Ussat artisti ýatlap


Ussat artisti ýatlap



Bereket etrabynyň Ajyguýy obasynda atamlarda gezip ýördüm. Ýetginjeklik döwrümdi. Bir gün oba täze kinonyň gelendigini, özüniňem türkmen kinosydygyny, onda öz obamyzyň adamlarynyň- da köpçülikleýin sahnalarda çykyş edýändiklerini aýtdylar. Ol wagtlar oba ýerlerinde jaýyň diwaryna ak mata tutup, şonuň ýüzünde kinofilm görkezerdiler. Aýdylan wagtynda kino başlandy. Türkmen kinosy, ady hem «Aýgytly ädim». Ak matanyň ýüzünde gözel türkmen sährasynyň, ajaýyp oba durmuşynyň keşpleri janlanýardy. Filme gyzyklanma bilen seredip otyrdyk. Haçan- da, kinoda Artygyň ejesi bolup oýnaýan Ogulgurban Durdyýewa görnende, obada atly- abraýly adam Şirjan däde: «O-how, bu nebitdagly Elýasyň aýaly Ogulgurban- a» diýenini duýman galdy.
Biz şondan soň kino has hem gyzyklanyp seredip başladyk. Akjaguýma demir ýol stansiýasynyň ýanynda düşürilen pursatlarda öz obamyzyň adamlaryny atly, düýeli görüp, örän tolgunýardyk. Çagalar: «Hanha pylany däde- de, pylany daýy» diýşip goh turuzýardylar.
Kino tamamlananda, tomaşaçylar uly lezzet alyp, öýli- öýlerine gaýtdylar. Biz—ýetginjekler kinomehanikden ertir hem bu filmi görkezmegini özelenip haýyş etsek-de, ol kinony ertesi golaýdaky obada görkezmekçidigini aýtdy. Biz oglanlar bolup ertesi- de, birigüni hem 9-10 kilometr uzaklykdaky obalara atly, welosipedli gidip, ol kinony gaýtalap- gaýtalap gördük. Hawa, ejemiň kitaphanaçy bolup işleýändigindenmi ýa-da şol kinonyň täsirindenmi, garaz, mende şol wagtlardan medeniýet işgäri bolmak arzuwy döredi.
1966-njy ýylda Aşgabatdaky medeni aň-bilim tehnikumynda okaýan döwrümde «Aşgabat» kinoteatrynda «Aýgytly ädim» kinofilminiň türkmen dilinde görkezilýändigi baradabildirişi okap, ony öz ene dilimizde hem gördük. Men 1972-nji ýylda Balkanabat şäheriniň telewideniýesinde syýasy gepleşikler, şahyr Ýemreli Tuwakow bolsa edebi- sazly gepleşikler bölüminde režissýor bolup işleýärkäk, onuň bölüminde täze oýun taýýarlanyp başlandy. Onda Ýemreliniň özi hem keşp janlandyrýardy. Şonuň üçin bu oýna režissýorlyk etmegi maňa tabşyrdylar. Taýýarlyk işlerine başlamak üçin, oýna gatnaşýanlary maslahata çagyrdyk. Bir görsem, ýüzi- gözi mähirden doly, sada geýnüwli Ogulgurban Durdyýewa hem maslahata gelen eken.
Men örän tolgundym. Maslahat edilip, haýsy gün dil üstünde, haýsy gün hereket bilen taýýarlyk işlerini geçmelidigi anyklaşdyryldy. Birdenkä- de meşhur artistimiz:
«Ýogsa- da, biziň bu oýnumyzyň telerežissýory kim bolýar?» diýip sorady. «Ynha, şu ýaş režissýorymyz » diýşip, meni görkezdiler. Ol: «Bolýar-da, başararmyka beri?!» diýip, ýuwaşja aýtdy. Şondan soňra ynamy ödemek üçin, yhlas bilen işe ýapyşdym. Oýun şowly bolup, tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bir gün Ýemreli Tuwakow: —Ýogsa- da, Ogulgurban Durdyýewanyň ogly harby gullukdan gelipdir. Ählimizi çaýa çagyrýar— diýdi. Ol birden maňa seredip durdy- da:
—Tahyr, ol seniň adyňy aýratyn tutup, hökman gelsin diýdi— diýip, sözüniň üstüne goşdy. Biz bellenen wagty olara bardyk. Seretsem, hakyky öý hojalykçy zenan- da. Ol bizi nirede oturtjagyny bilmän, begenip, mähir bilen garşy aldy, gadyr bilen hezzet- hormat etdi. Soň maňa ýüzlenip:
«Oglum, men sen barada ýalňyş pikir edipdirin, şol oýnuň oňat hötdesinden geldiň» diýdi. Elbetde, ýurdumyzda tanalýan ussat artistimizden eşiden ol sözlerim depämi göge ýetirdi. Şol wagtlar Balkanabatdaky nebitçileriň medeniýet köşgünde halk teatry hereket edýärdi. Oňa Mämmet Annadurdyýew režissýorlyk ederdi. Biziň köpimiz şol halk teatryna gatnardyk. Oňa Ogulgurban Durdyýewa, onuň adamsy Elýas aga hem gatnardylar. Elýas aganyň sahna oýunlarynda geýýän ädiklerimize täzeden serenjam berip, çüýläp oturan pursatlary heniz- henizlerem göz öňümden gidenok.
Biz «Dökülmedik gan», «Azaşan ýigit», «Aldanan aldawçylar», «Üzülen ömür», «Daň ýyldyzy bolup doglanlar» ýaly pýesalary sahnalaşdyrypdyk. Olaryň ählisine tanymal artist Ogulgurban Durdyýewa gatnaşypdy we baş keşplerde çykyş edipdi. Ol kiçigöwünlidi, şeýle meşhur bolsa- da, özüni asla ýokary tutmazdy. «Aldanan aldawçylar » atly sahna oýnunda Kösäniň keşbini men, onuň maşgalasynyň keşbini Ogulgurban Durdyýewa ýerine ýetirmeli edildi. Bu oýun bilen halk köpçüliginiň arasynda, ýerli telewideniýede çykyş etdik, tomaşaçylar gyzgyn garşyladylar. Soňra şol oýun bilen ýörite çagyrylyp, Aşgabada merkezi telewideniýede çykyş etmäge hem gitdik. Biziň oýnumyzyň başlanmagynyň öňünden teleýaýlymda türkmen aýdymlarynyň konserti gidýärdi. Şol tamamlanandan soň, 10-15 minutlyk film goýberilip, yzyndan oýnumyz başlanmalydy. Bagşylar studiýadan çykdylar. Bir görsek, meşhur bagşy Sahy Jepbarow: «O-ho, Ogulgurban, bu senmi, asyl?» diýip, oňa tarap ýetip gelýär. Şonda olar biri- birini ýitirip tapan ýaly saglyk- amanlyk soraşdylar, mylaýym gürleşdiler. Türkmenistanyň halk artisti Ogulgurban Durdyýewa bilen soň hem birnäçe gezek sahna oýunlarynda oýnadyk. Ýagşy günlerde didarlaşdyk. Ol örän adamkärçilikli, sadadan gelen mährem zenandy, ussat artistdi.

Tahyrmämmet GARAÝEW