SAGDYN IÝMITLENMEK ÝÖRELGESI


SAGDYN IÝMITLENMEK ÝÖRELGESI



Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ilatyň durmuş we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, keselleriň öňüni almak, ynsan saglygyny goramak babatda giň möçberli, il-ýurt bähbitli alnyp barylýan işler raýatlarymyzda çuňňur buýsanç döredýär. Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça ýörite maksatnamalar kabul edilip, üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olaryň esasy wezipesi sagdyn iýmitlenmegiň ählumumy kadalaryny we ýörelgelerini giňden ornaşdyrmakdan, tejribä degişli maslahatlary işläp taýýarlamak arkaly, ilatyň saglygyny pugtalandyrmakdan, raýatlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakdan, kadalaşdyrylmadyk iýmit bilen bagly keselleriň öňüni almakdan ybarat bolup durýar.

Ýörite resminamalaryň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň sagdyn iýmitlenmek boýunça toplumlaýyn syýasatyny kemala getirmegiň guralyna öwrülip, iýmitlenmegiň bozulmagy bilen bagly köp sanly keselleriň ýaýramagynyň azaldylmagyna ýardam berýändigini subut etdi.

Baş saglygyň sakasy dogry we kadaly iýmitlenmek bilen baglydyr. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagatlyga getirýär. Dogry we sagdyn iýmitlenmek güýç-kuwwat, saglyk berýär, adamyň sazlaşykly we doly ösüşini üpjün edýär, onuň ýokanç kesellere garşy göreşmek ukybyny berkidýär.

Sagdyn iýmit boýunça her bir adam ýönekeýje düzgünleri berjaý etmäge çalyşmalydyr. Iýeniňizde howlukman, gowy çeýnäp, işdä bilen iýmek, dürli-dürli iýmitler bilen iýmitlenmek saglyk üçin peýdalydyr. Iýýän iýmitimiz bize lezzet bermeli. Sagdyn bolmak üçin biz dürli nygmatlary her gün iýip durmalydyrys. Iýmit önümi adamyň bedenini gündelik iň gerekli maddalar bilen üpjün edýär. Adamlar öz gündelik iýmitlerinde miweleri, ir-iýmişleri, gök we däne önümlerini ýeterlik mukdarda ulanmalydyrlar. Sagdyn bolmak üçin adamlaryň öz gündelik iýýän naharlaryna esasy azyk önüminden başga iýmitleriň her dürli görnüşlerinden az-azdan goşmaklary möhümdir. Sebäbi olar bedeni saz işletmek üçin gerek bolan minerallar we witaminler bilen ýeterlik derejede üpjün edýär. Şeýle hem aşa ýagly iýmitlerden gaça durmaly, ýagsyz eti, balygy, towugy gaýnadyp ýa-da buglap iýmeli, ýumurtgany hem aşa köp iýmeli däldir. Nahar iýlenden soň, arassa howada, ylaýta-da, agşamlyk gezelenç etmeli. Çaýy bolsa nahardan ýarym sagat geçenden soň içmeli.

Krahmala baý bolan iýmitler (tüwi we ýeralma), ösümlik we mal ýaglary hem bedene kuwwat berýär. Bedeniň ösmegine we kemala gelmegine möhüm iýmitler (et, balyk, süýt we süýt önümleri, ýumurtga, gök we däne önümleri) beloga baý bolýar.

Witaminlere baý bolan iýmitlere bagyr, balyk we ýumurtga degişlidir. Bu agzalan iýmitlerde bedeniň dogry ösmegi üçin kalsiý, demir, ýod, mis ýaly minerallar hem bar. Eger-de witaminler we minerallar doly derejede bedene barmasa, onda dürli keseller ýüze çykyp bilýär. Nahar taýýarlaýan mahalyňyzda, oňa duz goşulýar we iýmitiň tagamlylygyny artdyrmak üçin duzuň ýerine dürli huruşlardan peýdalanylýar. Iýmitde duzuň çendenaşa köp peýdalanylmagy gan basyşynyň ýokarlanmagyna getirmegi mümkin, ol hem öz gezeginde, ýürek damarlary bilen bagly keselleri, böwrek keselini, insulty ýüze çykaryp biler. Biziň köpimiz duzy gereginden artyk peýdalanýarys. Umuman, duzy peýdalanmagy üçden bir bölege çenli azaltmaly.

Iýýän iýmitlerimiz bizi ýaşamagymyz üçin hökmany bolan energiýa (ýa-da kaloriýa) bilen üpjün edýär. Biz energiýany iýilýän iýmit hökmünde alýarys we ony fiziki işjeňlik ýoly bilen ulanýarys. Eger ulanýan energiýamyzdan köp energiýa kabul edýän bolsak, onda biziň agramymyz artyp ugraýar. Şonuň üçin köp hereketde bolmalydyr, sebäbi köp hereket köp energiýadyr. Iýmitiňiz saglyk üçin howpsuz bolmalydyr we onuň öňüni alyp bilmegi her bir adam başarmalydyr. Onuň üçin arassaçylygy saklamalydyr, gap-çanak saklanylýan we nahar bişirilýän ýerler arassa bolmalydyr. Gök önümleri, miweleri iýmezden öň, gowy ýuwmalydyr. Süýt we süýt önümleriniň saklanylyşyna üns berilmelidir. Bişirilmedik önümleri taýýar edilen iýmitlerden aýry goýmaly, azyk önümlerini salkyn ýerde saklamaly. Azyk önümlerini saýlap alanyňyzda, hil taýdan arassalygyna, terligine üns bermeli. Gündelik durmuşymyzda biziň her birimiz sagdyn iýmitlenmegiň düzgünlerini berjaý etmäge çalyşmalydyrys.

Gurbandurdy ORAZOW