýan hormat hem biziň — şu günki nesilleriň öz saýlan kärimize, ajaýyp zamanamyza bolan söýgimizi esseläp artdyrýar.

Türkmen teatr sungatynda öçmejek yz galdyran ussatlarymyzyň biri-de, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Nurmyrat Annamyradowdyr. Oňa adatça «Köşüli aga» diýip ýüzlenýärdiler. Bizem şeýle diýip tutardyk onuň adyny. Umuman, bu günki gün Köşüli aga diýseňem, Çakan aga diýseňem, tomaşaçylaryň gözüniň öňüne agras keşpli Nurmyrat Annamyradow gelýär.

Köşüli aga tebigy zehindi, ýaş artistleriň köpüsi ýaly, biz hem oňa meňzemäge çalşardyk. Onuň diňe bir sahnada däl, durmuşda özüni alyp barşy-da nusgalykdy. Agras keşpli halypanyň her bir soragymyza uly yhlas bilen jogap berip, bize başardygyndan nämedir bir zatlar öwretjek bolşy hünärimize bolan söýgimizi artdyrardy. Onuň bilen bir sahnada işleşmegimiz, irginsizlik bilen beren maslahatlary bu sungatyň inçe tilsimlerini ele almagymyza kömek etdi.



Nurmyrat Annamyradowyň zähmet ýoly-da nusgalyk. Ol Daşkendiň N.Ostrowskiý adyndaky teatr-çeperçilik institutyny drama we kino aktýory hünäri boýunça tamamlap, 1970-nji ýylda ozalky Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynda işe başlansoň, ömrüni sahna bagyşlaýar. Köşüli aga barada gürrüň açylanda, köplenç: «Ol milli sahnamyzda durmuş hakykaty bilen sungat hakykatynyň bitewi nusgasyny görkezdi» diýen jümläni orta atýarlar. Ýene-de bir ýatlamaly zat: ussat halypanyň sahnada özüni alyp barşy, çeýe hereketleri bizi haýrana goýardy.

Köşüli aganyň sesiniň üýtgeşikligi barada-da aýratyn gürrüň edip bolar. Ony islendik ýerde, ýüzüni görmezden, sesinden tanap bolardy. Hatda radioýaýlymda haýsydyr bir oýunda gahrymanyň sesini berýän bolaýsyn, onuň Köşüli aganyňkydygyny bilmek kyn däldi. Özi-de ol ses şeýle bir ýakymlydy. Birhili, ol sesi eşideniňden parasatly, paýhasly türkmen ýaşulusy göz öňüne geläýýärdi. Onsoňam şol sesi gahrymançylykly eserde, edermen, iliň öňüne düşüp ýören merdemsi kişiniň keşbi janlandyrylanda ulanmak juda ýerlikli bolýardy. Bu birnäçe gezek şeýle hem edilipdi.

Nurmyrat Annamyradow teatrda dürli häsiýetli, gülküli, gussaly, ownukly-irili keşpleriň onlarçasyny janlandyrdy. Onuň döreden Göroglusy («Harmandäli»), Baky Myradowiçi («Ýüregiň emri bilen»), Serdary («Mollanepes»), Çapraz hany («Keýmir kör»), Meret arçyny («Ykbal»), Töwrizisi («Nesimi»), Nazary («Daça»), Ýowşany («Magtymguly»), Andor Atdaýewiçi («Suw damjasy — altyn dänesi») ýaly keşpleriniň her birini ussatlygyň, irginsiz zähmetiň, sungata söýginiň, gaýtalanmajak zehiniň bir artistde jemlenmegi hökmünde mysal getirip bolar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Köşüli aga has-da öndümli işledi, döretdi. «Gala», «Synmaz erk» ýaly spektakllarda onuň sungaty täze basgançaga galdy. «Galadaky» Dykma serdary halypanyň döredijiliginde aýratyn orna mynasypdyr. Ol bu keşbiň üsti bilen tomaşaçyda, onda-da ýaşlarda watansöýüjilik sypatlarynyň ösdürilmegine täsir edýän duýgulary bermegi başarypdy.

Türkmenistanyň halk artisti N.Annamyradow «Watan ogly», «Deňziň däli gaýlary», «Gyzykly gezelenç», «Aýdyma siňen ömürler», «Kalpda galan söýgi» ýaly çeper filmlerde-de dürli häsiýetdäki ýatdan çykmajak keşpleri janlandyrdy. Halypa kinorežissýor Kakow Orazsähedowyň «Gyzykly gezelenç» filminde Çakan aganyň keşbiniň üsti bilen ol çagalaryň dünýäsine ussatlyk bilen aralaşmagy başarypdy. «Ýolda-yzda meni görüp: «Hana, Çakan aga barýar» diýýäler welin, kinoda adyňy çalşaýmagyň gaty aňsatdygyna göz ýetirýäň» diýip, Köşüli aga kän gaýtalardy. Ol şol keşbiniň şeýle şowly çykandygyna çaga ýaly begenerdi.

«Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýýän halkymyzyň hemişe mamladygy bu günki gün Köşüli aganyň ýoluny ogly Çaryýaryň dowam etdirýändigi bilen hem delillendirip bolar. Çaryýar Annamyradow häzirki wagtda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda zähmet çekip, ýatdagalyjy keşpleriň birnäçesiniň üsti bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmaga ýetişen ýaşlaryň hatarynda tanalýar. Ussadyň gyzy Çynar Annamyradowa bolsa şirin owazy bilen diňleýjileriň ýüreklerine ýol salmagy başaran zehinli aýdymçylaryň biridir.

Hawa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz sungat ussatlarymyzy ýagşylykda ýatlap, olary hatyralap durmaga uly mümkinçilikleri döretdi. Bu sogaply işleriň netijesinde ussatlarymyzyň birnäçesine hormatly atlar dakyldy. Hormatly Prezidentimiziň medeniýete, sungata, edebiýata ýakynlygy biz — döredijilik işgärleri üçin ylham akabasy. Milli Liderimiziň amala aşyrýan işleri biziň ählimiz üçin ugur, ýörelge. Şonuň bilen bir wagtda-da, Gahryman Arkadagymyz zähmetde özüni görkezip bilýäniň, döredýäniň gadyryny bilmegiň mekdebini görkezýär. Şeýle ajaýyp işleri durmuşa geçirip, bizi täze-täze üstünliklere, gözleglere ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Merdan Tüweleýew