Magtymguly Pyragy-köňülleriň şahyry
Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda — berkarar döwletde ýaşamak bilen, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýýar. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. «Her bir halkyň beýikligi onuň öňe çykaran, dünýä beren şahsyýetleriniň beýikligine barabar bolýar. Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň iň gözel, iň tämiz duýgularynyň aýdymçysy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir. Beýik şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir» diýip belleýän hem-de akyldar şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna çäksiz hormat-sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň nobatdaky Karary kalbymyzda egsilmez şatlygy döredýär.
Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, dürli ýurtlarda dana şahyrymyzyň ýadygärliginiň dikeldilmegi, baý edebi mirasynyň çuňňur öwrenilmegi ugrunda hem uly tagalla edýär. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy dabaraly bellenip geçildi. Onuň çäginde bolsa «Magtymguly — köňülleriň küýsegi» atly halkara ylmy maslahaty guraldy. Ýurdumyzda we daşary döwletlerinde şahyryň durmuş we döredijilik ýoluna, onuň eýýamyna bagyşlanyp geçirilen köp sanly çäreler, şeýle hem täze ylmy barlaglar, türkmen nusgawy şahyrynyň eserleriniň dünýäniň halklarynyň köpüsiniň dillerine terjime edilmegi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň buýsanjy bolan beýik söz ussadymyzyň şahsyýetine we mirasyna gyzyklanmany artdyrdy. Mundan başga-da, şahyryň dogduk mekanynda, onuň adyny buýsanç bilen göterýän etrabynda Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň hem-de muzeýiň açylandygyny guwanç bilen bellemelidiris.
Hormatly Prezidentimiz ýakynda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlary we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda 2024-nji ýylda türkmen halkynyň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününe 300 ýylyň dolýandygyny belläp, bu şanly senäni ýokary derejede belläp geçmek üçin häzirden taýýarlyk görüp başlanmalydygy hem-de bu ugurda halkara derejesinde tanyşdyryş dabaralaryny, maslahatlary we bäsleşikleri geçirmegi meýilleşdirmegiň zerurdygy barada aýratyn belledi. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň baý, gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny ylmy esasda öwrenmekde, akyldar şahyryň bahasyz edebi we pelsepewi mirasyny giňden wagyz etmekde örän ähmiýetli bolup durýar.
Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, berkarar döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine gözli şaýat bolmak biz üçin çäksiz bagtdyr. Şeýle bagtyýarlyga ýetiren hormatly Prezidentimize hoşallygymyzyň çägi ýokdur.
Ogulsabyr ALOWOWA