Watanyň altyn owazy


Watanyň altyn owazy



Ýekelikde aýdym aýtmak sungatynyň belli aýdymçysy Medeniýet Şahberdiýewa 1930-njy ýylyň 23-nji fewralynda Jeýhun derýasyny goltuklap oturan Kerki şäherinde dünýä inýär we aýdymçynyň adynyň hem bu ugruň gözbaşynda duran Medeniýet sözi bolansoň, bu at ýaş aýdymçynyň zehininiň joşgunly bolmagyna belli bir derejede goldaw bolup hyzmat edipdir. Çyn zehin hökmünde orta çykan Türkmenistanyň halk artisti M. Şahberdiýewanyň ýerine ýetirijilik ussatlygyna bu ugurdan kämil baş çykarýanlar «Bu zenan halkymyzyň ýekelikde aýdym aýtmak boýunça milli gazananlaryndandyr» diýip baha beripdirler. Aýdymça Alla tarapyn ajaýyp ýatkeşlik we üýtgeşik ýerine ýetirijilik, durmuşy ukyp berlipdir. Aýdymçynyň her gezek owazyny liriki-soprano-koloratur (sesiňi bokurdakda owazly gaýnatmak) taýdan saz bilen sazlaşdyryp çykaryp aýdym aýtmagy «men-men» diýen diňleýjilerem jadylapdyr, özüne bendi edipdir. Onuň uzak wagtlap, arman-irmän bu ugurdan çeken zähmeti aýdymçynyň günsaýyn kämilleşmegine ýardam edipdir. Şeýlelikde, meşhur kamera we opera aýdymçysy bolmak bilen, ol şägirt hem halypa hökmünde milli aýdym-saz sungatymyzyň ösmegine düýpli goşant goşupdyr. M. Şahberdiýewa öz gezeginde ýaş aýdymçylaryň hem köp sanlysyna halypalyk edip, olaryň belli aýdymçylar hökmünde talapkär diňleýjileriň tamasyny ödeýänlerden bolup ýetişmegine ýardam edipdir. Aýdymçy doglanda oňa welilik bilen Medeniýet diýlip at goýulmagy durmuş öwrümlerinde öz oňyn netijesini hem berendir diýip halypalar belleýärler. Bu at hakykatdan hem göýä onuň sungat ýoluna şugla salyp, ýolgörkeziji hökmünde ör-boýuna galan ýalydy. Çünki türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynda Medeniýetiň çagalykdan äden her bir ädimi ugrunady.
Aslynda onuň durmuşynda hem edil beýleki abraýly adamlarda bolşy ýaly, kynçylyklar az bolmandy. Ol eýýäm ýedi ýaşynda ýetim galdy we ony çagalar öýüne bermeli diýen netijä geldiler. Çagalar öýünde mugallym-terbiýeçiler onuň medeniýet-sungat ugrundaky artykmaçlyklaryny ýüze çykarýarlar we geljekki belli aýdymçynyň bu ugurdan özüni açmagy üçin mümkinçilikler döredýärler. Şeýlelikde, Medeniýet baýramçylyk çärelerinde häli-şindi çykyş etmek, has-da türkmen halk aýdymlaryny maňzyna ýetirip aýtmak bilen bu ugurdan özüne ýol arçap ugraýar. Şeýle bolansoň, ol sazçylyk mekdep-internatyna iberilýär hem-de internatda Medeniýet skripka saz guralyny çalmagy öwrenýär. Saz guralyny çalmagy öwrenmeginiň ömrüniň iň bir utuşly günlerinden biri bolandygy hakynda halypa aýdymçy soň-soňlar gürrüň bererdi. Ol: «Şol döwür aýdym-saz sungaty meniň dünýämde ýerleşdimi, ýa-da tersine men aýdym-saz sungatynyň süňňüne ornaşdymmy, bilmedim. Şol günden başlap aýdym-saz sungatyna ýugrulyp, onuň dünýäsinden dem alyp başladym. Uruşdan agyr ýaralanyp gaýdyp gelen agam meni dogduk şäherimize äkitjek bolanda welin, erbet hopukdym. Aýdym-saz sungatyndan daşlaşaryn, gaýdyp yzymy tapmaryn diýip gorkdum. Mekdebi tamamlap, orta sazçylyk mekdebiniň gapysyndan ätledim. Ol ýerde diňe bir öz saýlan ugrum boýunça däl, aýdymlary ýerine ýetirijiligim boýunça hem meni synagdan geçirdiler. Synaglardan soň men öz adymy skripkaçylaryň sanawyndan gözledim, emma näçe gözlesemem, ol ýerden öz adymy, familiýamy tapmadym. Şondan soň men Türkmen döwlet uniwersitetine matematika ugrundan okuwa girmek isledim. Soňra eşidip otursam, meni sazçylyk mekdebinde uzak wagtlap gözläpdirler. Çünki men orta sazçylyk mekdebiniň «Ýekelikde aýdym aýtmak sungaty» bölümine okuwa kabul edilipdirin. Dogrusy şol gündenem meniň aýdym-saz sungatyndaky jadyly, bagtyýar durmuşym başlandy» diýip, Medeniýet Şahberdiýewa gürrüň berdi.

Onuň Moskwanyň döwlet konserwatoriýasyna okuwa girişi baradaky durmuşy meşhur «Ertir geliň» çeper filminiň gahrymany sibirli Frosýa Burlakowanyň kinodaky durmuşy bilen örän meňzeş. Medeniýet hem giriş synagyna gijä galyp barýar. Şol sebäpli onuň resminamalary kabul edilmeýär. Şeýle bolansoň, M. Şahberdiýewa konserwatoriýanyň rektory Aleksandr Sweşnikowa ýüz tutýar. Özüniň ýerine ýetirijilik ukybyny barlap görmegi özelenipler ýalbarýar. Ýönekeý türkmen gyzynyň beýle batyrgaý ýüztutmasyna geň galan rektor ahyry ylalaşýar. Onuň ýerine ýetirijiligine haýranlar galan konserwatoriýanyň ýolbaşçysy: «Eý, bu eýýäm taýýar Rozina ahbeti!» diýip, ony dünýä belli Rozina atly opera aýdymçysyna deňäp el çarpýar. Soňra onuň diplom işi hem J. Rossininiň «Sewilýa sertaraşy» operasyndaky Rozinanyň partiýasy boldy» diýip gürrüň berýärler.
Medeniýet Şahberdiýewa döwlet konserwatoriýasyny tamamlanyndan soň Aşgabada gelip, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet akademiki teatrynda Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowyň «Şasenem we Garyp», Aman Agajykowyň «Howsalaly gije» operalarynda aýdymlar aýdyp, Rimskiý-Korsakowyň «Şa gelninde», J. Werdiniň «Trawiatasynda» we beýlekilerde ilkinji partiýalary ýerine ýetirdi. Dürli ýyllarda «Aşyr aganyň hötjetligi», «Meniň dostum Meleguş», «Japbaklar» ýaly çeper filmlerde belli aýdymçy hökmünde ses berdi. Ol şeýlelikde, hä diýmänem halkara derejesinde şan-şöhratyň eýesi boldy. Ony Halkara Glinka adyndaky ýekelikde aýdym aýtmak sungatynyň emin agzalygyna kabul etdiler. M. Şahberdiýewa meşhur aýdymçy hökmünde eziz Diýarymyzyň, Polşanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Kanadanyň, Hindistanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Şwesiýanyň, Russiýa Federasiýasynyň we beýleki ýurtlaryň şäherlerinde tomaşaçylar köpçüliginiň öňünde çykyş edip, diňleýjileriň sagbolsunlaryna mynasyp boldy. Ol 1970-nji ýylda «Halal zähmeti üçin» medaly, 1980-nji ýylda «Halkara dostlugy», 1987-nji ýylda «Zähmet weterany» ordenleri bilen sylaglanyldy. Oňa 1964-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1967-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti», 1975-nji ýylda «SSSR-iň halk artisti» diýen hormatly atlar dakyldy. Meşhur aýdymçy 2007-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Onuň aýdymlary häzirler hem diňleýjileriň hakydasynda şol ýaňlanyp dur, ýaňlanyp dur.