Durkuň görki


Durkuň görki



«Gelin-gyzyň görki saçdadyr» diýip, ýöne ýere aýdylmaýar. Saç hemmä-de gerek, ylaýta-da, gelin-gyzlara. Gyz çaga dünýä inende ene öz balasyny şeýle hüwdüleýär:
Mähir berseň gyzlara,
Saçy ýeter dyzlara.
Gyzjagazlar entek kiçijikkä onuň saçlaryny ýuwup, darap arassa saklamak her bir enäniň mukaddes borjy hasaplanylýar. Haçanda, gyz çaganyň galpak saçy daýysy tarapyndan syrylanda oňa halat-serpaý ýapylýar. Çaganyň syrylan saçy çogdamlap örülip öýüň töründen asylyp goýulýar. Gyz çaga has ösgün gür saçly dogulsa oňa «Saçly» diýip at dakylýar. Gyzjagazlar ýaňy aga-gara düşünip ugranlarynda gurjak oýnaýarlar, gurjaklarynyň saçlaryny ýuwup, darap örmäni öwrenýärler. Şeýlelikde, gyzjagazlar kiçilikden başlap öz saçlaryny tämiz saklamaga çalyşýarlar. Ene-mamalarymyz saçlaryny çeşme, ýagyş suwuna şeýle hem gyşda gar ýaganda gary bir gaba alyp eredip, ýuwupdyrlar. Mundan başga-da, gatyga, süzme suwuna, düýe çalyna, ýumurtganyň sarysyna ýuwlan saçlar örän berk hem owadan bolýar. Saçlar ýuwlandan soň üljäniň şiresini çalyp, süňkden, agaçdan ýasalan darak bilen darapdyrlar. Timarlanan saçlar owadan bolup, ol Günüň şöhlesine öwşin atypdyr.

Gelin-gyzlaryň saçlaryny wasp edip, şahyrlar goşgy goşýar, bagşylarymyz bolsa aýdym aýdýar. Türkmen halk döredijiliginde hem gelin-gyzlarymyzyň saçlary barada köp zatlar ýazylandyr. Hüwdülerde, lälelerde, dessanlarda gelin-gyzlaryň saçlarynyň taryp edilýändigine köp gabat gelinýär. Yşk mülküniň şasy Mollanepes meşhur «Zöhre-Tahyr» dessanynda hem gelin-gyzlaryň owadanlygy, edep-ekramlylygy bilen birlikde berk, tämiz saçlaryny ussatlyk bilen wasp edýär. Beýik söz ussady Magtymguly şahyrymyzyň döredijiliginde-de gyz-gelinleriň saçlarynyň ussatlyk bilen waspy ýetirilýär. Şahyr «Aşyk bolmuşam» diýen şygrynda:
Özi gaýyp, zülpleri ýeldaýa aşyk bolmuşam — diýýär.
Şeýle hem «Gözüm düşdi» ― diýen şygrynda:

Eý zülpi-saçy anbar!
Mährap ki, ýüzüň münber,
Eý lagly-lebi göwher,
Ummana gözüm düşdi.

― diýmek bilen gyz-gelinleriň saçlaryny dünýädäki bar bolan ähli gymmatlyklara, ajaýyplyklara, deňeýär. Seýdi, Zelili, Kemine, Andalyp ýaly nusgawy şahyrlarymyzyň hem döredijiliginde gyz-gelinleriň saçlary ussatlyk bilen taryplanýar. Aslynda gyz-gelinleriň tämizden uzyn saçlary olary owadan görkezip, durkuna görk goşýar.

Annagül ŞIRLIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň
Döwlet kitaphanasynyň Döwlet we jemagat kitaphanalarynyň
işini utgaşdyrmak bölüminiň baş kitaphanaçysy