Müň derdiň dermany
Tebigatymyz ynsan ruhunyň we adam saglygynyň lukmanydyr. Muňa biz hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri », «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitaplaryny okap has-da aýdyň göz ýetirýäris.
Halkymyzyň arasynda üzärlik barada birnäçe aýtgylar, rowaýatlar bar. Mysal hökmünde Abu Aly ibn Sinanyň: «Merw ýandagynyň, Jebel ýowşanynyň we türkmen topragynda bitýän üzärligiň dermanlyk häsiýetine taý geljek başga ösümlik ýokdur» diýen sözlerini getirmek bolar. Rowaýatlara görä, şahajyklarynda düwme şekilli miwejikleri bolan bu ösümlik: «Meniň tüssäm ýedi menzile ýeter. Şol menzilden ýöräniň müň bir derdine dermandyryn» diýipdir.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň ikinji jildinde üzärlik ylmy taýdan giňişleýin beýan edilýär. Bu ösümligiň dümewde, soguljany aýyrmakda, diş agyryda, guragyryda, göz ulgamynyň kesellerinde, ysmaz we ýene birnäçe keselleri bejermekde ulanylýandygy barada giňişleýin maglumat berilýär. Şahyr aýtmyşlaýyn:
Dert getirmez golaýňa şypalydyr tüssesi,
Gözi düşen ynsanyň, zym-zyýat bor gussasy,
Il içinde kändir ondan melhem tapan hassasy,
Bişen wagty düwmeläp göýä dagyň pissesi,
Lukman kimin güýjüne, ynananym üzärlik.
Öz halkynyň saglygyny döwlet aladalarynyň biri hökmünde ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri rowaç alsyn!
Serdar MYRATDURDYÝEW