Garagumuň çulbalary


Garagumuň çulbalary



Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giňişlikde ýaýylyp ýatan Garagum sährasy tebigy gözelliklere diýseň baý. Ösümlik hem-de haýwanat dünýäsiniň köpdürliligi bilen görenleri haýran galdyrýan Garagumuň tebigy täsinlikleriniň biri-de çulbalardyr.
Gahryman Arkadagymyz «Döwlet guşy» atly çuňňur paýhasa ýugrulan romanynda Garagum sährasynyň gözelligini şeýle suratlandyrýar:
«Açyk meýdan. Arassa howa. Garşyňda ojar odun şatyrdap ýanyp dur. Uzaklara seredýärsiň. Şu ýerden Merkezi Garagum başlanýar.
Asyl bu çöl däl-de, sähra ahyryn! Çünki bu bereketli Garagumda bitmeýän ösümlik ýok. Garagum – bereketli gum, bereketli sähra diýmek bolmaly. Garagum – türkmeniň ýaşaýyş çeşmesi, gorhanasy.

Baharda ähli beýikli-pesli depeleri, çulbalary, oýlary-oýtumlary gyrymsy otlar örtüp çykýar.» («Döwlet guşy» romany, 40 sahypa.) Gahryman Arkadagymyz «Döwlet guşy» atly romanynda Garagum sährasyndaky gum depeleri bilen birlikde çulbalary hem gyrymsy otlaryň örtýändigini, sähra bahar gelende çulbalaryň hem özboluşly gözellige beslenýändigini, şeýle hem, çulbalaryň Merkezi Garagumuň tebigatyna mahsus aýratynlykdygyny çeper suratlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, çulbalar – sähranyň, esasan-da, Merkezi Garagumuň gelşigidir, gözelligidir. Aslynda, çulbany görmedik, çulbany synlamadyk adamlar «Çulba näme?» diýip, oýlanmagy mümkin. Merkezi Garagumuň ýaşaýjylary kiçiräk daga çalymdaş daşly depelere «Çulba» diýýärler. Çulbalar dürli reňkdäki daşlardan, magdanlardan ybarat. 2013-nji ýylda «Ylym» neşirýaty tarapyndan neşir edilen, S.Atanyýazowyň, Ö.Gurbanowyň, P.Esenowyň taýýarlan «Halk geografik adalgalarynyň sözlüginde» «Çulba – konus şekilli depeler. Merkezi Garagumdaky çulbalaryň köpüsi kükürtli depelerdir. Kyrkçulba, Saryçulba, Çalçulba, Çemmerliçulba, Agaçlyçulba, Çulbalyarym.» diýlip düşündirilýär.
Merkezi Garagumda çulbalaryň dürli görnüşleri bar. Aşgabat-Daşoguz ýoly bilen sähranyň jümmüşine syýahata gideniňde, paýtagtymyzdan 250 kilometr çemesi uzaklykda «Garaçulba» atly kiçiräk çarwa guýusy gabat gelýär. Bu ýeriň «Garaçulba» diýlip atlandyrylmagy, ondaky çulbalar bilen baglanyşykly. Gökdepe etrabynyň Derweze obasyndan 50-60 kilometr çemesi gündogarlykda ýerleşýän Ak bugdaý etrabynyň Büküri, Diňli, Kükürtli obalarynyň aralygy «Kyrkçulba» diýlip atlandyrylýar. Bu, megerem, bu ýerde kyrk sany çulbanyň bardygy bilen baglydyr.

Çulbalaryň käbiri diňe daş gatlaklaryndan ybarat bolsa, olaryň käsi ýerden ýokarlygyna çenli dürli ot-çöplere, ösümliklere örtülendir. Merkezi Garagumuň tebigy aýratynlygyna öwrülen çulbalary ýylyň ähli paslynda synlamak örän täsindir.
Aslynda, Merkezi Garagumuň tebigaty Günorta-Gündogar hem-de Üňüzaňyrsy Garagumuň tebigatyndan düýpli tapawutlanýar. Ýagny, süýji suwly guýuly takyrlary, gadymy Uzboýuň akyp geçen ýerlerinde gum depelerine abanyp duran Üňüz gyrlary hem-de uzaklardan howalanyp görünýän çulbalary bilen parhly. Gumda ýerleşýän obalaryň ýaşaýjylary birine ýol-ugur salgy berjek bolanlarynda hem, çulbalaryň ýerleşiş tertibine görä azaşman gitmegi maslahat berýärler.
«Pylan çulbaň deňinden geçýän ýoly yzarlap gitseň, pylan ýere bararsyň» diýip, sähra ýollarynyň sudury-kartasyny çekerler. Sährada çulbalaryň dürli-dürli atlandyrylmagy, olary biri-birinden tapawutlandyrmakda möhüm ähmiýetli bolupdyr. Çulbalary atlary boýunça tanaýan, bilýän adamlar Merkezi Garagumdaky obalara azaşman baryp bilýärler. Ýagny, her obanyň golaýyndaky çulbalary bilseň, şol oba barýan ýol hem aňsat tapdyrýar. Çulbalara atlar dakylanda, esasan, olaryň reňki we tebigy gurluşy göz öňünde tutulypdyr. Olaryň atlarynyň haýsy asyrlara degişlidigi mälim bolmasa-da, çulbalary atlary bilen agzamak çarwa obalarynda özboluşly ýörelge bolup saklanyp galypdyr. Mysal üçin, Gyzylçulba, Saryçulba, Çalçulba, Gumçulba, Çetçulba, Tokarçulba, Kyrkçulba, Diňliçulba, Topçulba, Goşaçulba, Çemmerli, Öýlegyzyl...

Ahal welaýatynyň Derweze, Diňli, Büküri, Kükürtli obalarynyň degre-daşy çulbalar bilen gurşalandyr. Çulbalar ýöne bir daşly depe däl. Olarda tebigy baýlyklar, magdanlar bar. Gökdepe etrabynyň Derweze we Ataguýy obalarynyň aralygynda «Öýlegyzyl» atly täsin çulba bar. Bu çulbanyň gülgüne-gyzylymtyl tebigy reňki, türkmeniň ak öýüne meňzäp, howalanyp durşy bu ýere gelenleri haýran galdyrýar. Ýokarsynda sähra guşlarynyň höwürtgeleri ýerleşen, uzaklardan howalanyp görünýän çulba sähra tebigatyna özboluşly gözellik berýär. Uzak ýerlerden çarwa obalaryna gezelenje ýada toý-tomga gelen adamlar nämüçindir, ilki bilen «Çulbalara çykyp göreliň!» diýip, olara çykmagyň arzuwyndadyr. Dürli öwüşginli daşlary, magdanly gatlaklary bilen haýran galdyrýan çulbalara çyksaň, ýigrimi-otuz kilometr uzaklykdaky ýerler seleňläp görünýär. Sähranyň arassa howasy, giňligi, rahatlandyryjylygy çulbalara çyksaň, aýratyn duýulýan ýaly.
Obalaryň golaýyndaky üsti salkyn şemally çulbalara çyksaň, beýniň rahatlanyp, göwnüň giňäp giden ýaly bolýar. Sähra gelip, rahatlygy küýsän kişiler megerem, çulbalara çykmagyň täsin bir jadysyny, gyzygyny duýýan bolsalar gerek. Çulbada otyrkaň, alnyňda ýaýylyp ýatan gözýetim, çarwa obasynyň durmuşy, örä barýan düýeler, küren tutup oturan ak öýler, aňňat-aňňat gum depeleri, selinli, sözenli, sazakly gollar... göz öňüňde täsin bir görnüşi emele getirýär. Tebigatyň döreden gaýtalanmajak gudraty ynsan kalbyny çäksiz ylhamdan doldurýar.

Merkezi Garagumdaky Çemmerliçulba bolsa, özüniň tebigy gurluşy, beýikligi bilen beýleki çulbalardan has-da tapawutlanýar. Ýerbentden gaýralygyna gidip, Gyzyltakyra golaýlaşanyňda ýada Ýerbent-Tamdyrly-Goýunsüren-Halka-Büküri ýoluny yzarlap, Halka golaýbereniňde ho-ol uzakdan Çemmerli seleňläp görünýär.
Eýsem, Çemmerliçulbanyň ady nämäni aňladýarka? 2013-nji ýylda «Ylym» neşirýaty tarapyndan neşir edilen, S.Atanyýazowyň, Ö.Gurbanowyň, P.Esenowyň taýýarlan «Halk geografik adalgalarynyň sözlüginde» «Çemmer, p. -1.Halka; dagyň, depäniň, ýapynyň biline guşak bolup duran tebigy aýlaw. Çemmer, Çemmerli, Çemmerliçulba. 2. Düýäniň howudynyň mäkäm durmagy üçin ulanylýan ýüp. Düýe çökerip çemmer işmek. (Nakyl).» diýlip, düşündiriş berilýär. Hakykatdan-da, Çemmerliniň tebigy gurluşyny synlap görenimizde, onuň bilindäki aýlawyň çemmere çalymdaşdygyny aňmak kyn däl. Çemmer – munuň özi bolsa, düýäniň howudyny saklamak üçin bilinden geçirilen ýogyn ýüpdir.
1925-nji ýylda Merkezi Garaguma guralan ylmy ekspedisiýalara gatnaşan meşhur alym-minerolog, geohimik, akademik A.E.Fersmanyň «Gyzykly mineralogiýa», «Garaguma syýahat» atly kitaplarynda Garagum sährasyndaky çulbalar hakynda täsin maglumatlar berilýär.
Aleksandr Ýewgenýewiç Fersman 1938-nji ýylda neşir edilen «Gyzykly mineralogiýa» atly kitabynyň «Daş gözläp Garaguma» atly bölüminde Merkezi Garagumdaky çulbalar barada gyzykly gürrüňleri beýan edýär. Hususanda, Çemmerli, Topçulba, Diňli çulbalary hakynda bellemek bilen, olaryň tebigy magdanlara baýdygyny, daş-töwereginiň tebigy aýratynlyklarynyň özboluşlydygyny aýratyn nygtapdyr. Bu kitapda çulbalar hakda gürrüň gidende, çulbalar örküçler, kükürtli depeler, gaýalar, erňekler ýaly sözleriň üsti bilen aňladylypdyr.

A.E.Fersmanyň «Garaguma syýahat» atly kitaby 1964-nji ýylda «Türkmenistan» neşirýatynda çap edilip, kitaby M.Temmimow terjime edipdir. Jemi ýedi bapdan ybarat kitabyň dört baby Garagum sährasyna bagyşlanyp, kitapda 1925-nji ýylda Merkezi Garaguma üç gezek guralan ylmy ekspedisiýalar hem-de çulbalar hakynda gymmatly maglumatlar ýerleşdirilipdir.
«Depeler görünýär diýen habar bütin kerweniň ruhuny ýokary göterdi, biz hem agşama çenli meşhur Çemmerli depesine ýetjekdigimize pugta ynandyk.» diýip, alym kitapda ýazypdyr. Kitapdaky wakalardan çen tutsaň, olaryň Gökdepeden Garaguma tarap ýola düşüp, Merkezi Garagumuň içi bilen, Çemmerlä ýetendiklerini aňmak bolýar. Kitapda agzalýan Halka obasy häzir çopan-çoluklaryň mal bakýan ýeridir. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Büküri obasyndan Halka on kilometrlikde, Çemmerli bolsa ýedi kilometr uzaklykda – günorta-günbatarda ýerleşýär.
«Gün gözýetimler aňyrsyna duwlanyp barýarka biz töwerek-daşy beýik mele çäge ulgamlary bilen gurşalan şoruň giň meýdanyna çykdyk. Ortada, takmynan 80 metr beýiklikde berk uçutly, düýbünden golaýlaşyp bolmajak ýaly bolup görünýän Çemmerli salgym atyp otyrdy. Bu depäniň ýel köwen etegi owadan eýwan ýaly bolup görünýärdi, şoruň özündäki çägeleriň eteginden bolsa gazylan çukurlar görünýärdi, türkmenler ol ýerden degirmen üçin wajyp bolan daşlary gazyp alypdyrlar.» diýip, alym A.E.Fersmanyň kitabynda nygtalýan ýerler üstünden bir asyra golaý wagt geçse-de häzirem şol durkuny, şol keşbini saklapdyr. Birmahallar degirmen üçin gazylan ýerlerde häzirem şol daşlar, Halka bilen Çemmerliniň arasyndaky şorluk meýdan, Halkanyň süýji suwly guýulary...aý-ýyllaryň şatysyna döz gelip, Garagum sährasyna bezeg berýär. Haçanda ylmy ekspedisiýa gatnaşyjylar Çemmerlä gelenlerinde, bu çulbanyň tebigy magdanlara örtülendigine haýran galypdyrlar. «Göýä gyzgyn çölüň lak reňkine boýalan ýaly bolup görünýän dürli-dürli kremniý daşlary ýapylaryň ýüzünde düňderilişip ýatyrdy. Uçudyň ýokarky erňeginden bolsa ýumşak hem tekiz, durşuna diýen ýaly ajaýyp kükürt magdanlaryndan düzülen depejik görnüp başlady.» diýip, alym çulbanyň tebigy gurluşyny çeper suratlandyrypdyr.
A.E.Fersman Çemmerliniň depesine çykyp, bu ýerden görünýän çulbalary merkezi Fransiýanyň ýada Neapolyň töweregindäki wulkanlara, Aýyň kraterlerine meňzedipdir, onlarça çulbalary ownuk «wulkaniki» konuslar, uçut gaýalar ýaly görnüşde beýan edipdir. Çemmerliniň üstüne çykyp, şol ýerden on bäş kilometr uzaklykdaky Diňli çulbany, otuz kilometrlikde ýerleşýän Topçulbany synlapdyrlar. Soňra olaryň kerweni sähranyň içi bilen geçip, häzirki Aşgabat-Daşoguz asfalt ýolunyň ugrunda ýerleşýän Şyh guýusyna, ondan aňrygam Derwezä barypdyrlar. «Köp gazylan depäniň üstündäki ak çägeleriň arasynda durşuna diýen ýaly arassa sap-sary kükürt uçgun ýaly ýylpyldaşýardy. Kükürdiň ullakan kristallary jaýryklary bezeýärdi. Kremniý bilen gipsiň galyň bardasy depäniň ýüzüni örtüp durdy.» diýip, alym Derweze çulbasynyň magdanlaryny, tebigy baýlyklara baýdygyny wasp edipdir.
Garagum sährasynyň jümmüşindäki çulbalary öwrenen ylmy ekspedisiýalara gatnaşyjylar bu ýerdäki çulbalarda otda ýakyp hek eder ýaly hek daşlarynyň, gipsiň, kwarslaryň, gar ýaly ak kaoliniň - «sabyn» daşlarynyň toplanandygyny, gurluşyk hajatlary üçin ulanyp boljak, düzüminde kükürt saklaýan berk kwarsitleriň, seýrek duş gelýän, gant arassalananda ulanylýan stronsiý metalynyň birleşmeleriniň...bardygyny ýüze çykarypdyrlar. Merkezi Garagumda Kükürt zawodynyň gurluşygy hakynda beýan etmek bilen, alym şeýle belläpdir: «Ahyrynda ekspedisiýada geologlar bilen magdançylar hem zor işlediler. Örän köp depeleri barladylar, aýry-aýry takyrlara baryp gördüler, guýularyň ýagdaýyny öwrendiler, ahyrynda hem agyr zähmetlerden soň, Zäkli diýen depäni saýlap aldylar. Ol ýerde zawod gurmak üçin iň amatly ýagdaý bar ýaly bolup göründi. Bu ýerde kükürt magdanynyň ýeterlik zapasy bardy. Goňşuçylykdaky Gyzyltakyr gyryndaky ajaýyp suw, Garagumdaky suwlaryň iň gowusydy, ol ilaty suw bilen üpjün edýärdi, boýy dört metr ýetýän ak sazagyň tokaýy örän gürdi.» Şu ýerde ýene bir zady bellemek gerek. Kitapdaky «Gyzyltakyr gyryndaky» diýen sözlem bir säwlik bilen ýazylypdyr. Hakykatda, gyrda suw bolmaýar. Suw ýa takyrda, ýada guýuda bolýar. Onsoňam bu ýerde gürrüňi edilýän Gyzyltakyry ir döwürde «Gyr Gyzyltakyr» diýip atlandyrypdyrlar. Obanyň şeýle atlandyrylmasy, bu obanyň gyry etekläp oturmagy, töwereginde gyrlaryň bolmagy bilen baglydyr. Aslynda, Merkezi Garagumda «Gyzyltakyr» adyny göterýän obalaryň üçüsi bolup, şolaryň ikisi Ýerbent obasynyň töwereginde ýerleşýär. Ýagny, Ýerbentden ýigrimi bäş kilometr gündogarda Gowşak Gyzyltakyr obasy, otuz kilometr günbatarda bolsa, Çyplaňlaň Gyzyltakyry obasy bar. Büküri obasyndan üç kilometr günortada bolsa, irki döwürlerde atlandyryşlary ýaly, Gyr Gyzyltakyr obasy ýerleşýär.

Ylmy ekspedisiýalaryň geçiren gözleg-barlag işleriniň netijesi boýunça, Merkezi Garagumdaky Kyrkçulba sebitinde Zäklide ilkinji kükürt zawodyny gurmak bellenilýär. Şeýdibem, ilki Zäklide, soňra Topçulbada, Derwezede - Göbekliçulbada kükürt zawodlary gurulýar. 1960-1961-nji ýyllara çenli işlän bu zawodlar arkaly Garagumuň çulbalaryndan kükürt magdanlary öndürilýär. Şol wagtky Zäkli obasy soňra Kükürt zawody diýlip atlandyrylyp, häzirki Ak bugdaý etrabynyň Bereketli geňeşliginiň Kükürtli obasydyr. Häzirki döwürde Kükürtli obasynda 85 hojalyk, 700-den gowrak ilaty bar. Obada bir orta mekdep, oba Saglyk merkezi ýerleşýär. Ýeri gelende ýatlasak, kakasy Azyz Hümmedow şu obada mugallym bolup işläp ýörkä, şahyr Gurbannazar Ezizowyň hem şu obadaky mekdepde okap bilim alandygyny belläsimiz gelýär.
Şol döwürde alymlardan, geologlardan düzülen topar tarapyndan Garaguma üç gezek ekspedisiýa guralypdyr. Akademik A.E.Fersmanyň ýatlamalarynda üçünji ekspedisiýada Garaguma awtomobilli gidipdirler. «Biz göýä jennetiň bagyndan geçýän ýaly elektrik prožektorlarynyň ýagtysy astynda garaňkyda guduz açan ýaly haýdap barýarys.» diýip, alym gür sazakly gumuň içinden geçip gidişlerini haýran galmak bilen çeper suratlandyrypdyr.
Çulbalar diňe bir daş gatlaklaryndan ybarat bolman, eýsem ösümlik dünýäsine-de baýdyr. Çulbalarda sözen, gandym ýaly agaçlar ösüp, ýaz pasly degre-daşy sähra otlaryna, güllerine beslenýär. Çulbalar gum obalaryna-da özboluşly bezeg berýär. Çarwa illerine myhman bolanlar hökman obanyň ýanyndaky çulbalara çykyp, daş–töweregi gyzyklanma bilen synlaýarlar. Çünki, çulba çyksaň, aňyrsy asman bilen sepleşýän aňňat-aňňat gum depeleri-de, uzakdaky Üňüz gyrlary-da eliň aýasynda ýaly aýdyň görünýär. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseriniň ikinji neşirinde gandym ösümliginiň ýurdumyzyň dürli ýerleri bilen bir hatarda, Merkezi Garagumda Kükürt zawodynda ösýändigini, şeýle hem, gyzarýan gandymyň Zäklide, Gyzyltakyrda ösýändigini aýratyn nygtaýar. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, Kükürt zawodynyň degresindäki çulbalaryň arasyndaky meýdanlarda tebigy melhemlik häsiýetine eýe bolan ösümlikleriň ençemesi köp gabat gelýär. Merkezi Garagumda çulbalaryň ýerleşýän ýerleri örän täsindir. Olaryň käbiri adyrlyk meýdanda, ýowşanly düzlükde ýerleşse, käsi gyr bilen gumuň sepgidinde ýada aňňat-aňňat gum depeleriniň arasynda hem gabat gelýär. Çulbalaryň iň köp gabat gelýän ýerleri – Büküri, Diňli, Kükürtli obalarynyň töweregidir. Şeýle hem, Büküri obasynyň demirgazyk-günbatar taraplarynda, Çemmerli çulbasynyň degre-daşynda çulbalar örän köp. Oba golaý ýerleşen çulbalar tomsuna geçileriň, owlaklaryň iň gowy saýalaýan, yssydan goranýan ýeridir. Çulbalaryň kölegesi geçiden doludyr. Ikindinaralar çulbalardan çykan geçiler örä giderdiler.
Öňler çagalar gum obalaryndaky tekiz takyrlarda ürç edip aşyk oýnardylar. Aşyk oýnalanda, hökmany suratda kenek gerek bolýar. Aşygy kenege öwürmek üçin hem, Büküri obasynyň demirgazyk-gaýrasynda keserip duran Saryçulba çykyp, şol çulbanyň daşyna sürtüp-sürtüp aşykdan kenek ýasardylar. Aşyk hem malyň bir süňki-synasy bolansoň, ol berk bolýar. Saryçulbanyň magdan daşyna sürtülende, aşyk tekizlenip-tekizlenip, ahyry owadan kenege öwrülerdi. Kenegiň ortasyna gurşuny eredip guýup, has-da berk kenek ýasalardy. Onsoň aşyk oýnuny näçe oýnasaň-da, kenegiň döwüljek gümany bolmazdy.
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, tejribeli fotosuratçy Muhammet Amanmämmedow şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda şahsy fotosergisini guranda, Garagumdaky çulbalaryň birnäçesiniň fotosuratlaryny hem sergide goýdy. Muhammet aga türkmen topragynyň täsinliklerini, gözel tebigatyny, dag-düzlerini, sähralaryny tüýs ýürekden söýýär, tebigat gözelliklerini surata düşürmegi örän halaýar. Ol Garaguma syýahata gidip, çulbalaryň köpüsine ýekän-ýekän aýlanyp görýär, fotosurata düşürýär. Onuň sergisindäki çulbalaryň fotosuratlaryny sergä tomaşa edenler uly gyzyklanma bilen synladylar. «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýlişi ýaly, çulbalaryň synlan adamlar Garaguma syýahata gitmegiň hem-de täsin çulbalary görmegiň arzuwynda boldular.
...Garagumuň çulbalary – sahawatly sähranyň özboluşly gözelligi. Aňňat-aňňat gum depelerinden aşyp, Merkezi Garaguma gelen adamlar gyr bilen gumuň sepgidindäki çulbalary görenlerinde «Daglyk ülkä geläýdikmikäk?» diýip, birbada geňirgenýärler. Sebäbi, kiçiräk dag gerişlerine çalymdaş çulbalar Garagumuň jümmüşinde beýle täsinlik bardyr öýtmeýän adamlar üçin has-da syrly. Çulbalaryň tebigy aýratynlyklaryny, ösümlik dünýäsini synlamak bolsa, her bir adam üçin gyzyklydyr.

Akmyrat REJEBOW