Dowardarçylyk ‒ gadymy pudak
Ata-babalarymyz dowardarçylygy her paslyň özüne mahsus aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, her möwsümiň howa şertlerine görä alyp barmakda çopançylyk kärini sungat derejesine ýetiripdirler. Çünki çopanlar dowardarçylykda geçirilýän owlak-guzy almak möwsümi, ýaz ýüňüniň gyrkymy, guzulary enesinden aýyrmak, güýz ýüňüniň gyrkymy, höwür möwsümi, dok gyşlatmak babatynda birnäçe baý iş tejribesini toplapdyrlar. Hydyr gören Garagum sährasynda öri meýdanlarynyň ösümlik örtügini, her möwsümiň howa şertlerini, wagtal-wagtal turýan ýelleri, her paslyň ýagyşdyr garly günlerini, asman ýyldyzlaryny örän oňat bilipdirler we dowardarçylykda giňden peýdalanypdyrlar. Giň sonarly öri meýdanlarynda goýun-geçileri bakmak we suwa ýakmak bilen baglanyşykly örän baý milli däp-dessurlary döredipdirler.
Dowardarçylyk pudagy özüniň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli däp-dessurlara, aýtgylara, nakyllara, adalgalara, rowaýatlara örän baýdyr. Hut şu nukdaýnazardan, bu pudak bilen bagly aýdylan aýtgylar hem öz ähmiýetini ýitirmän, häzir hem dowam edip gelýär
Çopançylyk — mukaddes kär
Çopançylyk kärini saýlap alan adam öz işine ökde, zehinli, giň göwrümli, ugurtapyjy, öňdengörüji, gaýratly, öz bakýan dowarlaryna «Malym-janym» diýip ýüzlenýän maljanly bolmaly. Çopançylykda «Çopan taýaksyz bolmaz» diýlişi ýaly, çopan taýagy söwüt agajyndan taýýarlanylýar. Çopan taýagynyň ölçegi, takmynan, 16 tutam bolmaly. Çopan taýagynyň ölçegi «Eý taýak, eýman taýak, eýesi başy iman taýak, koýda guýruk, gola ýüwrük, müň goýny bakan taýak» diýen aýtgyny iki gezek gaýtalamak bilen ölçenilipdir. Mal eýesi täze çopan tutunanda «Çopanyň taýagy düşsün» diýip gutlanylýar. Halkymyzda maşgala ojagyna gelen täze gelniň aýagynyň düşmeginiň dilegi bilen çopan taýagynyň eýesine düşmegi goýun-geçileriniň ösüp-örňäp onlap, ýüzläp, müňläp köpelip, süri bolup gitmeginiň dilegini utgaşdyryp döredilen «Gelnimiň aýagy, çopanymyň taýagy» aýtgysy hem bar.
Çopançylykda goýnuň çep gulagyny tutargulak diýip atlandyrýarlar. Goýnuň çep gulagyndan tutulanda, çopanyň ýa-da çolugyň sag eline amatly bolýar. Goýnuň sag gulagyna bolsa gaýtargulak diýilýär. Çünki türkmen çopanlarynyň iş tejribesinde dowar sürüsi sagyndan gaýtarylýar. Käbir etraplarda dowar sürüsi sagyndan agdarylýar diýlip hem aýdylýar.
Giň sonarly örüler
Dowardarçylyk üçin, ilkinji nobatda, giň sonarly örüler zerurdyr. Garagum sährasy bolsa giň sonarly we ýaýlaly örülere örän baýdyr. Garagum sährasynyň goýnunda çarwadarlar goýundyr geçileriň ýüz müňlerçesini ine-gana bakyp ýörler. Çopançylyk kärinden kemal tapan ata-babalarymyz dowardarçylyk üçin wajyp bolan öri meýdanlary barada gymmatly iş tejribesini toplapdyrlar we nesilme-nesil geçirip, şu günlerimize ýetiripdirler. Öri meýdanyna çykarylan dowar sürüsiniň birden toplanyp, birden yza-öňe aýlanyp edýän hereketine agym, bir dowar sürüsine agym berer ýaly öri meýdanyny ýaýlym diýip atlandyrýarlar. Ýaz, tomus aýlary mal bakylýan otluk örüleri ýaýlalar ýa-da ýaýlaglar, ýaz aýlary owlak-guzy almak möwsüminde goýun sagmak üçin wagtlaýyn göçülip barylýan otluk örini ýazlag, ülpüldäp oturan otluk örüleri sonar diýip atlandyrýarlar. Bir süri goýnuň bir gezek aýlaw edýän, otlaýan ýerine çygyr, bir süriniň mallarynyň örüsine çygyr öri, öri meýdany bir-birine ýanaşyk bolanda çygyrdaş, çopanlaryna bolsa çygyrdaş çopanlar, agşam, şam wagty öri meýdanynda dowarlaryň otlamagyna şamlamak, bir ýerden başga ýere göçürilende, goýun sürüsini sürüp gidýänleri sürekçi diýip atlandyrýarlar.
Ýedi hazynanyň biri
Goýun sürüsini bakmak üçin eline çopan taýagyny alan, çopançylyk bilen meşgullanjak her bir kişi öz işine örän ussat bolmalydyr. Dowardarçylykda goýunlaryň ýaşyna, häsiýetine, ýagdaýyna görä birnäçe atlandyrylyşy bar. «Kerri goýun giç ürker» diýlişi ýaly, kerrewräk, gulagy çüri goýna kerri goýun, guzusy bagana soýlan goýna merri goýun, goýnuň nesil bermezeklerine nerrik goýun, sürüden çete çykyp, ýeke gezegen goýna çetnew goýun diýilýär. Goýunlaryň gumalagyna çör, çöründen ýakylyp alynýan goýurak gara suwuklyga garaýag, çörekçi goýunlara daňylýan ýüpe goýun bagy, dowaryň aýagyndan ýa-da boýnundan tutmak üçin ujy gaňtarylan ýa-da ujy toýnukly uzyn taýagy gaňrak diýip atlandyrýarlar.
«Süri öňüni serke çeker»
Goýun sürüsiniň içinde geçileriň bolmagy dowardarçylykda aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki geçiler sürini bakmakda we dolandyrmakda zerurdyr. Geçiler köplenç, süriniň öňünde gezýärler. Çopan öz bakýan goýun sürüsiniň içinde iki ýaşly biçilen tekä jaň dakýar. Jaň dakylýan tekä bolsa serke diýilýär. Süriniň öňüni çekýän serke öz eýesi çopanyň sesine, sykylygyna, gykuwlamasyna öwrenişdirilýär.
Garagum sährasynda her bir goýun sürüsiniň berkidilen kesgitli öri meýdany bolýar. Şol öriniň otuny tygşytly peýdalanmak çopanlaryň iş tejribesine baglydyr. Haçan-da, otlap barýan süriniň öňüni çekýän serke çopanyň «aýlan» diýen sesini eşidenden, otlap geçen ýerlerine ýene yzyna dolanýar we goýun sürüsi hem onuň yzyna düşüp, öňki otlan ýerlerini gaýtadan otlap başlaýarlar. Netijede, süriniň yzyndan barýan ene goýunlar süriniň öňüne geçýärler, öri otunyň entek otlanylmadyk ýerinden otlap başlaýarlar hem-de süriniň ähli goýun-geçileriniň gyradeň otlamagy gazanylýar. Ýuwaşlyk bilen serke ýene-de süriniň öňüne geçýär. Şeýlelikde, dowarlar bakylanda çopanyň bu hereketleri yzygiderli gaýtalanyp durýar.
Çopançylyk kärinde ene goýun sürüsinde bu iş tejribesiniň wajyp ähmiýeti bar. Sebäbi ene goýunlary orta semizlikden birneme ýokary saklamak, süriniň ähli ene goýunlarynyň gyradeň derejede otlamagy, höwür möwsümine wagtynda çykmak hem-de ene goýunlardan sagdyn owlak-guzy almak üçin zerurdyr. Çopan zerur bolan ýagdaýynda ýene-de «aýlan» diýen sesleri bilen süriniň goýun-geçileriniň endigan otlamagyny gazanýar. Çopanyň sesine ýa-da sykylygyna öwrenişen, süriniň öňüni çekýän serkäniň şeýle hereketleri belli bir derejede çopanyň işini ýeňilleşdirýär we öri otlarynyň tygşytly peýdalanylmagyna ýardam edýär. Öý şertlerinde ýatakda saklananda, geçiler goýunlardan tapawutlylykda köp çekreýärler. Halypalaryň bellemegine görä, geçi köp çekräberende, onuň öz çöpürinden biraz gyrkyp alyp, geçiniň azy dişleriniň arasyna berk gysdyrylýar. Dişindäki gysdyrylan çöpüri aýyrjak bolup geçi çekremekden ünsüni sowýar. Geçiniň derisiniň hiç ýerini dilmän alyp, elin eýlenip bujaklary daňylan tulum gaba başgaça sanaç diýilýär. Sanaç diňe bir çopançylykda däl-de, adam durmuşynda hem toşap, ýag we beýlekileri saklamakda giňden peýdalanylýar.
«Mal eýesiniň gözünden suw içer»
Goýun-geçileri wagtynda suwa ýakmak zerur işleriň biridir. Garagum sährasynda guýy gazaýmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Guýy gazmak üçin örän ussat guýuçy ussalar gerek. Ata-babalarymyz suw almak maksady bilen, tegelek edilip gazylan çuň çukura guýy, guýynyň düýbüne ýörite tegelek edilip içki diwaryň örüminiň aşagyna goýulýan suw syzyjysyna çöwlük, takyrlarda ýagyş suwuny ýygnamak üçin gazylan guýyny çyrla guýy diýip atlandyrypdyrlar. Irki döwürlerde guýynyň çöwlügini, içki örümini çyga çydamly ösümliklerden edipdirler. Çöl şertlerinde guýudan suw göterijileriň kömegi bilen ilki suw nowalary, soňra guýynyň gapdalynda gurlan howuz suwdan doldurylýar. «Suwsan mal ýaly» diýlişi ýaly, haçan-da guýa golaýlaşan goýun sürüsi suw göterijiniň sesini eşideninden mäleşip, suw nowalaryna tarap ylgaşyp ugraýarlar. Çopanyň dowarlary suwa inderende, batly ses bilen «gurryýt-gurryýt» diýen sözleri yzly-yzyna gaýtalamagy süriniň ähli goýun-geçileriniň suwdan ganmagyna mümkinçilik berýär.
Owlak-guzy möwsümi
Owlak-guzy almak möwsümi dowardarçylykda iň jogapkärli möwsümleriň biridir. Başgaça aýdylanda, çarwa nowruzy diýlip atlandyrylýan owlak-guzy almak möwsümi «Malym — halym» diýip işleýän çopanlaryň bütin ýylda çeken zähmetiniň rehnedini görýän döwrüdir. Owlak-guzy möwsüminden öň bolan guza barga, enesini köp emmezligi üçin guzynyň agzyna daňylyp berkidilen çöpi gämik diýip atlandyrýarlar. Ýeke doglan guza ýalky, jübüt doglan guzulara ekiz diýilýär.
Saparmyrat Annamuhammedow