Şahyryň sesi Şygyrlara siňen ömür


Şahyryň sesi
Şygyrlara siňen ömür



«Söz gylyçdan-da kesgirdir» diýýän halkymyz sözi bilen adamlary yzyna düşürip, köpüň dili bolup gurlan, ýaşulularyň öwüt-pendini, atalaryň nesihatyny, eneleriň mährem alkyş-dilegini, pähimdarlaryň pähimlerini, aşyklaryň yşkyny, halk hakydasyny, milletiň taryhyny, durmuşyň gözelligini, tebigatyň näzik hem gazaply ahwallaryny..., garaz, ýaşaýşyň köp öwüşginli taraplaryny söze geçirip, şygyr bolup dillenen şahyrlaryny hemişe sarpalap gelipdir.
Bu gün milli medeniýetimiziň güllap ösmeginde, halkymyzyň köňül joşgunyny beýan etmekde sungat wekilleriniň uly hyzmaty bar. Sungatyň şeýda bilbiline öwrülip, maksatlaryň myrat tapýandygyny, ösüşli menzilleriň nurana ýeňişlere beslenýändigini buşlaýan, kalby ata Watanymyza, mähriban halkymyza, Gahryman Arkadagymyza bolan söýgüden doly şahyrymyz, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Amangözel Şagulyýewa hem şeýle şahyrlarymyzyň biri. Biz oňa uly sylag-hormat bilen «Halypa» diýip ýüzlenýäris. Çünki ol öz eserleri bilen yzyndan gelýän nesle diňe söz, edebiýat meýdanynda däl, eýsem durmuş ýollarynda-da halypalyk etmegi başarýan ussat.
Şahyryň dünýäsini tanamak üçin onuň diňe «Surat çeksem» atly goşgusyny okap görmek hem ýeterlik. Şygyrda dünýä, Watana, adamlara bolan söýgi, agzybirlik, gözellik şeýle bir owadan, şirin beýan edilýär welin, şahyryň dünýäsine örkleneniňi duýman galýarsyň. Aslynda halypa şahyr «Islendik döredijilik eseri gowulyga gönükdirilip, ýagşylygy ündemeli diýip düşünýän. Poeziyanyň baş matlaby adamy öňküsinden gowulandyrmakdyr. «Edebiýat edep bermeli» diýen ýörelgämiz bardyr. Milli edebiýatymyz, aýratyn hem, edebi döredijiligiň naýbaşysy hasaplanýan şygryýet halkyň agzybirligini gazanmaga, ony mukaddes ýörelgeleriň daşynda jebisleşdirmäge, adamlary ýagşy işlere ruhlandyrmaga gulluk etmelidir. Gözbaşy arassa şygryýet sungatymyz şu günki zehinli şahyrlarymyza çenli abraýly hem uly ýol geçdi. Nusgawy edebiýatymyzyň wekilleri bize şygryň durmuş, adamyň ruhy dünýäsi, kalby bilen baglanyşykly bolmalydygynyň asylly ýoluny miras goydular. Söz gudratly zat, ol yzyna düşürmeli. Şol asylly ýola gol ýapyp, eýerip gelýärin, başardygymça» diýip, ykbalyny baglan söz sungatynyň beýik wezipesini teswirleýär.

Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amangözel Şagulyýewa 1940-njy ýylyň 11-nji awgustynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň «Miras» daýhan birleşiginde gullukçy maşgalasynda dünýä inýär. Agzybir maşgalada önüp-ösen şahyr her gün säher bilen kakasynyň çalýan dutar owazyna oýanýandygyny ýatlap, «Saz» atly goşgusynda:

Kakam ir säheri sazdan başlardy,
Duldaky dutary alyp eline.
Mylaýym kakuwda çalar otyrdy,
Sary possunyny atyp egnine.

— diýip, halk sazlarymyzyň atlaryny getirip, her biriniň düşürýan ahwallary, saz sungatymyzyň ussatlary barada mesawy gürrüň berýän ýaly, her türkmene örän tanyş hem mährem pursatlary janlandyrýar. Ol entek edebiýat meýdançasynda şahyr hökmünde tanalmaýan wagty hem kalbyndaky duýgulary şygyr setirlerine geçirýärdi. Emma ýazýan goşgularyny ile ýaýratmaga çekinerdi. Mugallymçylyk institutynyň taryh-filologiýa bölümini tamamlap, ýedi ýyl mekdep mugallymy bolup işlän şahyryň uly edebiýata gelşi çyn yhlasyň miwesidir. 1970-nji ýylda «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasyna ugradylan goşguly hat şahyryň geljekki ykbalyna uly täsir edýär, ol hakyky halypa duşýar. Şahyr Gurbannazar Ezizow özboluşly zehine halypalyk goluny uzadýar. Şondan bir ýyl geçenden soň, şahyryň çakylygy bilen Gözel Şagulyýewa Türkmenistanyň meşhur şahyrlary bilen bilelikde edebiýatçylaryň duşuşygyna gatnaşýar. Onuň ilkinji kitabynyň çykmagyna ak pata beren hem şahyr Gurbannazar Ezizow bolýar. Şahyr şol kitapça bilen äpet uly şygryýet dünýäsine ädim ätleýär. «Elbukjam» ýygyndysy onuň ykbalynyň döwletli bukjasyna öwrülýär. Şol döwürden bäri onuň goşgulary gazetleriň we žurnallaryň köpüsinde çap edilýär.
Döwürleriň döwürlerden parhy kän. Şahyryň dürli döwürlerde döreden eserleri onuň içki dünýäsiniň merdana gahrymanynyň durmuşyň dürli kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolsa-da, dag ýaly sarsmaz ruhubelentlige gol berendigini beýan edýär. Şahyr hemişe durmuş kynçylyklaryna ýanbermez merdanalygy, beýik söýgini, kalp tämizligini, Watan mukaddesligini wasp edýär. Ol şygyrlaryny dünýäniň iň uly baýlygy hasaplaýar, şygyrlary bilen halkyň ýüregine ýol salýar. Ol hemişe: «Bu hupbatly käriň bir gowy ýeri, diňledip bilene, diň salýan il bar» diýýär. Şahyryň «Ýetirip bilmen» atly goşgusynda:

Arzuw etsem, hasyl bolsa myradym,
Barlygňyzy duýsam ýakynym, ýadym.
Şygrymdyr dünýäden bar alan zadym,
Sensiz bu ömüri ötürip bilmen.

— diymek bilen, şahyrlygy ykbal hökmünde kabul edendigini beýan edýär. Ýa-da «Höwesiň bolsun» atly şygrynda:

Ömüriň gül berer ondan hoş olsaň,
Il-günüň oglusyň ýüregne dolsaň.
Watan razylygyn gazanjak bolsaň,
Waspyny ýetirýän eseriň bolsun.

— diýip, durky bilen il-günüň hyzmatynda durup, Watan waspyny ýetirip ýaşamagy durmuşynyň kanuny hökmünde kabul edýändigini teswirleýär.
Häzirki wagta çenli şahyryň goşgularynyň birnäçe ýygyndysy neşir edildi. Onuň şygyrlarynyň onlarçasy aýdym bolup ýaňlanýar. Beýleki dillere terjime edilen köp sanly şygyrlary näzik duýgulara ýugrulan, umumadamzat gymmatlyklaryny wagyz edýän türkmen zenanynyň dünýäsini beýan edýär. Şahyryň 2015-nji ýylda çap edilen, liriki, watançylyk we beýleki goşgulary jemlenen «Göwün otyr Aý içinde» atly kitaby okyjylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Ol özüniň döredijiligine beren ýokary bahasy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, milli medeniýetiň ösmegine we täze sepgitlere çykmagyna, jemgyýetimiziň ruhy-medeni ösüşine, gadymy däp-dessurlarymyzyň täze öwüşginler bilen ösmegine uly itergi berlendigini buýsanç bilen belleýär.

—Şahyryň halkyndan, Watanyndan aýry ýeri ýokdur. Şahyry ýaşadýan, oňa ruhy güýç berýän halky bilen birligidir. Watan topragyndan ömür aýrylmaz söýgüsidir. Şahyr öz halkynyň dili bolup bilse, onuň üçin şondan uly dereje-de, maksadam ýok bolsa gerek. Halkyň hakydasyna siňip, şygry bilen ýüreklerde galmak her bir şahyryň arzuwydyr. Meniň il-günümden, Watanymdan üzňe zadym ýok. Şükürim kändir, döwürler öwrülip, halkymyz ýagtylyga çykdy, şahyrlar joşup, ömürler ömre meňzedi. Ýurt Garaşsyzlygyndan galkyndyk, ganatlandyk. Häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şeýda diller diňe bagt barada sözleýär. Beýik döwrüň beýik işleriniň beýanyny beýik sözler bilen ýetirmelidigiň öz-özünden düşnükli boldy duruberdi. Oňa goşant goşmazlyk mümkin däl. Gahryman Prezidentimiziň öz dünýäsi joşgun berýär. «Sen ak atda, Sen gyr atda, ganatda», «Ak güller», «Ak kepderi», «Şalar», «Gahryman Arkadag» ýaly eserleri döredenime az begenemok. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan beýik işleri barada aýtmaga söz kändir, söhbet kändir. Bu belentligiň, çuňlugyň çägine göz ýetmez. Ony bagtyýarlyk eýýamy, galkynan il, döwrüň üstünliklerine göz ýetiren dünýe bilýändir. Şahyryny duýýan, diňleýän döwür halkyň ýürek sesini duýup bilýän döwürdir. Halkyny beýgeldýän döwür beýik döwürdir — diýip, Gahryman şahyrymyz ýürek buýsanjyny beýan edýär. Halypa şahyryň «Aň aýlawyň aňyrdandyr Arkadag!» atly poemasynda:

Ösüşleriň tarypyna söz ejiz,
Söýýän halkyň ýüreginde,
Sen – eziz.
Ädimleriň ugra bolýandyr hergiz,
Aň aýlawyň aňyrdandyr,
Arkadag!

— diýen setirleri ähli halkymyzyň alkyşy bolup ýaňlanýar.

Şahyr «Edebiýat we sungat» gazetiniň şygyr bölüminiň müdiri bolup kän ýyllaryň dowamynda işläp gelýär. Ol hemişe ýaş zehinlere halypalyk goluny uzadýar. Şahyr zenan öz pikirlerini, duýgularyny, begenjini-buýsanjyny goşgularynyň üsti bilen beýan edýär.
Hawa, şahyryň owadan dünýäsi bar. Onuň şygyrlary edil ene hüwdüsi ýaly mährem, ata pendi ýaly agras, gelin aýdymy ýaly näzik, gyz lälesi ýaly mylaýym. Şahyryň şygyrlarynyň dünýäsinde dünýä aşyklyk bar, jahana gowy duýgulary ekip, ýagşylygy ýaýýan adamlara söýgi bar. Şahyr ony «Owadan adamlaň dünýesi» diýip atlandyrýar.

Akary arassa, ýüregi tämiz,
Giňligi älemçe, çuňlugy käriz.
Asyly aňyrdan, paýhasy kämil,
Danalaryň düzen düzmesidir bu.
Güýçlüleň egninde saklanar älem,
Göreşlerindedir tälimi-tärem.
Şolaryň barlygy,
şalygy hälem,
Owadan adamlaň dünýesidir bu.

Şahyryň goşgularynda durmuş pelsepelerini alamatlandyrýan setirlere aýratyn orun berilýär. Mysal üçin, «Bagtyn tapmaz gözlegine çykmadyk», «Diri galmak barmy biperwaýlykda», «Har elinde gymmaty ýok periňem», «Goç ýigide at taýýardyr münmage» ýaly setirleri şahyryň durmuş ýörelgesini aýdyň açyp görkezýär.
Şahyr halkyň arasynda bolmagy gowy görýär. Ol hemişe zähmetkeşler, ýaşlar bilen guralýan duşuşyklara gatnaşýar. Şahyryň sözi öz halkynyň, öz döwrüniň beýik hakykaty bolup taryha siňýär, nesillere ýol bolup galýar. Şonuň üçin şahyryň sözi halkynyň ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Gelendirin men
Ornuň bolmalydyr köpüň sanynda,
Ezizlikler saklanýandyr janyňda.
Gül Watanyň,
ulus-iliň ýanynda,
Düşünsem, hemişe esgerdirin men.
Baglamdan soň muňa bagtymyň bagyn,
Topragyma bagyş eýlener ahyrym.
Sözden düzülýändir süňňi şahyryň,
Köňül joşa gelse,
eserdirin men.

— diýýän halk şahyrymyz hemişe öz galamy, zehini bilen halkyň hyzmatynda esger ki¬min sak durýar.
Şahyryň sözi nesilleri bir-birine baglanyşdyrýan ruhy köprä, ýol ýitirene ýol görkezýän çelgä, ýagty ýyldyza hem meňzedilýär. Şonuň üçin bolsa gerek, çyn şahyrlar hiç haçan garramaýar, hakyky sözleriň öz gymmatyny ýitirmeýişleri ýaly. Gözel şahyryň:

Başym silkip batly barýan,
bolmaz meniň soňky demim.
Dünýelermi durlar gider,
şygyrlarma siňen heňim.
Asman ýyldyzlary dogup,
munda gara ýer ýaşasa,
Eşiderler,
eşitdirerin,
geler durar meniň sesim.

— diýen setirleri çyn sözleriň ganatlydygyny bize ýene bir gezek ýatladýan ýaly bolýar.
Hawa, şahyryň sözi serhetleri, ummanlary böwsüp, heňňamlary aşyp ýaşaýar, olar nesilleriň dilinde aýdym bolup ýaňlanýar. Çünki ol şygyrlarda bütin dünýä hem ýaşaýşa bolan söýgi bar. Goý, Gahryman şahyrymyzyň şygyrlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik joşgunyny nesillere geçirýän ruhy menzil, gymmatly miras bolup dowamat-dowam bolsun!

Oguljemal NURMYRADOWA