«Pürli aganyň çalşy»


«Pürli aganyň çalşy»



Milli bagşyçylyk sungatymyzyň uly ussady bolan Pürli Saryýew milli aýdym-sazyň sütünleriniň biri hasaplanaýar. Pürli sazandanyň kakasy Sary bagşy aýratyn ýiti zehinli, juda ýatkeş, hoş owazly bagşy bolupdyr. Kel bagşy, Täçmämmet Suhanguly, Mylly Täçmyrat kimin ussatlar bilen ýakyn gatnaşykda bolan Sary bagşy sungatyny soňra milli aýdym-sazymyzyň ussatlygyna ýeten ogullary Pürli, Oraz we Nury Saryýewler dowam edýärler.
Hormatly Prezidentimiziň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda Pürli Saryýew barada şeýle diýilýär: «1935-nji ýylda türkmen radiosynyň ýanynda halk saz gurallar ansambly döredilýär. Ansamblyň ýolbaşçylary Mylly Täçmyradow bilen Pürli Saryýewiň öňünde kyn wezipe – özboluşly ýerine ýetirijilik däplerini saklap galyp, saz eseriniň bitewi, sazlaşykly ýaňlanmagyny gazanmak durdy. Kynçylyk çekilýän ýeri, Türkmenistanyň ähli künjeklerinden gelen bagşy-sazandalaryň hersi dürli aýdym-saz ýollarynyň wekilleri bolmak bilen, olaryň her ugra mahsus ýerine ýetiriliş aýratynlyklary bardy. Ýöne, bu kynçylyklara garamazdan, işiň hut şol döwründe halk sazyny toparlaýyn ýerine ýetirmegiň esaslary goýlupdy. Dutary hem-de gyjagy ussatlyk bilen çalan Pürli Saryýew halk heňlerini we sazlaryny topar bolup ýerine ýetirmek üçin köp sanly täzeden işlenen eserleri döretmekligi öz üstüne aldy» diýip belleýär.
Pürli Saryýew 1900-njy ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bamy obasynda dünýä inýär. Täçmämmet Suhanguly, Annahal bagşy, Batyr bagşy, Hanmämmet gyjakçy, Kel bagşy, Mylly Täçmyrat ýaly belli bagşy-sazandalaryň ýygy-ýygydan gelip gidýän maşgalasynda terbiýelenen Pürliniň saza bolan ukyby juda ir ýüze çykýar. Ol on ýaşlarynda gyjak çalmagy öwrenýär we Sary bagşynyň ýanynda sazandarlyk etmäge başlaýar. Döwrüniň meşhur bagşy-sazandalarynyň görüm-göreldesi, galyberse-de, Sary bagşynyň halypalyk yhlasy, atalyk mähri ýigit çykan Pürlini ussatlyk derejesine ýetirýär. Dutardyr gyjaga deň erk etmegi başaran Pürli 1934-nji ýylda kakasy Sary bagşy aradan çykandan soň, oňa bagyşlap, «Bagyşlanýar» atly ilkinji sazyny döredýär.

1933-1939-njy ýyllarda Pürli Saryýew, orkestriň baş dirižýory S.Tumanýan bilen bilelikde, ýörite sazçylyk mekdebinde we radiokomitetde, birinji türkmen saz gurallary orkestri döredýärler. Şonuň bilen birlikde gyjagyň nusgasynda alt gyjak, wiolonçel gyjak, kontrabas gyjaklaryň täze nusgasyny girizipdirler. Bu saz gurala ýigrimi üç perde ýerleşdiripdirler. Üç tarly saz guraly şowly çykýar. Orkestr barha kämilleşýär. Ol indi türkmen halk heňlerinden «Nergiz», «Sallanan gözel», «Ýandym Leýli» ýaly sazlaryň ençemesini ussatlyk bilen çalmagy başarýarlar. Pürli aga köp bagşy-sazandalar toparyny yetişdirmek bilen birlikde döredijilik işini hem dowam edýär. Onuň döreden «Türkmenistanym», «Ur çekijim», «Ak pagta» ýaly aýdymlary dilden-dile geçip aýdylýar.
1934-nji ýylda Moskwada türkmen bagşylarynyň grammofon ýazgylary ýazgy edilip başlanýar. Pürli Saryýew bu ýazgyda görnükli bagşy-sazandalar Garly bagşy, Nursähet bagşa, Oraz Salyra, Giçgeldi Amanowa gyjakda sazandalyk edýär.

Pürli Saryýewiň 1937-nji ýylda döreden «Şatlyk», «Mähriban», «Lälezar bolar», «Gurluşykçynyň aýdymy», «Höwesli» sazlary çeper höwesjeňler toparlarynyň döredijilik hazynasyna girizildi.
1939-njy ýylda ussat sazandanyň Moskwada halk sazandalarynyň gözden geçirilişinde baýrakly ikinji orna mynasyp bolmagy onuň ýiti zehinine, kämil ýerine ýetirijiligine berlen uly baha boldy. Şol ýyl Pürli Saryýewe «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakyldy.
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň öňüsyrasynda we onuň ýalynly ýyllarynda Pürli Saryýewiň kompozitorçylyk ukyby has kämilleşip, ençeme aýdym-sazlary döredýär. Şoňa görä-de, ol Türkmenistanyň kompozitorlar birleşmesine ilkinjileriň hatarynda kabul edilýär.
Bütin manyly ömrüni milli aýdym-saz sungatyna bagyşlan ussat sazanda Şamyrat Gurbannepesow, Çary Täçmämmedow, Ata Ablyýew, Ýagmyr Nurgeldiýew, Hangeldi Annamyradow, Dörtguly Durdyýew, Nurjemal Adyýewa, Giçgeldi Amanow, Kiçi Geldimyradow ýaly bagşy-sazandalaryň ösüp ýetişmeklerine uly goşant goşdy.
Pürli Saryýew birnäçe ajaýyp sazlary miras galdyrdy. Ýyldyrym çaltlygyndaky hereketli barmaklarynyň emri bilen birgiden mukamlarymyz täze öwüşgine beslendi. Käbir uly bolmadyk aýdym heňleri ösdürilip, çylşyrymly saz derejesine ýetirildi. Şeýlelikde, «Pürli aganyň çalşy» diýen kämil sungat adalgasy peýda boldy. Muny «Gyrat», «Gülzar», «Işbaý», «Kerem geldi», «Kän güldi», «Nowgül», «Haraýym döndi» kimin onlarça sazlaryň mysalynda görýäris. Pürli Saryýewiň bize miras goýan «Ýaşylbaş», «Torgaý guş», «Bibi» ýaly gyjakda çalan sazlary ussatlyga ýetişen ençeme sazandalara nusga boldy. «Şatlyk», «Säherde», «Joşgun» diýen ajaýyp sazlary, häli-şindi teleradioýaýlymlarda berilýän gepleşikleri bezäp gelýär. Pürli Saryýewiň halka eden hyzmaty üçin, 1944-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakyldy.

Çynar GURBANOW