Bitaraplyga buýsanç
Bitaraplyk diýmek – parahatlykdyr,
Gökde erkin ganat kakýar kepderi.
Asmanyň-zeminiň parahatlygna,
Göwünlermiz mydam ganat bekledi.
Bitaraplyk diýmek – hoşniýetlikdir,
Ak ýollara şugla bolup nur saçýan.
Hoşniýetli gatnaşyklar dünýäde,
Yklymlardan yklymlara ýol açýar.
Bitaraplyk diýmek – ynanyşmakdyr,
Ynam bilen maksatlara ýetiler.
Ynanyşmak rowaçlansa jahanda,
Dünýä halklaryna gowluk getirer.
Bitaraplyk diýmek – döwletlilikdir,
Aňladyp dur gadym ýollaň berkligin.
Arkadagyň paýhasyndan nurlandy,
Döwletlilik ýörelgesi türkmeniň.
Bitaraplyk diýmek – watançylykdyr,
Bedew batly Arkadagly Watandyr!
Arkadagyň dana paýhas-pähminden,
Döwrümiz gül açýan pasly bahardyr.
Bitaraplyk diýmek – asudalykdyr,
Säherleň terligi, asman päkligi.
Asuda ýaşaýyş, asuda durmuş,
Älem sapasynyň ýeke-täkligi.
Bitaraplyk diýmek – agzybirlikdir,
Agzybir bolanda bagtlydyr iller.
Jebislikde maksatlara ýetilýär,
Onuň gudratyndan kuwwatly biller.
Bitaraplyk diýmek – abadanlykdyr,
Durmuşyň lezzeti, dünýäň manysy.
Ömrüň rahatlygy abadanlyga,
Tagzym eýlär ulus-illeň barysy.
Bitaraplyk diýmek – dostanalykdyr,
Onuň mähri ýyladyp dur kalplary.
Dostluk-doganlygyň beýik güýjünden,
Bir suprada jemdir dünýä halklary.
Bitaraplyk diýmek – sahawatlykdyr,
Haýyr işler mynasypdyr sogaba.
Arkadagyň haýyr-sahawat ýoly,
Köňüllerde öwrülendir owaza.
Bitaraplyk diýmek – adalatlykdyr,
Ýollar-ýörelgeler bolanda adyl.
Döwletiň abraýy belentdir munda,
Giň jahanda mydam goýular gadyr.
Bitaraplyk diýmek – salamatlykdyr,
Döwletli öýleriň bagtyýarlygy.
Erkana durmuşy bagtly nesilleň,
Adamlara gowulyklaň ýarlygy.
Bitaraplyk diýmek – erkanalykdyr,
Saba öwüsmegi erkin ýelleriň.
Ýaşyl tuguň al-asmanda pasyrdap,
Ygşyldysy ak bugdaýly pelleriň.
Bitaraplyk diýmek – ylalaşykdyr,
Kalbymyzda ýagşylygy oýarýan.
Ylalaşmak-kynçylyklaň açary,
Aňymyzda paýhas bolup goýalýan.
Bitaraplyk diýmek – düşünişmekdir,
Mydam düşünmeli birek-birege.
Özara düşünşip, gatnaşyp ýörmek,
Bereket getirer her bir ile-de.
Bitaraplyk diýmek – hyzmatdaşlykdyr,
Döwletleriň ykdysady ösüşi.
Rysgal artar hyzmatdaşlyk ösende,
Barha rowaçlanar ýurduň gülleýşi.
Bitaraplyk diýmek – durnuklylykdyr,
Durnukly ösüşde kuwwatly dünýä.
Halkara ulaglar geçelgeleri,
Arkadagyň ýoly bolup uzaýar.
Bitaraplyk diýmek – arkalaşykdyr,
Goldaw-hemaýatyň nurly yşygy.
Ynsanlaň kalbynda Gün bolup dogar,
Dünýä halklarynyň arkalaşygy.
Bitaraplyk diýmek – bagtyýarlykdyr,
Eziz Arkadagyň ajaýyp döwri.
Sapaly durmuşyň eşretlerinden,
Mizemez bagtlydyr ynsanlaň ömri.
Bitaraplyk diýmek – açyk gapydyr,
Kalbymyz, ýolumyz hemişe açyk.
Milli ýörelgämiz myhmansöýerlik,
Öýleri ýagtyldar şuglasyn saçyp.
Bitaraplyk diýmek – berkararlykdyr,
Garaşsyzlygmyzyň baky binýady.
Bitaraplyk dessan bolup dillere,
Ýollarmyza şugla saçýar Gün ýaly.
Bitaraplyk diýmek – nuranalykdyr,
Nuranadyr Arkadagyň ak ýoly!
Eziz Arkadagyň paýhasy bilen,
Arşa göterildi türkmen ykbaly.
Bitaraplyk diýmek – kuwwatlylykdyr,
Ösüşlere beslän berkarar ýurdy.
Ykdysady kuwwatyndan Watanyň,
Gülleýişli beýik ýolumyz nurly.
Bitaraplyk diýmek – özgerişlikdir,
Mähriban diýarym özgerýär has-da.
Döredýän, gurýan hem özgerýän ýurda,
Joşgunly köňüller mydam telwasda.
Bitaraplyk diýmek – şöhratdyr-şandyr,
Watanymyz hemişe şöhratly bolsun!
Gahryman Arkadag uzak ýaşasyn!
Şanly 25 ýyl – toý gutly bolsun!
Akmyrat REJEBOW