Bir asyrlyk amanat (Hekaýa)


Bir asyrlyk amanat (Hekaýa)

Asfalt ýoluň haçan gutarany-ha ýadyma düşenok, ýöne gum depelerinden ulagymyzyň kynlyk bilen ýöräp barýanyna-da eýýäm bir-iki sagat bolupdy. Öz ýanymdan gaýdanyma ökünip başlapdym.

— Men-ä şonuň Magtymgulyň öz golýazmasydygyna-da ynanamok. Kim bilýär, belki, başga biri göçürip goýandyr ony?! — Wagt geçirmek üçin kakam bilen Anna kakamyň gürrüňine goşuldym. Anna kakam ulagyň yzky oturgyjyna tarap öwrüldi:

— Aýdyşyna görä, şol golýazmany Gurduň özem görmändir. Atahan kakam ony ýaşaýan oýunyň töwereklerinde gömüpdir diýýärler. Nirede gömenini welin hiç kime aýtmandyr. Atahan seniň ataň doganoglany bolýar. Eýýäm ýüz ýyla golaý wagt bäri dogan-garyndaşlarymyzyň arasynda gürrüňi ýatmaýan Magtymgulynyň golýazmasy bolsa has öňräkden bäri onuň kakasynda — Ýakup baýyň elinde eken...

...Ata şol gezek dogany Ýakup bilen Hywa gidýän kerwene goşulanda kyrky arkasyna atan pyýada eken. Söwdagär agasynyň harytlaryny kerwene ýükleşensoň, ugraýançalar bazara aýlanmaga hyýallanýar. Harytlary synlap gidip oturyşyna çetdäki köneje bassyrmada gözi eglenýär. Daş görnüşinden ýaşy segsenden aňyrdadyr diýdirýän iki büklüm bolup duran gojanyň öňünde münderlenip goýlan kitaplar ony özüne çekýär. Goja birsellem elini gözüne kölegeledip, kitaplary gözden geçirip duran daýaw ýigidiň ýüzüne dikanlap seredýär-de:

— Özüň-ä türkmen bolsaň gerek? Ýolagçymyň? — diýip habar gatýar.

— Hawa-la, atam, bolubilsek türkmendiris. Ýolagçam, Ahaldan kerwen bile geldim.

— Şeý diýsene. Menem türkmen, oglum. Nesibemi, kysmatmy, şu ýerde doguldym, ömrümem şu ýerde geçdi... Kitabyň gadyryny bilýän adama meňzeýäň?!

— Wah, kitap adamyň durmuşynyň manysy-la welin, ýöne oňa hemme kişi düşünibem baranok-da.

Goja köpmanyly ýylgyrdy. Gapdalynda ýatan köne horjunyň gözünden çykaran kiçeňräk gaýyş torbasyny goltugyna gysyp, Ata has ýakynlaşdy. Indi ol pyşyrdap diýen ýaly gürleýärdi:

— Kitabyň gadyryny bilýän bolsaň, diňle, oglum. — Goja elindäki gaýyş torbanyň agzyny çözdi-de, ýüpek ýaglyga dolanan kitap çykardy. Sahypalaryny açyp, titreýän ellerini eýýäm solup ugran hatlaryň üstünden ýöretdi. — Ine, şu beýik Magtymgulynyň hut öz elinden çykan golýazmasy. Bu biziň maşgalamyza garry atamdan galan miras. Indi özüm miras goýaýyn diýsem, ýalançydan perzentsiz ötmeli boldum. Saňa bermegimiň sebäbi bolsa bu kitabyň öz watanyna dolanaryny islemegim. Birem kitabyň gymmatyna düşünýän adamyň eline düşse, armanym ýok. Muňa nyrh kesip oturjak däl, goý, menden saňa ýadygärlik bolsun.

Şonda-da bu iki büklüm, perzentsiz gojanyň elinden şeýle gymmatly hazynany muzdsuz almak Atanyň göwnüne jaý bolmady:

— Atam, gürrüň Magtymguly bolanda türkmen barja baýlygyny hem orta goýýandyr. Ýöne meniň ýanymdaky bar hazynam şu. Kabul et, senem razy bol, meniňem göwnüm ynjalsyn. — Ol guşagyna gysdyran pully haltajygyny durşy bilen gojanyň eline berdi...

Kerweniň Ahala çenli ýoly uzakdy. Düşlegleriň birinde Ata doganynyň ýanynda oturdy-da, elindäki gaýyş torbany oňa görkezdi:

— Men bir hazynanyň üstünden bardym. Seretsene, Magtymgulynyň hut öz eli bilen ýazan golýazmasy.

«Magtymguly» sözüni eşidip, Ýakup geňirgendi. Kitaby alyp, sahypalaryny agdaryşdyrdy:

— Bäh, Magtymguly diýsene, beýle gymmatly kitaba duşan bolsaň, gaty nesibeli ekeniň. — Hernäçe syr bildirmezlige çalyşsa-da, ýüzi gamaşyp gitdi. Göwnüne, elinde şeýle gymmatly kitaby bolan Atany ähli obadaşlary özünden has baý hasaplaýjak ýalydylar. Munuň şeýle boljagyny çaklamak beýle bir kyn hem däldi. Ol hemişe özüniň inisinden has gurpludygyna buýsanardy. Ata hem «Ýakup baýyň inisi» diýlip tanalýar ahyry. Ýeri, häzir näme? Häzir bu kitap onuň ähli baýlygy bilen bir terezä münene döndi. Özem onuň göwnüne has agramly ýaly.

Ertesi gün Ýakup inisiniň ýanyna golaýlady-da, haýyş bilen ýüzlendi:

— Inim, bu kitap öýe barýançak mende dursa, wagt tapdykça okasam bolarmy? Öýüňe baraňsoň özüň okajak diýersiň, ogullaryň okar. Soň ýöriteläp diläp ýörmäýin-de, ýolda okaýaýyn.

Ata razylaşdy. Agasyny ýalbardyp durmagy özüne uslyp bilmedi. Şeýle-de onuň kitaby ýolda-yzda gaçyryp, ýitirmejegine-de belet. Wagtlaýyn hem bolsa, kitaby öz eline geçiren baý oňa ymykly eýe bolmagyň kül-külüne düşüpdi. Ýöne inisiniň özüne miras goýlan zady satmajagyna-da gözi ýetip durdy. Şol sebäpli hem ol ýolboýy başga niýeti ýüregine düwýär.

Öýüniň öňünde goş ýazdyran Ýakup baý düýelerini ogluna tabşyrdy-da, egnindäki horjunyny mäkäm tutup durşuna haýdap gara öýe girip gitdi. Girişine-de gaýyş torbany tördäki ullakan agaç sandygyň düýbüne oklady. Işini boldum edip, daşaryk çykansoň, bir-iki gezek düýeleriň töwereginde öwrüm etdi, ogluna buýran ýumuşlaryny birlaý gözden geçirdi. Soňundanam ýüzüni çynlakaý, biraz aljyraňňy hala saldy-da, Atanyň öýüne tarap ugrady. Inisi daşarda düýeleriniň ýüküni düşürip durdy.

— Ata, maňa amanat beren kitabyňy özüň alan-a dälsiň? Horjunymda durdy. Öýe gelip açsam, ýok.

— Ýok-la, agam, amanat beren zadymy özüň gowşurýançaň alyp näme edeýin?! Horjunyňda ýokdugyny anyk bilýäňmi, aljyraňňylykda görmedik bolaýma?!

— Kelläm ýaly gaýyş torba, kör bolmasam-a görerin, inim. — Bu gezek Ýakubyň sesi gaharly çykdy. — Beýleki goşlarymyň ählisini birlaý gözden geçireýin, bar bolsa, elin gowşuraryn. — Baý şeý diýdi-de, arkaýynlyk bilen yzyna öwrülip, öýüne tarap ugrady.

Goşa ýassygy tirsekläp çaý içip oturyşyna Ýakup baý eden işinden belli-külli baş alyp çykmagyň aladasyny edýärdi. «Agşamara baryp tapmadym diýerin, ötünç soraryn, birsalym wagt geçse, öter günüň başagaýlygy bilen kitaby unudar gider» diýip, öz ýanyndan pikir öwürýärdi. Ýöne inisiniň lapykeç ýüzi hem göz öňünden gidenokdy. «Häzirem giç däl, kitaby alyp bararyn, başga harytlaryň arasyna garyşypdyr diýerin». Öňündäki iki ýoluň aralygynda sadylla bolup duran baý wyždanynyň sesini eşitmezlige saldy.

Wakanyň üstünden esli wagt geçse-de, baýyň «gürrüňi ýatyşar, ýatlaryndan çykyşar» diýip umyt bilen garaşanynyň tersine, kitaply gürrüň has-da möwjedi. Bir gezek baýyň hem baran üýşmeleňleriniň birinde ýaş-ýeleňleriň biri Ata ýüzlendi:

— Ata aga, şol ýitiren kitabyňyz bolanlygynda häzir Magtymgulynyň goşgularyndan diňlärdik. Arman, bir ogryň-a çolpusyna ilipdir ol.

— Men-ä kitap ogurlanandyr öýdemok. — Ata ýaş ýigidiň sözüni böldi.

— Ýolda kerwende wagtymyz bir ýerlerde gaçyp galandyr. Sebäbi Magtymgulyny okaýan adamyň ogurlyk etmejegini anyk bilýän.

Bagtyna Ýakup baýyň bir gyzaryp, bir agarýanyna üns beren adam bolmady. Birsellem oturansoň, ardynjyrap, turmak bilen boldy. Öýüne gelibem getiren gününden bäri sandygyň düýbünde ýatan kitaby eline aldy. Sowat öwrenmäge inisi ýaly höwesek bolmasa-da, wagtynda bu işlere biraz baş goşupdy. Şonuň üçin heçjikläp diýen ýaly okamagy başarýardy.

Agşama çenli kitaby elinden düşürmedik baý okadygyça howsala düşýärdi. Öňler märekede aýdylýan gürrüňlere, okalýan goşgulara çynlakaý garamaýan halyna, indi her bir setir onuň inini tikenekledýärdi. Inisiniň: «Magtymgulyny okaýan adamyň ogurlyk etmejegini anyk bilýän» diýen sözüniň manysyna hem indi düşünip galypdy. Aslynda, kitabyň, onda-da Magtymgulynyň goşgularynyň gymmatynyň altyn-kümüş bilen däl-de, adam aňyna, päline edýän täsir bilen ölçenilýändigini ilkibaşdan bilenliginde beýle işe baş goşmasa-da goşmazdy. Haýp, indi gaty giçdi. Beýik akyldaryň her setiri bolsa onuň wyždanyny gysyp-gowrup barýar. «Ýeri, häzir alaga-da kitaby goltugyma gysyp, märekäniň içine baryp Atanyň eline bersem, «Kitap gelelimiz bäri mendedi» diýip ötünç sorasam». Ol şeýle niýet bilenem ýerinden turdy. Birdenkä-de hyýalynda inisiniň närazy nazary, tutuş mähelläniň soragly gözleri özüne gönügen baý lampa aşak oturdy. «Ýok, munuň başga ýoly bolmaly. Hem amanady eýesine bermeli, hemem ähli günäni öz üstümden aýyrmaly». Eýsem, oba adamlary onuň bu gabahat işini bilse, näme diýer. Diňe obamy? Gürrüňiň tutuş Ahala ýaýrajagy öz-özünden düşnükli ahyry. Şonuň üçinem ol kitaby gaýtadan gaýyş torba saldy-da, sandygyň düýbüne oklady...

...Şeýde-şeýde aradan ýigrimi ýyldan hem köpräk wagt geçýär. Içini hümledip, öz-özünden müýnürgäp ýören Ýakup baý hem ýarawsyzlyk tapynyp, ýanyny ýere berýär. Agyr ýatan günleriniň birinde ogly Atahany ýanyna çagyryp:

— Oglum, Ata kakaň ýitiren kitaby ýadyňdamy? Şol kitap hiç wagt ýitmedi, häzirem mende. Ilki bermek islemedim, soňam giç boldy. Inimiň öňünde ýalňyşymy boýun almaga, ötünç soramaga gaýratym çatmady. Senden soňky haýyşym, şol amanady eýesine ber. Ýöne men dünýeden gaýdanymdan soň ber. «Kakam gaty ökündi, kän gezekler bermäge synandy» diý — diýip, iň soňky sargydyny edýär.

Kakasy dünýeden gaýdansoň, Atahan kitaby eýesine gowşurmagyň ýoluny gözleýärdi. Öýünde kitaby eline alyp oturyşyna müň dürli pikir kellesinde at salýardy. «Kitabyň gymmatyna söz ýok welin, kakamyň bir kitap diýip eden işi gaty telek bolýar. Ýeri, häzir baraga-da Ata kakamyň eline muny bersem, meniň habarym ýokdy diýsem hem barybir menden nägile bolar. Öwezem meniň bilen öňküsi ýaly gatnaşyk saklamaz». Birden gapy kakyldy-da, Ata aganyň ogly Öwez öýe girdi. Atahan aljyrap, kitaby çaltlyk bilen ýassanyp oturan ýassygynyň aşagyna itdi.

— Atahan, örä, çopanlaryň ýanyna barýan, azyk-suwluk alyp gitjek. Özüňkilere aýlanaryn diýseň-ä, ýör.

— Hä, ýok, Öwez, men bir-iki hepdelikde aýlanyp gaýtdym. Indem birsellem gitmezmikäm diýýän. Gitseň, sag-aman gidip gel.

Doganoglany «gel, geç» diýmän tiňkesini dikip duransoň, derrew gitmek bilen boldy. Şundan soň Atahan kitaby hiç kime görkezmän ýitirim etmegiň iň dogry pikirdigine çyny bilen ynandy. «Goý, şunça ýyl tapylmadyk bolsa, indem onuň barlygyny hiç kim bilmesin». Ol şol günüň özünde kitaby ýitirim edýär.

Wakadan bir aýa golaý wagt geçensoň guma aýlanmaga giden Atahany zäherli ýylan çakyp, kyrk bir ýaşynda aradan çykýar. Ölüminiň öň ýanynda çopanyndan ogluna habar ugradýar.

— Hawa, Gurduň atamyň ýanyna gelşini kakam şeýle gürrüň beripdi — diýip, Anna kakam gürrüňini dowam etdi.

Garaňky gatlyşyp barýarka Ata aganyň gapysyny kakan Gurt oňa kakasynyň sargydyny bolşy ýaly gürrüň berýär:

— Atamyň size bermeli amanady bar eken, Ata kaka. Kakam ýogalmazyndan öň maňa: «Şol kitaby eýesine gowşursyn. Kitap gömülgi dur» diýipdir. Başga zadam aýtmandyr. Düýn agşamam kakam düýşüme giripdir.

— Ol bolubilse Magtymgulyň golýazma kitaby bolmaly. Onuň ataňdadygyny-ha aňýardymam-la welin, gözüň bilen görmeseň, pylan diýibem bolanok-da, köşek — diýip, Ata aga uludan dem aldy. Ýitenine ylaýyk otuz bir ýyl bolan kitabynyň tapylanyna ýüregi ersdi...

— «Kitaby tapan günüm size elin gowşuraryn» diýip, ony bir-iki günde tapmagy ýüregine düwen Gurt häzirem şol oýy saklap otyr. Wagt geçip, ogullary, agtyklary şähere göçse-de, ol uly ogly bilen şol ýerde galýar. Oýuň töwereklerini eleme-deşik etselerem, gözlegleri netije bermeýär — diýip, gürrüňiň yzyny kakam dowam etdi.

— Bäh, oturan öýüniň içinde gömäýipdir-aýt, zaluwat. Şol ýerdedigini kim bilipdir onsoň? — Anna kakam sowal berdi.

— Iki gün mundan öň Gurduň körpe ogly geldi. «Kakam şol kitaby tapypdyr, sizi çagyrýar, özüm elin gowşurjak diýýär» diýdi. Agtyklarynyň biri: «Ata, galan ýer-ä gördük, şol seniň oturan gara öýüň içini gazyp görsek näderkä?» diýipdir. Gurt ol gara öýi hiç kime degdirmän saklap oturan eken.

— Aý, hawa-da, atam ol kitaby kakama, kakam bolsa saňa miras goýýan diýipdi.

— Ýogsa-da, näçe ýyl bolduka onuň gözläp ýörenine?

— Geçen güýz ony görmäge gidipdim. «Biraz ýaranok» diýipdiler. Şonda: «Öňümizdäki ýazda altmyş ýedi ýyl bolýar» diýipdi-dä.

— Otuz bir ýyl öň, altmyş ýedi ýyl soň. Dogry togsan sekiz ýyl bolýar-da. Iki ýyly kem bir asyr.

— Magtymguly üçin bir-iki asyryň zat däldir. Ol eýýamlaryň şahyrydyr-la welin, onça ýyl ýeriň astynda golýazma zeper ýetmedik bolsa diý.

— Bilmedim-dä.

Olaryň gürrüňi barmaly ýerimize ýetenimizde-de dowam edýärdi.

Oguljennet PAŞYKOWA.