Kanunçylyk-hukuk binýady pugtalanýar


Kanunçylyk-hukuk binýady pugtalanýar



Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ata Watanymyz dürli ugurlarda belent sepgitlere ýetýär, durmuş-ykdysady taýdan ösýär. Bu gün ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady hem pugtalanýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi esasynda alyp barýan döwlet syýasaty, şol sanda milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek işi halkymyzyň abadan, bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň, döwlet, jemgyýetçilik bähbitleriniň ýokary derejede goralmagyna we üpjün edilmegine, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli gowulanmagyna, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyna gönükdirilendir. Mundan başga-da, döwletimiziň ykdysady durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegini gazanmak, ykdysadyýetiň ösüşine düýpli maýa goýumlary çekmek, onuň üçin amatly hukuk mümkinçiliklerini döretmek, administratiw taýdan has netijeli şertleri we kämil usullary dolandyryş ulgamyna ornaşdyrmak bu işiň ileri tutulýan ugurlarydyr. Şu nukdaýnazardan, «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bu çygyrda uly ähmiýete eýedir. Administratiw edara diýlip, ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, şeýle hem administratiw namalaryny kabul etmäge hukuk berlen ygtyýarly şahslara düşünilýär.

Administratiw edaralaryň administratiw namanyň kabul edilmegine gönükdirilen işi administratiw önümçiligi düzýär. Administratiw önümçiligi emele getirýän hukuk gatnaşyklarynyň gurluşy üç bölekden, ýagny administratiw hukuk gatnaşyklaryň obýektinden, subýektinden we hukuk ýagdaýyndan ybarat. Subýektleriň köp görnüşli bolmagy administratiw hukuk gatnaşyklaryň häsiýetli aýratynlygydyr. «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 9-njy maddasyna laýyklykda, fiziki we ýuridiki şahslar, administratiw edaralar bu gatnaşyklaryň subýektleri bolup çykyş edýär. Fiziki şahslaryň hataryna Türkmenistanyň raýatlary, daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar, ýuridiki şahslaryň hataryna täjirçilik hem-de täjirçilik maksady bolmadyk edaralar, kärhanalar we guramalar degişli bolup durýar. Ýerine ýetiriş we serenjam beriş işini amala aşyrýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem administratiw namalary kabul etmäge hukuk berlen ygtyýarly şahslar administratiw hukuk gatnaşyklarda administratiw önümçiligi alyp barýan subýektlerdir.

Administratiw hukuk kadalary administratiw edaralaryň işi çygrynda ýüze çykýan, üýtgeýän we bes edilýän jemgyýetçilik gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Administratiw hukuk gatnaşyklary köpçülikleýin häsiýete eýe bolmak bilen, ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň (ygtyýarly şahslarynyň) häkimlik ygtyýarlyklaryny, ilkinji nobatda, ýerine ýetiriş we serenjam beriş işini amala aşyrmaklary bilen baglydyr. Şoňa görä-de, bu gatnaşyklar olary döredýän administratiw hukuk kadalaryň esasynda ýüze çykýar, üýtgeýär ýa-da bes edilýär, şeýle-de olaryň üsti bilen amala aşyrylýar.

«Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny administratiw edaralar bilen özara gatnaşygyň giň ulgamyny kadalaşdyrýar. Jemgyýetçilik durmuşynda adamlar we ýuridiki şahslar bilen döwlet edaralarynyň arasynda gatnaşyklaryň, dürli görnüşli hyzmatlaryň örän köpdügi bolsa bu kanunyň hereket çygrynyň aýdyň kesgitlenilmegini talap edýär.

Kanunalaýyk, kanunyň öňünde deňlik, administratiw önümçiligiň dessinligi we elýeterliligi, administratiw önümçiligi amala aşyrylanda hyzmatdaşlyk, barabarlyk, ynamy goramak bolsa administratiw önümçiligi amala aşyrmagyň esasy ýörelgeleri hökmünde kesgitlenýär. Administratiw önümçilik bilen bagly işlere seredilende tarapgöýsizlik, işiň çözülmegi üçin ähmiýeti bar bolan ähli hakyky ýagdaýlary hemmetaraplaýyn, doly we dogry barlamak, şeýle hem önümçiligiň ýönekeý, maksadalaýyk we gysga möhletde amala aşyrylmagy Kanunyň hökmany talaplary bolup öňe çykýar.

«Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, her bir şahsyň özüniň hukuklary we kanuny bähbitleri bilen gönüden-göni bagly bolan meseleler boýunça administratiw edara ýüz tutmaga, haýyşnama bildirmäge ýa-da administratiw edaradan maglumat almaga hukugy bardyr. Administratiw edara bu ýüz tutmalar boýunça degişli çözgütleri kabul etmäge ýa-da maglumaty bermäge borçludyr. Administratiw önümçiligi arzanyň hasaba alnan pursadyndan ýa-da ilkinji iş ýörediş hereketi amala aşyrylan pursadyndan başlanýar.

Ýurdumyzda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kazyýet goragynyň kämilleşdirilmeginde agzalan Kanunyň ähmiýeti uludyr. Oňa laýyklykda, raýatlaryň administratiw nama administratiw şikaýat bermek arkaly kazyýet tertibinde şikaýat etmek hukugy üpjün edilýär.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň beýik tagallalary bilen döwletimizde ilatyň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmakda, raýatlaryň we adamlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň, kanun tarapyndan goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň has döwrebap derejede goralmagyny üpjün etmekde ýurdumyzda geçirilýän hukuk özgertmelere uly ähmiýet degişlidir.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň we gullukçylarynyň netijeli işlemekleri, döwrebap durmuş üpjünçiligi ugrunda beýik işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, alyp barýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Garrybaý Aşyrow