Yrymlar
Gyz durmuşa çykarylanda, oňa bir jübüt tabak, bir jübüt çemçe berlip, durmuşynyň elmydama doly bolmagy arzuw edilýär.
* * *
Gudaçylyga çarşenbede ýa-da şenbede gidilse, şowly bolarmyş.
* * *
Gyzlar tikin tikende sapagyny uzyn sapsa, daş ýere, gysga sapsa, ýakyn ýere durmuşa çykarmyş.
* * *
Nesilme- nesil geçip gelýän sallançagy hiç kime başbitin bermek bolmaýar.
* * *
Saçlary buýra- buýra çaga ot ýaly dogumly bolarmyş.
* * *
Agşam külüň üstünden geçmek gowulyga ýorulmaýar.
* * *
Kimdir biriniň kemisligini ýaňsa alyp, üstünden gülseň, özüň hem kemisli bolarmyşyň.
* * *
Nahary çommalyp iýseň, berekediň gaçarmyş.
* * *
Köýnek biçip otyrkaň ýadasaň, galan mata bölejigini sag eliňe daňsaň, aýrylarmyş.
* * *
Hamyr syçrasa, öýe myhman gelermiş.
* * *
Bitin çöregiň iki tarapyndan döwseň rysgyň gidýär diýlip yrym edilýär.
* * *
Çöregi düňderip goýmak bolmaýar.
* * *
Çöregi döweniňde, iki eliň bilen döwmeli.
* * *
Çöregiň, saçagyň üstünden ätlemek bolmaýar.
* * *
Hamyr edilende kendirigi kim ýazsa, şol kişi hem ony ýygnamaly diýlip aýdylýar.
* * *
Toýa jüp, ýasa täk çörek alnyp gidilýär.
* * *
Tamdyryň, saçagyň, ojagyň , harmanyň ýanynda saçyňy daramak, dyrnagyňy almak günä hasaplanýar.
* * *
Saçagy asla boş goýmaly däl. Onuň içinde, iň bolmanda, bir döwüm çörek bolmaly. Ýogsam saçak gahatçylyga garaşarmyşyn.