Saglyk bilen sungata sary


Saglyk bilen sungata sary



Babasary halypa bilen çaý başyndaky gürrüňçiligimiz sporta ýazdy gitdi. Eýse näme, sungat sportdan üzňe däl-ä... Nesip bolsa, indiki ýyl segseni tegelejek Türkmenistanyň halk suratkeşi, Hormatly il ýaşulusy Babasary Annamyradow her gün ertirini döredijilik işinden öňürti, saba-säherde sportdan başlaýar. Köpügören, goja heýkeltaraş beren sowalymdan soňra, gürrüňini dowam etdi:

— Men mydama ir turýan. Şu günler-ä jahan ir ýagtylansoň, hasam ir turmaly bolýar, sagat 5-de (gyşda sagat 6-da) turýan. Ýagyş ýagsyn, gar ýagsyn — tapawudy ýok, ykjam geýnip, Medeniýet şäherçesiniňgünbataryndaky meýdançada bir ýarym sagat pyýada ýöremäge çykýan. Gezim edip bolanymdan soňra maşk edýän. Soňra turnikden 10 — 12 sekunt çemesi aslyşyp, süňňümi ýazýan. Meniňüçin irden gezmelemek şol gün üçin güýç berýär.
— Işläniňde-de şähdaçyk zähmet çekýäň-dä onsoň.
— Elbetde. Adam hereket etmän ýatsa, sus bolýar. Wagtynda turmasa, melul bolup ýatýar. Ir turup, bedenterbiýe bilen meşgullansaň, gan aýlanyşyň gowulaşyp, ruhubelent bolýarsyň. Onsoň seniňýanyňa agyry gelenok.
Adam mydama hereketde bolmaly. «Herekete — berekedem» diýilýär-ä... Öwrenişen adam hereket etmese oňubilmeýär. Men daşary ýurtda bolanymda-da, ilki bilen, nirede gezim etmäge ýer barka diýip pikir edýän.
— «Adam hereket etmän ýatsa, sus bolýar» diýdiňiz-dä. Olary nädip höweslendirmeli?
— Özüňe erk etmeli. Sporty endige öwürmeli. Mysal üçin, gezmelemäniň özüniň lezzeti bar. Şonuň lezzetini duýmasaň, haýry ýok. Biz görýärdik, sazanda Mylly aga öýünden (şol wagtky köne Aşgabat obasyndan) radiokomitete çenli pyýada ýörärdi. Ol ap-ak geýnüwli, biçak arassady. Tebigatdan lezzet alyp gelýän bolmaly.
— Sözüňiz agzyňyzda, halypa, bagtyýarlyk eýýamymyzda Aşgabadymyzyň köçelerinden pyýada ýöreýäň welin, barmaly ýeriňe nädip ýeteniňem bileňok.
— Hawa, ýaňky diýşim ýaly, gözelliklerden lezzet alsaň, wagtyň nädip geçenini hem bilip bolanok. Ýöremegem sport. Sport ruhubelentligi döredýär.
— Belli suratkeş Durdy Baýramow dagy futbolam oýnar ekenler.
— Hawa. Men okuwyň birinji ýylyna gelenimde, Durdy Baýramow 5-nji ýyl talypdy. Durdy ussahanasynda portretimi çekýärkä, daşary ýurtda bolanda futbol ýyldyzy Ronaldino gabat gelendigini aýdypdy. Men ýaşlykdan sporty söýýäniň täsirlerini aýtjak bolýan: ýaşlykdaky sporta bolan söýgi uly ýaşda-da ýatdan çykmaýar. Daşary ýurduň türgenem bolsa, ol özüne ýakyn adam ýaly bolup görünýär. Sport adamlary birleşdirýär, dostlaşdyrýar.
1965 — 1970-nji ýyllarda Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatral-çeperçilik institutynda okaýarkak okuwdan daşary woleýbol oýnardyk. Tomsuna dynç alyş möwsümine gelenimizde Mommy Seýitmyradow, Gylyçmyrat Ýarmämmedow, Magtymguly Nurymow dagy bilen üýşüp, şol wagtky «Kolhozçy» stadionyna futbol görmäge gidýärdik. Şol wagt Ýakup Orazsähedow, Gurban Berdiýew dagy oýnaýardy. Olar Pele ýalydy biziňüçin. Mümkin, şondan galan täsirdir, indi bir ýerde Gurban Berdiýew tälimçi bolsa, şoňa janköýerlik edýäs.

Sungatyňdürli ugurlaryndaky adamlaram sport bilen arasyny üzmändirler. Sazanda Jepbar Hansähedow bilýarda ezberdi. Sport bilen hemişe meşgullanyp durmaly. Ýaşkak öňki 1-nji parkda (häzirki «Aşgabat» seýilgähinde) medeniýet, sungat işgärleri üýşerdiler. Küşt oýnardylar. Seýilgäh agşam hasam gyzyklydy. Woleýbol oýnalardy. Biz çeperçilik uçilişşesinde okaýarkak Ýolaman Nurymow, Gurban Gummanow dagy sazçylyk mekdebinde okaýardylar. Olaryňumumy ýaşaýyş jaýlary golaý bolansoň, olar bilen agşamara woleýbol oýnamaga çykardyk.

Sport adamy biçak tijendirýär. Ol wagtyňy almaýar, gaýta wagtyňy tygşytlaýar. Sport adamyň ukybyny açmaga kömek edýär. Sport bilen meşgullansaň, hemişe işe ukyply bolýarsyň. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda talyplara sport temasy boýunça-da işlemekligi ündeýän. Ýaşlar Saglyk ýoluna yzygiderli çykýarlar. Munuň özem beden saglygyna gaty peýdaly. Garaz, sport bilen her kimiňem meşgul bolmagy wajyp.

Senem sport bilen meşgullanýaňmy?
— Hawa, pyýada ýöreýän.
— Şeýlemi, sen onda (ýylgyrýar) tüýs meniň diýýänim ekeniň. Goňşym bolaýanyňda kelte tirkelen ýaly, pyýadalamaga çykardyk.... Meýdanda jan saglyga peýdaly dermanlyk otlar köp. Oglankak ýuwa, ýelmik ýaly meýdan otlaryny kän iýerdik. Ejem pahyr selmeden gutap edýärdi. Aýtmak isleýänim, tebigy otlar jan saglyga gaty peýdaly. Dogrusy, ol — lukmançylyk. Tebigatda hiç bir artykmaç zat ýok.
— Biri-birinden üzňe zat hem ýok.
— Hawa. Tebigat... Ir bilen ýöremäge çykanymda Günüň dogmazyndan öňräk howa üýtgeýär, biraz sowaýar. Özem şol wagt howanyň iň arassa wagty bolmaly. Gün ýokary galyp başladygyça, dagyňreňki üýtgeýär. Geňzat. Ol gök reňkden tä-ä öz reňkine gelýänçä, usullyk bilen üýtgäp barýar.
Käwagt Aý ulalýar. Onsoň«Aýam täsin zat» diýip, öz ýanyňdan pikir edýärsiň. Käte-de Aýyňbir özi bulutlaryň arasyndan ýagtylyp çykýar. Asman, daglar... hemmesi täsinlik-dä. Astronomiýada «Ýer öz okunyň daşyndan aýlanýar» diýilýär, emma Günüň öz okunyň daşyndan aýlanyşy gaty ýokary tizlikde eken.
— Älem giňişligindäki ähli zat adam ýaly hereketde-dä.
— Elbetde, hemme zat hereketde. Adamlaram, haýwanlaram, baglaram, otlaram hereketde. Hereketsiz zat ýok. Geňzat. Dagam garraýança ösýär.
— Babasary halypa, ussahanaňyzdaky gülleriňizem janly eser ýaly!
— Öýümizde kiçiräk baglary, gülleriňdürli görnüşlerini saklaýarys. Gülleriňhem lezzeti bir aýry. Öň«Teke bazarynyň» ýanyndaky jaýda, birinji gatda ýaşanymyzda bölek ýere gül ekdim.
Geçen adamlar «Owadan güller eken» diýip, seredip geçýärdiler. Gülden başga alma-da, injirem, naram ekipdim.
Esasy zat, tebigaty söýmeli. Hemme zadyňöz owadanlygy bar. Her bagyňöz ösüşi bar, öz ýapragy bar, öz miwesi bar. Bagy özüňýetişdirmekligiňem özüne ýetesi lezzeti bar. Şolary duýmak gerek. Bagsyz dünýäni göz öňüne getirmek mümkinem däl. Bag howany tämizleýär.

(Babasary aga, käsesine guýan çaýyny lezzet bilen owurtlady). Çaýa taý geljek içgi ýok. Mähriban Prezidentimiz çaý hakdaky eserinde aýdýar-a: «Çaýyňýerini tutjak içgini tapaýmak kyn». Çaý adamy gurplandyrýar, ruhuny göterýär. Çaý içmek, suw içen ýaly däl, bu teşneligiňi gandyrýar. Çaý içip ýörene «Suw içiň!» diýseňdüşünmeýär. Türkmen aga: «Nahar iýmäge gideli!» diýmeýär, «Ýör, çaýa gideli!» diýýär. Şonuňaňyrsynda çuňmany bar. Çaýlaşmak — birek-birege düşünişmek, birek-biregiňgöwnüni götermek.

— Hormatly Prezidentimiziň «Çaý — melhem hem ylham» atly kitabynda aýdyşy ýaly: «Çaý başynyň söhbetleri hem ýürege ýakyn, süýji söhbetler». Babasary halypa, süýji söhbetler üçin size sagbolsun aýdýarys! Gürrüňçilik gyzykly bolanda, wagtam çakgan geçer eken.
— Bir gezek gyşda endigime görä, ir bilen daşary çykanymda gar ýagýan eken. Howa sowuk däldi, gaýta biçak ýakymlydy. Töwerek ap-akdy. Asudalykdy. Hol beýleräkde şygyrdy bolsa, eşidiljekdi. Şunuňözi-de bagt ahyry! Ýurdumyz parahat! Asuda ýurtda ýaşamagyň, işlemegiňözi bagt. Şu döwrüňgadyryny bilip ýaşamaly. Parahatlygyň özi — sagdynlygyň özeni! Şonuňüçin her kim Watanyna mynasyp goşandyny goşmaly. Bagbanyň gülleri, baglary ýetişdirmegi-de goşant. Bu bolsa gözellik, ekologiýa abadançylygy. Sag bolsun, mähriban Prezidentimiz! Halkynyň saglygy üçin ägirt uly işleri bitirýär. Goý, milli Liderimiziň adamzadyň asuda durmuşda, sagdyn ýaşamagy üçin edýän tagallalary hemişe rowaç bolsun!

Guwanç MÄMIÝEW