Arheologik tapyndylara döwrebap çemeleşmeler


Arheologik tapyndylara döwrebap çemeleşmeler



Şu ýylyň 26-njy martynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Maksatnamada bellenişi ýaly, sanly tehnologiýalaryň ösmegi bilen, ylymlaryň usulyýeti üýtgeýär. Bu takyk we tebigy ylymlar bilen bir hatarda, ynsanperwer ylymlara hem degişlidir. Sanly ynsanperwer ylymlary kompýuter tehnologiýalarynyň we ynsanperwer ylymlaryň utgaşdyrylmagynda emele gelen ylmy barlaglaryň, öwrenmegiň we döretmegiň ulgamydyr. Sanly ynsanperwer ylymlarynda ylmy işleri alyp barmagyň maksady sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen medeni mirasy gorap saklamakdan we öwrenmekden ybaratdyr. Olaryň wezipesi kompýuter algoritmlerini ulanmak arkaly başlangyç materialy dikeltmek we maglumatlary seljermegiň usullaryny kämilleşdirmekdir.

Bu maksatnamadan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alyp barýan ylmy-barlag işlerini maglumatlar web-giňişliginde ýaýratmagy üpjün etmek, innowasion-maglumat häsiýetli taslamalary döretmek we ösdürmek boýunça işler durmuşa geçirilýär. Institutyň işgärlerine ylmy barlaglarda maglumatlar tehnologiýasyny ulanmagy talap edýän taslamalary durmuşa geçirmekde goldaw berilýär, innowasion gözlegleri ösdürmekde amatly şertler döredilýär.

Bu babatda Türkmenistanyň hem-de türkmen halkynyň gadymy döwürlerden şu günki güne çenli taryhyny, arheologiýasyny, etnografiýasyny ylmy esasda öwrenmek, ylmy-barlag işlerini alyp barmak, hususan-da, umumy taryh barlaglaryny, arheologik gazuw-agtaryş, etnografik gözleg işlerini talabalaýyk ýerine ýetirmek, dünýä tejribesiniň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak, dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň alyp barýan syýasatyny wagyz etmek, şeýle-de sanlylaşdyrmagy giňgerimde dowam etmek institutyň esasy maksadyny kesgitleýär.

Alym Arkadagymyzyň döwlet derejesinde edýän çykyşlarynyň, ýazan ylmy hem çeper kitaplarynyň ählisiniň içinden eriş-argaç bolup geçýän bir ýagdaý — ol hem hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer ylymlara, şonuň bilen bir hatarda, taryh, arheologiýa ylymlaryna aýratyn ähmiýet bermegi taryhçy alymlary buýsandyryp, täze maksatlara we wezipelere gönükdirýär. Muňa biz 2019-njy ýylyň 22-nji noýabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 2019-njy ýylyň dowamynda ýüze çykarylan arheologik tapyndylar barada habar berilmeginde hem aýdyň göz ýetirýäris. Şol mejlisde Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň hem-de Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň hünärmenleriniň ysnyşykly hyzmatdaşlygynda ýylyň dowamynda ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde möwsümleýin alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijelerinde ýüze çykarylan tapyndylary degişli barlag işleri geçirilenden we rejelenenden soň, Ahal welaýatynyň «Ak bugdaý» milli muzeýine, Lebap we Mary welaýatlarynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýlerine tabşyrmak çäresi amala aşyryldy. Ýurdumyzyň arheologlarynyň we gymmatlyklary dikeldijileriniň ylmy işleriniň netijeleri «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmegiň ähmiýeti: rejeleýiş-berkidiş işleri, ylmy barlaglar» atly kitapda ýerleşdirildi we adybir maslahatyň barşynda ýetilen sepgitler hem-de öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň şaýady bolan taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak, olary ylmy esasda öwrenmek, rejelemek hem-de geljekki nesillere mynasyp derejede ýetirmegiň hatyrasyna olary gorap saklamagyň hukuk binýady pugtalandyrylyp, «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanda milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmegiň we wagyz etmegiň 2016-2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda ylmy-barlaglaryň we innowasion tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017-2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň 2018 — 2023-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasy» kabul edildi.

Olardan ugur alyp zähmet çekýän TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary, arheologlary, etnograflary, antropologlary ýurdumyzyň Ahal welaýatynda ýerleşýän Paryzdepe, Şähryslam, Şährihaýbar, Daşlydepe, Lebap welaýatynyň Amul gala, Balkan welaýatynyň Isgender gala taryhy ýadygärliklerinde birnäçe ýyllaryň dowamynda ýazky hem-de güýzki möwsümlerde gazuw-agtaryş işlerini alyp barýarlar. Her ýyl arheologik barlaglar, tapyndylar boýunça kitapça taýýarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň Taryh we arheologiýa institutynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen sowgat beren, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän döwrebap enjamlary bolan «LEA-S500» köpugurly barlaghanasy we ýöriteleşdirilen antropologik we beýleki enjamlary Watanymyzyň müňlerçe ýyllyk gadymy taryhyny öwrenmekde, arheologik tapyndylary barlamakda täze mümkinçilikleri açýar. «LEA-S500» köpugurly kiçi barlaghanasy arheologik barlaglaryň netijesinde tapylan tapyndylaryň bölekleriniň lazer barlagy esasynda himiki düzümini anyklaýar.

Institutda Türkmenistanyň ilatynyň antropologik we fiziki aýratynlyklaryny öwrenmekde, şeýle hem ata-babalarymyzyň gadymy keşplerini dikeltmekde we halkymyzyň etniki gelip çykyşyna göz ýetirmekde Şweýsariýa döwletiniň belli «DKSH» kompaniýasynyň önümi bolan rejeleýji we antropologik enjamlar ulanylýar. TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary bilen ylmy hyzmatdaşlyk esasynda, täze tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen, Türkmenistanyň antik döwrüniň arheologik ýadygärlikleriniň interaktiw elektron kartasyny düzmek boýunça ylmy iş ýerine ýetirilýär.

2017-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hemaýat bermeginde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Şähryslam taryhy-medeni ýadygärliginde gazuw-agtaryş işlerine badalga berlip, bu ýerde täze taryhy tapyndylaryň üstünden baryldy we ylmy gözlegleriň netijeleri boýunça degişli kitapçalar we kitap neşir edildi.

Institutyň alymlary arheologik ýadygärlikleriň beýikligini, göwrümini ölçemek üçin elektron taheometr, elde göterilýän nawigator, GPS nawigator ýaly enjamlardan netijeli peýdalanýarlar. Şeýle hem institutyň muzeýinde arheologik tapyndylaryň aýawly saklanyş şertlerini kada laýyklamak, rejeleýiş işlerini geçirmek, ýadygärlikleriň koordinatlaryny we instrumental meýilnamasyny almak üçin ulanylýan enjamlar-da bar.

Döwletimiziň geljegi bolan ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde, olarda Watana, milli mirasa bolan buýsanç duýgusyny kemala getirmekde taryh ylmynyň üstüne düşýän wezipe uludyr. Taryh milletiň köki-damarydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze ideologiýasynyň esas goýujy taryhy-filosofik taglymatlaryny we ýörelgelerini wagyz etmek, taryhy bilimleri köpçülige ýaýratmak, ýaş taryhçylary taýýarlamak maksady bilen, institutyň alymlary Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep-internatynda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetinde, Türkmen döwlet medeniýet institutynda hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ylmy-halypaçylyk işini dowam etdirýärler. Institutda hereket edýän Ýaş alymlar geňeşinde we «Ýaş taryhçy» atly ylmy gurnakda meýilnama esasynda işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň taryhy boýunça monografiýalary, gollanmalary we okuw kitaplaryny taýýarlamak işleriniň çäklerinde institutda 2019-njy ýylda «Beýik Ýüpek ýolunyň Garagumüsti şahalary», «Türkmen dokmaçylygy: gadymy sungatyň taryhy» atly kitaplar taýýarlandy we neşir edildi.

Şu ýylyň 14-nji ýanwarynda abraýly halkara we sebit guramalarynyň, diplomatik toparlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän iri çäreleriň başyny başlan «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatda hormatly Prezidentimiz: «ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny gorap saklamak hakyndaky Konwensiýasynyň çäklerinde häzirki wagta çenli Türkmenistanyň çäklerinde taryhy we medeni ýadygärlikleriň müňden gowragy ýüze çykaryldy we bellige alyndy. Ýakyn wagtlarda biz halkara bilermenler bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň degişli komitetlerinde bu sanawa girizmek üçin medeni ýadygärlikleri hödürlemek boýunça taýýarlyk işlerini işjeňleşdirmegi göz öňüne tutýarys» diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiziň halkara ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän goldawlarynyň netijesinde, dünýäniň birnäçe taryh ylmyna degişli institutlarynyň we uniwersitetleriniň alymlary bilen ylmy hyzmatdaşlyk ösdürilýär. TYA-nyň Taryh we arheologiýa instituty ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýylda yglan edýän «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy» atly maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän taslamalar bäsleşiginde Ysmamyt ata ýadygärligini rejelemek baradaky taslamany tapgyrlaýyn hödürläp, 2008-nji, 2011-nji we 2014- nji ýyllarda ýeňiji bolmagy dünýäniň bäşinji medeni ojagy hasaplanýan Diýarymyzyň taryhynyň, milli mirasynyň Ýer ýüzünde uly gyzyklanma eýe bolýandygyny görkezýär.

2019-njy ýylyň 3-11-nji maýy aralygynda Rumyniýanyň Akademiýasynyň wise-prezidenti, akademik, taryhçy, arheolog Wiktor Spineý Türkmenistanyň dürli ýerlerinde — Aşgabatda, Daşoguz, Mary welaýatlarynda saparda bolup, ol ýerlerdäki taryhy ýadygärliklere baryp gördi. Alym bilen institutymyzyň işgärleriniň ylmy duşuşyklary geçirildi. Şeýle hem gadymyýetiň syrly sahypalaryny öz goýnunda gizläp ýatan türkmen topragynyň dürli künjeginde arheologiýa ylmy barlaglaryny geçirmäge isleg bildirýän daşary ýurtly alymlar bilen degişli resminama esasynda daş asyryndan başlap, giçki orta asyrlara degişli saklanyp galan ençeme ýadygärliklerde işler alnyp barylýar.

Gadymy ýadygärlikler bahasyna ýetip bolmajak milli baýlyklarymyzdyr we olary Türkmenistanyň köpasyrlyk taryhynyň täsin şaýatlary hökmünde geljekki nesiller üçin aýawly saklamak biziň mukaddes borjumyzdyr.

Göwher GELENOWA