Garaşsyzlyk – halkyň beýik ykbaly
Türkmenistan geçen gysga taryhy döwürde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň saýasynda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan parahatçylygyň, durnuklylygyň, hyzmatdaşlygyň we bagtyýarlygyň mekany hasaplanýan döwlete öwrüldi. Ine, bu gün bolsa «Garaşsyzlyk» diýen mukaddes söz biziň her birimiziň asuda we azat durmuşda arkaýyn ýaşamagymyzyň kepili bolup ýaňlanýar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, XX asyryň ahyrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi biziň merdana halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda köňlünde besläp gelen erkin, garaşsyz, bagtly durmuşda ýaşamak, berkarar döwlet gurmak baradaky umyt-arzuwlarynyň wysal bolmagydyr. 1991-nji ýylyň güýzünde halkymyz uzak wagtlap garaşan Watan mährini syzyp, Watan mähribanlygyny duýup, Watan söýgüsine sygynyp ýaşamak bagtyna – Garaşsyzlyk bagtyna gowuşdy.
Garaşsyzlyk güni pähim-paýhasly, zehinli, zähmetsöýer halkymyzyň döredijilikli ruhuny öz içine alýan, köňüllerimize buýsanç, kalbymyza mähir paýlaýan hem-de aýratyn taryhy many-mazmuna, uly ähmiýete eýe bolan baş baýramymyzdyr. Eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň şöhratynyň dünýä dolýan döwründe hem baş baýramymyzyň şanyna paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýatlarymyzda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, döwrebap çagalar baglary we mekdepler, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän medeni-durmuş maksatly binalar ulanmaga berilýär, medeni dynç alyş merkezlerinde, seýilgählerde we sport toplumlarynda aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary, sergiler hem-de maslahatlar geçirilýär. Berkarar Watanymyzyň barha artýan ykdysady kuwwatynyň aýdyň beýanyna öwrülýän hem-de halkymyzyň ägirt uly döredijilik we gurujylyk güýjüniň bardygyny dabaralandyrýan bu üstünlikler geçmişimizi, şu günümizi hem-de beýik geljegimizi özünde jemleýän Garaşsyzlygymyzyň milli buýsanjymyza öwrülendigini ykrar edýär. Türkmen halkynyň mukaddes Garaşsyzlygyna bolan hormaty, söýgüsi we wepalylygy ebedidir diýip, milli Liderimiz nygtaýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykbaly göterilen halkymyz hormatly Prezidentimizň başda durmagynda ajaýyp döwrüň eşretiniň hözirini görýär. Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasatynyň dabaralanýan bagtyýarlyk zamanasynda her bir günümiz ýeňişden-ýeňşe, täze-täze üstünliklerdir guwandyryjy sepgitlere beslenýär. Watanymyzyň şanly Garaşsyzlyk toýuny uly zähmet üstünlikleri bilen, ruhubelentlikde, bir saçagyň başynda jemlenip, agzybirlikde, asudalykda garşylamak bolsa halkymyzyň asylly däbine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan, bagtyýar döwrümizde buýsanyp ýaşaýan agzybir halkymyzyň halal zähmetinden barha rowaçlanýan, beýik Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk şanly baýramyna ynamly barýan güneşli ýurdumyz ösýär, özgerýär. Bagtyýar döwrümiziň ösüşlerini her bir pudakda, her bir oba-şäherde, hatda ýurdumyzyň iň alysdaky künjeklerinde hem görmek bolýar. Bu bolsa Berkarar döwletimizde halkymyzyň eşretli, erkana, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilýändigini görkezýär. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde uzakmöhletleýin maksatnamalary yglan eden hormatly Prezidentimiziň tutumly işleri barha rowaç alyp, durmuşa geçirilýän düýpli işleriň netijesinde ata Watanymyz uly ösüşler ýolundan barýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzy beýik ösüşlere alyp barýan, halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!