Ussatlygyň ýoly başga


Ussatlygyň ýoly başga

Allaberdi Aýdogdy ogly ― Kel bagşy (1915-nji ýyl)



Allaberdi Aýdogdy oglunyň — Kel bagşynyň doganoglan agasy Öwez saz sungatyna kemsiz imrinip, döwürdeş sazandasy, meşhur Gönübek dagy bilen egnini deňläp ugran sazanda eken. Emma onuň sag elinden çykan ýoňsuz ýara ony dutar bilen hemişelik hoşlaşdyrypdyr. Onsoň ol ýakyn-u-alyslara argyşa gidip, güzeranyny aýlamaly bolupdyr. Ol bir gezek şol maksat bilen, Tejene gidende, iki gün geçip-geçmänkä, agasy Allaberdiniň bu ýere gelmegini talap edipdir. Kel bagşy agasynyň habaryna howsala düşüpdir. Ol ähli işini goýup, haýal etmän ýola düşüpdir. Ýolboýy agasynyň gyssagly çagyrmagynyň sebäbi barada pikir edip, ol ýere nähili baranyny hem duýmandyr.

Tejende kerwensaraýda düşlän agasyny aňsatlyk bilen tapan sazanda oňa ýüzlenipdir:
— Agam, eýgilikmi?
Öwez demi-demine ýetmän şeýle diýipdir:
— Inim, bu ýere gelen agşamym kerwensaraýda şu jelegaýlary baglan bir sazandany diňlemek miýesser etdi. Oňa Sytdyh diýýär ekenler. Ol «Ýandy bagrymy» şeýle bir çaldy welin, haýýatym göterildi. Ol o biziň çalýan sazymyza bir nagyş beripdir welin, men-ä näme diýjegimi bilmän, ýuwdunyp oňaýdym. Argyşam ýatdan çykdy, sargydam. Onsoň seni çagyranymy kem görmedim. «Ýandy bagryma» goşulan şojagaz nagşy alyp bilsek, bu gezek oljamyz oňsa gerek.

Aga-ini tirkeşip, şol gije meşhur Sytdyh sazandany tapyp, şol sazy öwran-öwran diňläpdirler.

Türkmen aýdym-saz sungatynyň gadyryny bilýän ussatlaryň durmuşynda köp gezek gaýtalanan bu ýagdaý hakyky ussatlaryň hiç bir zady gözden salmaýandyklaryndan habar berýär.

«KIMDIGINI ÖZI TANADAR...»

Ahalyň gum içindäki obalarynyň birine toýa çagyrylan Gönübek ýanyna Batyr gagşaly alyp gidipdir. Aýdym-saz sungatynda meşhurlyk gazanan iki halypanyň bir toýa gelmegi oba adamlaryny begendiripdir. Şol gün bir säw bilen bu obanyň üstünden ýoly düşen Kel bagşy birbada olary bimaza etmezligi ýüregine düwüpdir. Emma halypasy Gönübek bilen didarlaşman gitmegi biedeplik hasaplan ýaş sazanda, ýüregine daş baglap, bagşylaryň oturan ak öýüne salam berip giripdir. Aýdym-saza kemsiz gyzan Batyr bagşy nätanyş ýigide onçakly üns bermedigem bolsa, Gönübek şägirdini ör turup garşylapdyr. Muny gören Batyr bagşy geňgalyjylyk bilen Gönübek halypa ýüzlenipdir:
— Bu oglany tanamadym-la, halypa. Kimdir bi?
Gönübek, Allaberdi näçe çekinjirese-de, ony gapdaljygynda oturdypdyr-da, şeýle diýipdir:
— Batyr jan, oglan eline dutar alsa, kimdigini derrew tanadar.
Göwnüýetijilik bilen aýdylan bu söz Kel bagşyny ganatlandyrypdyr.

HALYPA SARGYDY

Meşhur Sary bagşy hemişe bir ýere toýa-tomga çagyrylanda, ol ýere Kel bagşynyň barýanyny ýa barmaýanyny anyklar eken. Bardy-geldi bagşynyň barýanyny aýdaýsalar:
— Kel bagşynyň aýdym-saz gory egsilmezdir. Onuň ýadadymy, ýaltandymy bolmaz. Saz çalsyn, diňlesin, parhy ýok. Ony geň galdyrmak aňsat däldir. Biliňizi berk guşaň. Kel halypany ile meşhur eden zat onuň talapkärligi, üstesine-de, sungatyna säwligi golaýlatmaýanlygydyr — diýip, şägirtlerine sargar eken.

Nowruz GURBANMYRADOW