Kitaphana-ruhy hazyna


Kitaphana-ruhy hazyna



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ruhy baýlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi, mähriban halkymyzyň, aýratyn hem, ýaşlaryň intellektual derejesiniň ýokarlanmagyna, aň-paýhas kämilligine uly ýardam edýär. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary bilen golaýda wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda türkmen medeniýeti barada eden çuň manyly çykyşy biziň ählimizde uly ruhubelentlik döretdi. Kitaba uly hormat goýýan hormatly Prezidentimiz: «Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär» diýip aýratyn nygtaýar. Gahryman Arkadagymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kitaphanalaryň işini has-da kämilleşdirmek we ýurduň ähli künjeklerinde täze kitaphanalaryň gurulmagy, elektron kitaplar bilen üpjün etmek baradaky aladalary bu gün özüniň oňyn netijelerini berýär. Kitaphana ulgamynda zähmet çekýän her bir hünärmeniň öňünde uly borç durýar. Halkyň aň kämilliginde kitaba uly orun degişlidir. Elbetde, munuň özi, ýurdumyzda alnyp barylýan döwletli işleriň ählisiniň özeninde durýar. Mähriban Arkadagymyz bu babatda şeýle diýýär: «Amala aşyrýan özgertmelerimiz çuň mazmunly eserleriň, çeper kitaplaryň üsti bilen halkymyzyň, aýratynda, ýaş nesliň aňyna ýetirilmelidir».
Hormatly Arkadagymyzyň medeniýet ulgamynyň öňünde goýan anyk wezipeleri aňyýetiň, sungatyň, çeper döredijiligiň dürli ugurlarynyň, bu ugurdaky belent maksatlaryň aýdyň beýany boldy. Ata Watanymyz bagtyýarlygyň, beýik ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe barýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň hünärmenleri sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýarlar. Ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde döwrebap kitaphanalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi hem-de olarda talabalaýyk hyzmat edilmegi okyjylaryň islegleriniň kanagatlandyrylmagynda aýratyn ähmiýete eýedir.
Kitaba çäksiz sarpa goýýan milli Liderimiz ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagyny döwlet syýasatynyň wajyp ugry hökmünde kesgitleýär. Şunda ýurdumyzda hereket edýän kitaphanalaryň dürli kitaplar bilen üpjünçiligi möhüm şert bolup durýar. Geçen sanlyja ýylyň içinde kitaphana işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, dünýä ölçeglerine laýyklykda guramak, täze, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, neşir önümleriniň hilini ýokarlandyrmak, geljekki nesillere ýetirmek babatdaky möhüm işler üstünlikli amala aşyryldy. Döwrebap tehnologiýalar arkaly yzygiderli maglumat alyş-çalşygy ýola goýulýar we elektron kitaplar ulgamy döredilýär. Kitaphanalaryň kitaplar bilen üpjünçiligi birkemsiz berjaý edilýär. Olaryň işleriniň düýpli kämilleşdirilmegi, elektron görnüşli kitaplar, pudaklaýyn kataloglar we bibliografik kartotekalar ulgamlary bilen üpjün edilmegi giň gerime eýe bolýar. Bu bolsa mähriban halkymyzyň, aýratyn hem, ýaşlarymyzyň dünýägaraýşyny, kitaba, bilime bolan höwesini artdyrmaga hem-de döwletimiziň, tutuş jemgyýetimiziň mundan beýläkki ösüşlerine uly ýardam edýär.
Goý, eziz Watanymyzy beýik ösüşlere besleýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Laçyn NURMUHAMMEDOWA