BU GÜN BAÝRAM, BU GÜN TOÝ


BU GÜN BAÝRAM, BU GÜN TOÝ



Bu gün baýram, bu gün toý, Garaşsyzlyk berkarar,
Otuz ýyllyk ak ýollar ertirmize ygtybar,
Parahat Watanymda ýaşaýyşyň görki bar,
Toýlar beslenen çar ýan,
Günleri bagta barýan,
Arkadagyň ak ýoly dünýä barýan gülüstan.

Agzybirlik täjiň bar — Watan, sensiň il seri,
Howalaryň tenekar, ak jaýlar durmuş zeri.
Garaşsyzlyk gaýdyp berdi däbimiz — göwher-düri.
BMG-de baýdagyň,
Dünýä diňlär aýdymyň,
Täze ýörelgä girip, bolduk dillere dessan.

Arkadagyň paýhasy — iliň köňül senasy,
Gurdugyň dowamatdyr — «Budur türkmen binasy»,
Saglyk, sport gülleýär — parahatlyk güwäsi,
Hakdan alyp halatyň,
Garaşsyzlyk ganatyň,
Bitaraplyk ýörelgäň, eý, eziz Türkmenistan!

Ösüşlerden nyşandyr şähermiziň toplumy,
Berkarar döwletimde ilim bagtyn tapdygy.
Garaşsyzlyk bagt paýlar — agzybirdir köplügi.
Ýeňişlerden kalplar ýaz,
Toýuň görki aýdym-saz,
Arkadagyň gurdugy — ýaşaýyş bagy-bossan.

Peder ýoly gül açdy — wysal sende, Watanym,
Arkadagly ýurdumda ballar güne batanym.
Söýgi bilen bezeýäň dost-doganlyk hataryň,
Sen bir beýik mertebe,
Aýdyň şu gün-erteler,
Garaşsyzlyk toýuny toýlaýar Türkmenistan.

Oguljemal Çaryýewa