Hakyky şägirt


Hakyky şägirt

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky 1-nji çagalar çeperçilik mekdebinde «Nakgaşçylyk», «Halyçylyk», «Zergärgärçilik», «Heýkeltaraşlyk» bölümlerinde okuwçylara şekillendiriş sungatyna barýan inçe ýolda bu mekdebiň ussat mugallymlary tarapyndan ilkinji ädimleri ätmegi öwredilýär. Çagalygyndan suratkeş bolmagy arzuw edýän okuwçylaryň biri hem Aşyrmyradow Perhatdyr. Ol bu mekdebiň «Nakgaş» bölüminde okaýan göreldeli okuwçylaryň biri hökmünde, öwredilýän her bir çeperçilik usullary höwes bilen öwrenip hakyky şägirt bolup ýetişdi. Onuň galamda we reňkde çekýän suratlarynda özboluşly çekiş usuly bar. Suw bilen işlenilýän boýagda reňkler tegmil görnüşinde suratlandyrýar. P.Aşyrmyradow Aşgabat şäherinde geçirilýän baýramçylyk sergilerine özüniň çeken suratlary bilen işjeň gatnaşýar. Ol Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde we daşary ýurtlarynda geçirilýän bäsleşik sergilere çeken suratlary bilen gatnaşýar we baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Özbegistan ýurdunda geçirilen surat bäsleşiginde P.Aşyrmyradow Hormat hatyna mynasyp bolýar.

«Türkmenistan - Bitaraplygyñ mekany» ýyly mynasybetli «Dünýäniň ýüregi – Türkmenistan, bu gün Bitaraplygyň mekanydyr» ady bilen Aşgabat şäher Medeniýet müdirligi tarapyndan yglan edilen Aşgabat şäheriniň çagalar çeperçilik hem-de sungat mekdepleriniň şekillendiriş bölüminiň okuwçylarynyň arasynda reňk bilen surat çekmek ugry boýunça geçirilen bäsleşige gatnaşyp, P.Aşyrmyradow birinji orna mynasyp boldy. Şol mekdebiň okuwçylary ikinji orna K.Nuryýew, üçünji orna O. Sidarenko mynasyp boldy. Ýene-de «Türkmenistan - Bitaraplygyñ mekany» ýyly mynasybetli, «Gülüp dursun mydama ejemjanyň ýüzleri» ady bilen Aşgabat şäher Medeniýet müdirligi tarapyndan yglan edilen Aşgabat şäheriniň çagalar çeperçilik hem-de sungat mekdepleriniň şekillendiriş bölüminiň okuwçylarynyň arasynda geçirilen döredijilik eserleriniň bäsleşiklerine gatnaşyp P.Aşyrmyradow birinji orna mynasyp boldy.