PARFIÝANYŇ TARYHY ŞÖHRATY


PARFIÝANYŇ TARYHY ŞÖHRATY



Bitarap döwletimiziň belent ruhunda gaýtadan dikeldilýär.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy martda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna ses bermäge baranda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna hem jogap berdi. Şonda Gahryman Arkadagymyz şöhratly taryhymyzyň dikeldilýändigine ünsi çekip, ýurdumyzyň taryhyny öwrenmekde R.Pampelli, M.Masson, W.Sarianidi ýaly dünýä belli alymlaryň, taryhçylaryň, arheologlaryň iş alyp barandygyny buýsanç bilen belläp, şeýle diýdi: «Taryhçy alymlaryň ýadawsyz zähmeti arkaly türkmen halkynyň şöhratly taryhy dikeldilýär. Aşgabadyň eteginde gadymy Parfiýa patyşalygynyň Nusaý galalary ýerleşýär. Parfiýa kuwwatly döwlet bolup, Hytaýdan Hazar deňzine çenli bolan aralykda adalaty dabaralandyrypdyr. Häzirki döwürde alymlar, arheologlar Parfiýa patyşalygynyň Nusaý galalarynda gazuw-agtaryş işlerini, ylmy seljermeleri geçirip, bu döwletiň öz döwründe bitarap ýurt bolandygyny ykrar edýän maglumatlary tapdylar...»

Milli Liderimiz, hususan-da, hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň taryhy kökleriniň hut biziň topragymyzda, gadymy Parfiýanyň daşary syýasy diplomatiýasynda dörändigini nygtady. Ýeri gelende aýtsak, hormatly Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň taryhy gelip çykyşy hem-de kuwwatly Parfiýa bilen gadymy Rimiňarasynda Beýik Ýüpek ýolunyň işjeň hem asuda hereketini üpjün eden dostlukly gatnaşyklaryň saklanandygy barada gymmatly maglumatlar beýan edilýär.

Beýik Ýüpek ýolunyňugry bilen Hytaýdan gymmat bahaly harytlardan ýüklenip gaýdan kerwenler Parfiýanyňüsti bilen Günbataryň merkezine — Rime rowana bolupdyrlar. Şoňa görä-de, Parfiýanyň üstünlikli ýöreden parahatçylyk söýüjilik, dostluk we ynsanperwerlik syýasatynyň rowaçlanandygyny, Parfiýa bilen Rimiň arasynda «Halkara parahatçylyk şertnamasynyň» baglaşylandygy baradaky ygtybarly maglumatlar dünýäniňylmy jemgyýetçiliginde giňden goldaw tapýar.

Taryhçy alym J.Orazgylyjowyň Aleksandriýskiý Appian, Dion Kassiý, Flor, Sallustiý, Swetoniý, Tasit ýaly gadymy rim taryhçylarynyň we döwürdeş awtorlarymyzyň ylmy gözleglerine salgylanyp, daşary ýurtly alymlaryň işlerinde Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň taryhy gelip çykyşyny ylmy taýdan öwrenmekde gymmatly maglumatlaryň gabat gelýändigi bilen baglanyşykly ýazan makalasy hem uly ähmiýete eýedir. Meselem, fransuz akademigi Antuan dean de Sankt-Martiniň«Arşakidler neberesiniň taryhynyň bölekleri» atly kitabynyňI jildinde Parfiýa bilen Rimiňöz aralarynda Parfiýanyň bitaraplygy saklamak baradaky borçlaryny göz öňünde tutýan şertnama baglaşandyklary hakynda maglumatlarda gabat gelinýär. Sankt-Martiniň, beýleki taryhçylaryň, hususan-da, amerikaly gündogarşynas Nelson Dibwoýseniň, fransuz taryhçysy Çarlz de Brosseniňwe beýlekileriň maglumatlarynyň hem Rim bilen Parfiýanyň arasynda baglaşylan «Halkara parahatçylyk şertnamasynyň» taryhyny öwrenmekde ähmiýetlidigi tassyklandy. Netijede, Parfiýa bilen Rimiňarasynda şeýle resminamalaryň ikisine gol çekilendigi aýan edildi. Birinji şertnama miladydan öňki 69-njy ýylda, 3 ýyldan soň, täze şertnama gol çekişilip, Parfiýa özüniň bitaraplyk derejesini tassyklaýar.

Türkmen bitaraplygynyň kökleri baradaky ylmy makalalarda Parfiýanyň bitaraplygy daşary ýurtly alymlar tarapyndan goldaw tapdy. Hatda «The Daily Beaking News» we «Zemin News» ýaly neşirlerde Parfiýanyň bitaraplygy barada çap edilen makalalar 2020-nji ýylyň şygarynyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň Watany» diýlip yglan edilmeginiň düýp esaslary bilen baglanyşdyrylyp, teswir berildi. Munuň özi halkara ylmy jemgyýetçilikde Parfiýa jahanşalygynyň bitaraplyk derejesiniň taryhy hakykatyna göz ýetirmäge ygtybarly esas boldy. Şeýlelikde, ylmy gözlegleriň netijesinde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Parfiýa imperiýasynyň bitaraplyk syýasatyny häzirki zamanyň şertlerinde üstünlikli dowam etdirýändigi tassyklanyldy.

Häzirki wagtda Aşgabadyň çäginde ýerleşýän Nusaý galalaryndan ýüze çykarylan gymmatly arheologik tapyndylar bu kuwwatly patyşalygyň paýtagtynyň dünýä medeniýetiniň hem-de syýasy diplomatiýasynyň ösmegine goşan ägirt uly goşandyny aýdyň subut edýär. Türkmen alymlary tarapyndan Nusaý galalarynda hem-de onuň töweregindäki gadymy oba-kentlerde ylmy-barlag işleri yzygiderli alnyp barylýar. 2007-nji ýylda dünýäniň taryhyny öwrenmekde iňňän wajyp maglumatlary özünde jemleýän Nusaý galalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşuldy.

2015-nji ýylda BMG-niňBaş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edildi. Türkmenistanyň teklibi boýunça 12-nji dekabr «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edildi we ony dünýä ýüzünde giňden belläp geçmek asylly däbe öwrüldi.

Kuwwatly Parfiýa döwletinden gözbaş alyp gaýdýan hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, täze döwrüň talaplaryna mynasyp derejede dünýäde dabaralandyryldy. Häzirki wagtda Milli Liderimiziň umumadamzat ähmiýetli beýik halkara başlangyçlary Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär.

Agamyrat BALTAÝEW.