Ýeňişler Watan söýgüsinden nyşan


Ýeňişler Watan söýgüsinden nyşan



Döwletjan Ýagşymyradowyň ady eýýäm okyjylar köpçüligine tanyş. Sebäbi ol gysga wagtyň içinde özüne köpsanly janköýerleri çekip bilen pälwan ýigitdir. Bilşimiz ýaly, dünýäde başa-baş söweş ugrundan tutluşyklary guraýan birnäçe meşhur guramalar bar. Olardan ACB (Absolute Championship Berkut), ACA (Absolute Championship Akhmat) ýaly guramalar hem derejesi boýunça öňdeligi eýeleýär. 1989-njy ýylda Çärjew etrabynda doglan pälwan ýigidimiz Döwletjan Ýagşymyradow ýarym agyr agram derejesinde ady agzalan guramalaryň ikisiniň hem geçirýän ýaryşlarynyň çempiony boldy. Heniz çagalyk ýyllarynda sportuň karate, kikboksing görnüşlerini ele alan Döwletjan 2009-njy ýylda Ukrainanyň Harkow şäherine okuwa gidýär. Okuwynyň gapdalyndan sport bilen meşgullanmagyny hem dowam etdirýär. Şeýlelikde, Döwletjanyň yhlasy myrat tapyp, talyp döwürlerinde sportuň grepling, pankration we fri-faýt görnüşlerinden Ukrainanyň Harkow welaýatynyň çempionlygyny gazanýar. Bu çempionlyklar iri başa-baş söweş guramalaryndan teklipleriň gelmegine ýol açýar we Döwletjan Ukrainanyň başa-baş söweşleri guraýan «Oplot» guramasy bilen şertnama baglaşýar. Şu başlangyçlardan gözbaş alyp gaýdýan başa-baş söweşler pälwany abraýly ACB, ACA guramalaryna çenli getirýär. Pälwanymyz ACB-da wagty Ukrainanyň «Kars» toparynyň, häzirki wagtda bolsa «Alabaý fight club» toparynyň adyndan çykyş edýär. Abraýly guramalarda çykyş etmek bilen birnäçe tutluşyklary geçiren ildeşimiz olaryň tas hemmesini diýen ýaly, ýeňiş bilen tamamlap, indi tutluşmaly garşydaşlarynyň hem kalbynda howsala döretmegi başardy. Bu ýagdaý 2017-nji ýylyň noýabrynda daniýaly pälwan, ozal UFC, M-1 ýaly iri guramalarda çykyş eden Ýoahim Kris Tenseni garaşylmadyk ýagdaýda «nokaut» arkaly ýeňlişe sezewar edeninden soň, hakykat ýüzünde ýerini tapdy. Soňky sekiz tutluşygyny yzygiderli ýeňen Döwletjan häzirki wagtda ýarym agyr agram derejesindäki pälwanlaryň öňüni çekýär.

2019-njy ýylyň 14-nji dekabrynda pälwanymyz tejribeli rus pälwany Alekseý Butorin bilen çempionlygyny goramak ugrunda tutluşyga çykdy. Aslynda, türgenleşik döwründe sag tirseginden şikes alsa-da, janköýerleriniň ynamyny puja çykarmadyk ýanbermezek pälwan eminleriň gelen netijesi boýunça ýeňşini baýram etdi. Pälwan ýigidimiz söhbetdeşliginiň birinde şeýle diýýär: «Men her gezek tutluşyga çykanymda, ýeňilmekden gorkman çykýardym, sebäbi ýeňilmekden hiç hili jogapkärçilik çekemokdym. Indi bolsa, ýagdaý düýbünden başgaça. Janköýerlerim köpeldigiçe, jogapkärçilik şonça-da artýan eken».

Döwletjanyň başa-baş söweşde esasy usul aýratynlygy bolup, takyk we güýçli urgular has öňe çykýar. Şol sebäpli-de ussatlyk derejesinde «18-5-1» şahsy rekordy saklaýan pälwan 18 ýeňşiniň 11-sini nokaut bilen gazandy. Döwletjan Ýagşymyradowiň jogapkärli, iň üstünlikli, iň şowly pursatlarynda dünýäniň haýsy künjünde bolmagyna garamazdan, ýaşyl Tugumyza togap edip, ony şol ýeňişleriniň, üstünlikleriniň nyşanyna öwürýär. Ol her ýeňşinden soň berýän söhbetdeşliginde Gahryman Arkadagymyzyň türkmen sportuny ösdürmekdäki taýsyz tagallalary üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan edýär, ildeşlerimize gyzgyn goldawlary üçin özüniň sag bolsunyny bildirýär. Munuň özi Watan söýgüsinden nyşandyr. Pes-päl, kiçi göwünli türkmen türgeniniň geljekde mundan hem abraýly söweş guramalarynda çykyş etjekdigine ynanýarys.

Asyl, bu Döwletjanyň öňde goýýan baş maksatlarynyň içinde-de ýer alýar. Häzirki wagtda pälwanymyz şol maksadyň bosagasynda dur diýsegem, hakykatdan daş düşmeris. Onsoň näme, bize-de UFC, Bellator ýaly guramalaryň duşuşyklarynda, mawy ekranyň başynda öz ildeşimize janköýerlik edäýmek galýar.

Baky AMANÝAZOW