Milli ýörelgelerimiziň sarpalanylyşy
Milli mirasyň waspy bilen ynsanperwerligiň türkmen nusgasyny äleme ýaýýan hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň neşir edilmegi halkymyzyň göwnüni galkyndyrdy, kalplarymyza ylham joşgunyny peşgeş berdi.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň many-mazmuny, ilkinji nobatda, halkyň duýgy-düşünjesiniň, milli däp-dessurlarynyň uzak asyrlaryň dowamynda döwürleriň medeni-ruhy ýörelgesi bolup hyzmat edendigine ünsi çekýän bolsa, ikinjiden, halkyň durmuşa ukyplylygy, özboluşlylygy bilen tapawutlanýan, hemişe döwrebaplyk mahsus bolan medeni-ruhy gymmatlygynyň umumadamzat bähbitli miras hökmündäki ähmiýetini hem dünýä ýaýýar.
«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitapda türkmen medeniýeti diýen düşünje jemgyýetiň we şahsyýetiň taryhy ösüşiniň dowamyndaky häsiýetli aýratynlyklarynyň görkeziji guraly bolup çykyş edýär. Bu ýagdaý hem-ä türkmen däp-dessurlary, ýol-ýörelgeleri arkaly kemala gelen durmuş ölçeglerini şöhlelendirýär, hem-de uzak asyrlaryň dowamynda adamyň durmuş üpjünçiligi ugrundaky maksatlarynyň, ukyp-başarnygynyň we mümkinçilikleriniň amala aşyrylyşynyň jemgyýete bolan gatnaşygyny alamatlandyrýar.
Alym Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň esasy aýratynlyklarynyň biri, halypa-şägirtlik ýoly, dost-doganlyk gatnaşyklary, halkyň ruhy-medeni gymmatlyklary sarpalaýşy, ynam-ygtykatlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti, taryhy şahsyýetleriň nusgalyk keşbi, däp-dessurlarymyzyň milli özboluşlylygy hakyndaky ýatlamalar — tymsal häsiýetli taryhy gürrüňler, rowaýatlar, durmuş wakalarynyň many-mazmuny arkaly beýan edilmegindedir. Kitapda tamdyrda çörek ýapýan gelinden başlap, ik egirýän, ýüpek işýän zenan keşpleriniň bolmagy, Keýmir serdaryň gelinlik saýlaýşyndaky söhbetde türkmen gyzlarynyň edep-ekramlylygynyň, akyl-paýhaslylygynyň waspyndan başlap türkmen taryhynyň dünýä meşhur zenany Tumar şa hakyndaky maglumatlaryň orun almagy juda buýsançlydyr.
Henize çenli ylmy jemgyýetçilige mälim bolmadyk hekaýatlaryň, rowaýatlaryň, halk pähimleriniň orun almagy bolsa kitabyň gymmatyny has-da artdyrýar. Tejeniň waharmany, Lebabyň gülabysy, Daşoguzyň garrygyzy, Sumbaryň nary, Babarabyň üzümi ýaly bagly-bakjaly, ir-iýmişli türkmen tebigatynyň suratlandyrylmasy, üzärligiň adam saglygyny goramakdaky melhemlik täsiriniň keramatlyk hökmündäki tarypy öz ýaşaýan topragyňa bolan söýginiň näderejede beýikdigini görkezýär.
Türkmençilikdäki duzuň gudraty, datly tagamyň hödür-keremi, çöregiň mukaddesligi, oduň başynyň söhbedi babatdaky beýan etmeler halkyň birek-biregi hormat-sylag bilen garşylaýandygynyň beýanydyr. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda nesliň medeni-ruhy kämilligini gazanmak, gözelligiň waspy arkaly ynsanyň ukyp-başarnygyny terbiýelemek we döredijilik, işjeňlik başarnygyny gözükdirmek, ynsanyň öz aslyna akyl ýetirmeginiň ruhunda ýaşaýyşdaky ornuny tapmagyna itergi bermek ugrundaky oý-hyýallar halkyň türkmençilik däp-dessuryny, ruhy-ahlak garaýşyny, uzak ýyllaryň durmuş tejribesini döwletlilik ýörelgesi hökmünde dünýä medeniýetiniň mertebesinde dabaralandyrýar. Şahsyýetiň adamkärçilik hilleriniň — yhlasynyň, güýçli erjelliginiň, ynsabynyň we ynamynyň üsti bilen işjeňlik we pähimlilik babatda türkmen jemgyýetindäki nusgasyny şöhlelendirýär.
«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitapda güýçli ynamyň söhbedine uly orun berilýär we «Ol ynam adamyň ata-baba dowam edip gelýän garaýyşlarynyň, işleriniň dogrulygyna esaslanýar. Tutanýerliligi, döredijilikli tagallany talap edýän şol ynam bolsa bilmek, öwrenmek, akyl ýetirmek arkaly öz ýaşaýan jemgyýetiň binýadynyň berk bolmagyna goşant goşmaga çagyrýar» diýlip beýan edilýär.
Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda taryhy hakydanyň syýasy-jemgyýetçilik wezipesi, halky hakydanyň ruhy baýlygy, şahsyýet hakydasynyň buýsanjy, söýgüsi hakyndaky beýan etmeler halkyň hakyda bitewüliginiň ähmiýetli ornuny hem ýüze çykarýar. Kitabyň sözbaşylarynyň atlandyrylyşy hem şol hakyda yzygiderliliginiň bitewüligine syrykdyrylmagy arkaly, türkmen halkynyň uzak asyrlaryň dowamyndaky medeni-ruhy äleminiň taryhy giňişlikdäki orny ýüze çykarylýar.
Söhbet etmek, gürrüň bermek arkaly öwüt-ündew, bilim bermek halk pedagogikasynyň esasy usullarynyň biridir. Eserlerdäki kyssalar hem söhbetdeşlik usulyny ulanmagyň görnüşlerindendir. Bu ýagdaýa orta asyrlar edebiýatynda bilim berijilik we terbiýeleýjilik ähmiýetli usul hökmünde giňden ýüzlenilendigine şaýatlyk edýän maglumatlar sanardan kän. Seljuk türkmenleriniň soltany Mälik şanyň köşgünde ýigrimi ýyllap işlän Muhammet Gazaly: «...kyssany ýatlamakdan maksat — kyssany beýan etmek däl-de, eýsem onuň mazmunyndan pent almakdyr. Mana düşünmek şatlygy, ylma bolan höwesi oýarýar» diýip belläpdir.
«Söhbet ýagşydyr», «Söhbet bolmasa» diýen goşgulary döreden akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem söhbetdeşlik usulyna uly ähmiýet beripdir:
Göz, köňül, dil, akyl — galdy bu dördi,
Jan watan arzuwlap, turdy ýel bile.
Terhosym bar, gel, terk etme bu ýurdy,
Eşret sürgün, söhbet gurgun gül bile.
«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitapdaky söhbetlerde türkmen taryhynyň Abdylla Mübärek Merwezi, Mahmyt Zamahşary, Baýram Han, Abdyrahym han, Keýmir serdar, Nurberdi han ýaly adamzat taryhynyň baýlaşmagyna goşant goşan taryhy şahsyýetleriniň ömür-ykbaly, edebi-döredijilik mirasy, öz nesillerine galdyran haýyrly, nusgalyk ýörelgeleri teswirlenilýär. Alym Arkadagymyzyň kitabyndaky pähime baý söhbetler diňe bir türkmen jemgyýeti üçin däl, eýsem halkara ähmiýete hem eýedir. Çünki türkmen halkynyň milli ruhy kökleri hakyndaky söhbetlerde halklary biri-birine ýakynlaşdyrýan adalatly durmuş we bagtly ýaşaýyş hakyndaky gözlegler, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sazlaşygyny dörediji kämil nesli kemala getirmek meselesi orun alýar. Şonuň üçin alym Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: «Häzirki döwürde dostluk bize dünýä ýüzünde pikirdeşlerimizi tapmaga kömek edýär. Dostlaryň başy jem bolanda ýürekdeş gürrüňdeşlik başlanýar. Ýürekdeş söhbetdeşlikler bolsa adamyň ömrüni uzaldýar. Dünýäde adamlaryň agzybir ýaşamagy, olaryň ýürekdeş söhbetdeşlerini tapmaklary bilen baglydyr».
Gyzylgül TAGANDURDYÝEWA