Sungatyň çeper keşbi


Sungatyň çeper keşbi



Şu ýylyň 29-njy oktýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna girizilen «Küştdepdi» türkmen milli aýdymyny we tansyny türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň we tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen wideogörnüşleriniň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi. Bu çäre Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň çäklerinde geçiriler.
Küştdepdi tansynyň döreýiş taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine siňip gidýär. Muny taryhy-arheologik gözlegleriň netijesinde ýüze çykarylan gymmatlyklar, taryhy ýazgylar doly tassyklaýar. Mysal üçin, Ahal welaýatynyň çägindäki antik döwrüne degişli Köne Nusaý galasynda ýüze çykarylan badalarda döwre gurap, el çarpyp tans edýän şahandazlaryň keşpleri şekillendirilipdir. Şeýle maglumatlar başgada bar. Bu sungat türkmen halkynyň döreden ruhy gymmatlyklarynyň içinde aýratyn orny eýeleýär.
Küştdepmeler hakda hormatly Prezidentimiz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Milli tans döredijiligini küştdepdisiz göz öňüne getirmek mümkin däl. «Küştdepdi» türkmen sungatynyň özboluşly çeper keşbi — idealydyr. Sebäbi bu kämil sungat eserinde milli ýörelgelerimiziň gadymy parçalary saklanyp galypdyr, şol bir wagtda bu tansda döwrebap ruhy öwüşginler öz mynasyp ornuny tapýar. Halkyň ruhy dili, pelsepesi, ýaşaýşa synmaz söýgüsi beýan edilýär». Küştdepdi şahyrana halk döredijiliginiň aýdymly, oýunly ýerine ýetirilýän görnüşidir. Ol esasan, toý ýerlerinde ýerine ýetirilýär. Küştdepdi ýerine ýetirilende aýdylýan bentler gurluşy taýyndan monjugatdylar, läleler ýaly rubagy goşgusyna meňzeşdir. Küştdepdide aýdylýan bentlere «gazallar» diýilýär we olaryň heňe salnyp aýdylmagyna «gazal çekmek» diýlip at berilýär.
Küştdepdi ýaşlyk joşgunynyň, owadanlygyň, çalt we çeýe hereketiň tansydyr. Şonuň üçinde ol köplenç ýaşlar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Ýöne käwagt oňa özleriniň şatlygy we joşguny bilen uly ýaşdaky adamlar hem goşulyşýarlar.
Küştdepdini ýerine ýetirmegiň öz düzgüni bolup, oňa birnäçe adam gatnaşyp bilýär. Küştdepdiniň gazallarynyň aýdylýan wagty bellibir sazlaşykda tegelenip aýlanmak görnüşinde, degişli hereketler bilen tans edilýär. Şol pursatlarda aýdyşyk aýdylyp, ol gyzgalaňly ýaryş görnüşinde geçýär. Orta çykanlaryň biri bir bent aýdýar, beýleki hem oňa jogap berýär. Küştdepmelerde aýdylýan bentler käte degişme häsiýetinde hem bolup, onda öýlenmek, durmuşa çykmak bilen baglanyşykly setirler, tebigat hadysalary, gül-gunçalaryň, bag-bakjalaryň gözelligi, guş- gumrularyň şirin mukamy, durmuşyň ajaýyp ýatda galyjy pursatlarynyň söhbedi beýan edilýär. Küştdepdiniň gazallarynyň birinji we ikinji bendi köplenç bir temadan söhbet açyp, soňky üçünji-dördünji setirleri bellibir adamyň, aýdalyň, oglanyň ýada gyzyň durmuşyna syrykdyrylýar. Muňa şu aşakdaky setirler mysal bolup biler:

Asmanda bir ak guş bar,
Ganatynda kümüş bar,
Öz agamyň toýunda,
Segsen dürli iýmiş bar.

Küştdepmeleriň ýer-ýurt atlary bilen baglanyşykly gazallary hem bu kada eýedir. Şeýle bentlerde suratkeşlik alamatlary aýdyň ýüze çykypdyr. Bu bolsa beýan edilýän wakanyň ýatda galyjylygyny üpjün edipdir.

Suw geler aka-aka,
Ýaýlany ýaka-ýaka,
Bag-bakjalar ekeris,
Joýalar çeke-çeke.

Ata-babalarymyz küştdepdi gazallaryny döretmek arkaly ýagşy görüm-göreldäni, adamkärçilik, ynsaplylyk, ahlaklylyk, pähim-paýhaslylyk sypatlaryny ündäpdirler. Küştdepdi bentleri her bir döwrüň ösüş aýratynlygyna, derejesine laýyklykda öz mazmunyny baýlaşdyrýar. Bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde küştdepdi gazallarynyň täze görnüşleri döredildi. Ýurdumyzda tutulýan toý-baýramlarda olar owazlar dünýäsinde tansçy oglan-gyzlaryň hereketleri bilen sazlaşyp, joşgunly ýagdaýda ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň tansçylary öz oýunlary bilen halkara derejesinde guralýan sungat çärelerine gatnaşyp, küştdepdiniň owazyny äleme ýaýýarlar.

Bagtyýarlyk döwründe
Ýurdumyz gül açýar.
Sag bol Arkadagymyz,
Toýlar toýa ulaşýar.

Aýnabat GOÇKAROWA