Eşretli durmuşyň gözbaşy


Eşretli durmuşyň gözbaşy



Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Diýarymyzda mähriban halkymyzyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Saglygy goraýyş ulgamyndaky ösüşleriň täze belentlikleri hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjiligi we taýsyz tagallasy bilen gazanyldy. Ynsan saglygyny hemme zatdan ileri tutýan milli Liderimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy ösen halkara derejelerine çykaryldy.
Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň ähli aladamyz halkymyzyň bagtly, eşretli ýaşaýşyna gönükdirlendir» diýen sözleri biziň durmuşymyzda özüniň aýdyň beýanyny tapdy. Ýurt Baştutanymyzyň tagallalary bilen durmuşa ornaşdyrylýan beýik işleriň ählisiniň özeninde halkymyzyň hal-ýagdaýyny, durmuş şertlerini mundan beýläkde gowulandyrmak, sagdyn durmuşa eýerýän sagdyn maşgalalary döretmek, ýaş nesliň bilimli, jemgyýete peýdaly adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak baradaky atalyk aladalary dur.
Döwlet Baştutanymyz sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary, wagyz-nesihatçysy bolmak bilen, saglygy goraýşy toplumlaýyn ösdürmek we kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sporty ösdürmek meselesine aýratyn üns berýär. Mälim bolşy ýaly, paýtagtymyzda gurlan täze hassahanalar, Saglyk öýleri häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilýär. Berkarar Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamynda möhüm ähmiýetli maksatnamalaryň kabul edilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Halkymyzyň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketine gatnaşyp, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagyna giň ýol açyldy. Ýurdumyzda neşekeşlige garşy göreşmek, zyýanly endikleriň öňüni almak boýunça ägirt uly işler üstünlikli berjaý edilýär. Eziz Diýarymyzda sagdyn eneligi we çagalygy goramak boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Eneleriň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça milli strategiýa üstünlikli ýerine ýetirilýär. Türkmenistanyň milli reproduktiw saglyk strategiýasynyň GDA döwletleriniň arasynda ilkinji bolup kabul edendigini bellemek gerek.
Mähriban halkymyzyň saglygyny gorap saklamak babatda kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär. Muňa mysal edip, «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda» we beýleki birnäçe kabul edilen resminamalary görkezmek bolar. Şeýle hem azyk önümleriniň howpsuzlygy we hili hakynda, agyz suwunyň howpsuzlygy, radiasiýa howpsuzlygy hakynda kanunlar hereket edýär.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasynda ýurdumyzda maşgala lukmançylygy üstünlikli ýola goýuldy. Häzirki wagtda ilatyň saglygyny berkitmek, keselçiligiň derejesini peseltmek, çaga dogrulmagynyň howpsuzlygyny üpjün etmek we adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny has-da uzaltmak ýaly wezipeler üstünlikli berjaý edilýär.
Saglygy goraýyş ulgamynda bitirilen beýik işler halkymyzyň saglygyny pugtalandyrmaklyga, keselleriň öňüni almaklyga, keseli irki derejesinde ýüze çykarmaklyga, bejeriş işlerini kämilleşdirmeklige uly ýardam etdi. Saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan raýatlaryň arasynda geçirilýän lukmançylyk barlaglary, wagyz-nesihat işleri özüniň oňyn netijelerini berýär. Çagalarda saglygy goraýyş, öňüni alyş barlaglarynyň geçirilmegi, degerli maslahatlaryň berilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Ýaş ýetginjek oglanlaryň arasyndaky kesel anyklaýyş barlaglaryň netijeliligi, Watan goragyna gidýän ýigitleriň sagdyn we berk gaýratly gulluk etmekligine ýardam berýär. Raýatlaryň arasynda alnyp barylýan keseliň anyklaýyş barlaglarynyň netijesinde gazanylýan üstünlikler, öz wagtynda berilýän bejergileriň keselleriň öňüni almakda ähmiýeti örän uludyr. Şäherlerde we obalarda dünýä ülňülerine laýyk derejede enjamlaşdyrylan Saglyk öýleriniň açylyp ulanmaga berilmegi hem-de olaryň gurluşygynyň yzygiderli alnyp barylmagy bu ugurda oňyn netijeleri gazanmaga uly mümkinçilikleri berýär.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýurdumyzda häzirki zaman şypahana-dynç alyş ulgamy döredildi, şypahanalarda bejerişiň tebigy usullary giňden peýdalanylýar. Ýurdumyzyň derman senagaty döwrüň talabyna laýyk ösdürilýär. Saglygy goraýyş ulgamynda kärine ussat hünärmenleriň ýetişdirilmegi üstünlikli ýola goýuldy. Bu ugurda kanunçylyk binýadyny berkitmek babatynda ägirt uly işler amala aşyryldy we abraýly halkara guramalar tarapyndan doly ykrar edildi. Öňdebaryjy täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş edaralarynyň kemala getirilmegi bilen, esasy üns keselleriň öňüni almaklyga gönükdirildi. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy halkara derejelere çykaryldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen saglygy goraýyş ulgamynda elektron dolandyryş usuly ýola goýulýar. Bu bolsa öz gezeginde ilaty elektron lukmançylyk kartlary bilen üpjün etmäge ýardam etdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýäniň bu ugurdaky öňdebaryjy kompaniýalary we ylmy-lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlygy üstünlikli ýola goýdy. Şunda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby diňe bir lukmanlarymyzyň, ylmy işgärlerimiziň ýankitabyna öwrülmän, eýsem, dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär.
Goý, saglygy goraýyş ulgamynda beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç bolsun!

Ogulnäzik ANNAÝEWA