Ýiti zehinli ussat


Ýiti zehinli ussat



Türkmenimizde «Adam kylmyşyndan belli, daragt iýmişinden» diýen aýtgy bar. Ol nuranalygy, ýiti zehini, sada adamkärçiligi, zähmetsöýerligi, başga-da köp-köp oňat häsiýetleri, teatr we kino sungatynda bitiren hyzmatlary bilen halk hakydasynda galan adamlaryň biri.

Onuň çagalygy Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna, oglanlygy şol nägehan urşuň yz ýanyndaky gahatlyk döwrüne, ýigitligi bolsa Aşgabat ýertitremesinden soňky dikeldiş ýyllaryna gabat gelýär. Ol döwürleriň nähili hupbatly bolandygyny çintgäp, çagalygy, oglanlygy, ýaşlygy şol döwre gabat gelen adamlaryň we olaryň soňky nesilleriniň ýüregini agyrdyp oturasym gelenok.

Halk hakydasynda hemişelik orun tutan ýiti zehin — türkmen teatr we kino sungatynda görnükli yz galdyran ussat artist Hommat Müllük barada başardygymdan gürrüň edesim geldi.

Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk artisti Hommat Müllük biziň aramyzda gezip ýörenliginde bu gün 80 ýaşy arka atan goja bolmalydy. Onuň özi biziň aramyzda bolmasa-da, ol ýakyndan tanan we işleşen adamlaryň ýatlamalarynda, kino sungatynda döreden keşpleri bilen halk hakydasynda hemişelik ýaşap ýör.

Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr sungaty institutynda ýokary bilim alyp, öz döwründe öňki Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki teatrynda, Türkmenistanyň Ýaş tomaşaçylar teatrynda işledi. «Türkmenfilm» kinostudiýasynda, «Özbekfilm» kinostudiýasynda 20-den gowrak kinofilmlerde surata düşdi. Ol türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň keşbini kino sungatynda ilkinji janlandyran aktýor, özi hem, sözüň doly manysynda, ussat aktýordyr.

Hommat Müllük hakynda gürrüň edilse, ilkinji nobatda, artist diýlen düşünjä dürli nukdaýnazardan seretmeli, şonda kimiň kimdigi äşgär bolýar. Artist bar, artist bar. Her bir artist eline ssenariýa ýa-da pýesa berlensoň, ondaky ynanylan anyk bir keşbe özüçe düşünjek, akyl ýetirjek bolýar. Bu iş ukyba, sowada bagly. Birnäçe artistler režissýoryň kömegine mätäç. «Sözüni ýat tutdum, inuw-çykuwyny bilýän, galanyny taýýarlyk döwründe režissýoryň kömegi bilen alyp çykaryn» diýen pikirde. Olar ýaly artistler bütin ömrüne şeýdip geçýärler. Hommat Müllügiň artistlik ukybyna, başarnygyna belet adamlar: «Hommat Müllük bu babatda başgaça adam» diýýärler. Etjek işini öz göwnüne jaý görmese, taýýarlyga girişmek hem oňa kyn düşüpdir. Ol keşbe girişip ugranda öz göwnüne laýyk bolar ýaly, her hili synaglary edip görensoň, hüý-häsiýetini öwrenensoň, şol keşbi oýnamaga razylyk berýän eken. Köňlüne laýyk gelmese, hödürlenen keşbi oýnamakdan ýüz öwren halatlary hem az bolmandyr.
Ondan režissýorlar: «Näme üçin ala-böle şol keşbi saýlap aldyň?» diýip soranlarynda, ol: «Şol keşbi gowy oýnap biljekdigime nähilidir bir ýakymly duýgy döreýär mende» diýer eken. Bu pikiri onuň bilen işleşen, ony ýakyndan tanaýan adamlar aýtdylar. Onuň bu häsiýetine belet režissýorlar öz filmleriniň baş keşbine başga artist gözlejek hem bolmandyrlar. «Magtymguly» çeper filminde türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň keşbini Hommat Müllüge ynananda belli türkmen režissýory Alty Garlyýew hem şol pikirden ugur alan bolarly. Hommat Müllük «Men Magtymguly Pyragynyň keşbini oňararmykam?!» diýip ýöwsellejek bolanda, režissýor Alty Garlyýew onuň bu pikirine kes-kelläm garşy çykypdyr. Hommat Müllüge synanyşyp göräýmekden başga alaç galmandyr. Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň keşbini ekranda janlandyrmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Onuň üçin Pyragynyň ruhunyň öňünde durup, hyýalyňda ejaza almaly. Pyragy — türkmeniň ruhy sütünleriniň biri. Onuň goşgularyna, ýaşan döwrüniň gapma-garşylyklaryna akyl ýetirmezden, şahyryň keşbini janlandyrmagyň aňsat düşmejekdigi öz-özünden düşnüklidi. Ol Magtymguly Pyragynyň goşgularyny ýat tutdy, diňe ýat tutmagam däl, eýsem türkmen nusgawy edebiýaty öwreniş ylmynyň ägirtleri akademik Baýmuhammet Garryýewiň, professor Mäti Kösäýewiň maslahatlaryny, düşündirişlerini diňlemekden ýadamady. Olar hem bu ýaş artistiň işe höwesekligine, tutanýerliligine telpek goýup, hemaýatlaryny gaýgyrmadylar, şol bir wagtyň özünde-de beýik türkmen şahyrynyň kinoda keşbini döretmekdäki ilkinji synanyşygyň şowly bolmagy üçin ýakyndan ýardam berdiler. Filmiň surata düşürilişine nusgawy edebiýat bilen, şol sanda medeniýet we sungat ugrundan iş alyp barýan adamlary hem çekdiler, zerur bolan halatynda Hommat Müllügi olar bilen duşurdylar. Akademik Baýmuhammet Garryýewiň, professor Mäti Kösäýewiň, Türkmenistanyň halk suratkeşi, professor Aýhan Hajyýewiň beren maslahatlarynyň özi üçin uly mekdep bolandygyny ýiti zehinli artist otursa-tursa aýdar eken. Magtymguly Pyragynyň kanoniki portretini döreden ussat türkmen suratkeşi Aýhan Hajyýewiň beýik akyldaryň portretiniň üstünde işlän döwri Magtymguly Pyragynyň ýakyn garyndaşlarynyňkyda bolup, olaryň gürrüňleriniň üsti bilen şahyryň ömri we durmuşy, edim-gylymlary, häsiýeti hakynda gymmatly, köpe mälim bolmadyk ownukly-irili maglumatlary toplandygyny bellemek gerek.

Ol «Magtymguly» filmi surata düşürilip başlanylmazdan ozal filmiň režissýory Alty Garlyýew bilen Gerkez obasyna zyýarata baryp gaýtdy, beýik şahyryň nebereleri bilen duşuşdy, etsem-goýsamlaryny paýlaşdy. Olar «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlen ýörelgä eýerdiler. Şeýlelikde, «Magtymguly» filmi surata düşürildi.

Döredijilik adamsynyň ýeke özüniň aljak galasy ýok, töweregiň hem, pikirdeş dost-ýaryň, halypaň hem bolmaly. Men bu babatda Hommat Müllügi bagty çüwen adamlaryň biri saýýaryn.

Muňa Hommat Müllügiň «Magtymguly»,«Aýgytly ädim» filmlerini surata düşürenlerinde öz halypasy Alty Garlyýew hem-de kärdeşleri barada aýdanlary hem şaýatlyk edýär:

«Magtymguly Pyragynyň keşbini döredenimde ýigrimi ýaşymdadym. Maňa ussat režissýoryň uly ynam bildirendigine begenjimiň çägi ýokdy.

«Ýaşuly talapkär. Tüýs işine berlen adam. Artiste keşp ynanansoň, ol ony öz erkine goýmaýar. Bu halypam Alty Garlyýewiň süňňüne ornan iş usullarynyň biridi. Onuň beýikligi hem şonda».

«Liza (belli türkmen artisti Ýelizaweta Garaýewa—N.K.) sungata wepaly artist. Ol ýadamany-ýaltanmany bilmeýär. Oguldurdy Mämmetgulyýewa hem güýçli artist».

Bu ýazgylary men metbugat sahypasyndan — artist Hommat Müllük hakynda ýazylan gazet oçerkinden aldym. Artist Hommat Müllügiň ýazgy depderçesini ýöredendiginiden, onda özüniň kalbyna iň ýakyn pikirlerini ýazandygyndan habarly bolsam-da, dürli sebäplere görä, şol ýazgylaryň asyl nusgasy bilen tanyşmak mümkin bolmady. Ýöne artist Hommat Müllügiň depderçä öz kalbyna iň ýakyn pikirleri ýazandygy welin, onuň örän duýguçyl adam bolandygyna şaýatlyk edýär.

Muňa ony ýakyndan tanan, bile işleşen adamlaryň ýatlamalary hem güwä geçýär:
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kinorežissýor, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Saparmämmet Mollanyýazowyň ýatlamasyndan:
—Men artistler Hommat Müllük, Baba Annanow bilen dost, aga-ini ýaly gatnaşykda bolandygymy hemişe aýdyp ýörün. Işde-de, durmuşda-da şeýledi. Men muňa buýsanyp ýaşaýaryn. Häzirem olar meniň ýanymda egin direnişip duran ýaly. Olaryň ady tutulsa, hakydamdaky ýatlamalara siňip gidenimi duýman galýaryn.

«Aýgytly ädim» çeper filmi surata düşürilen döwürleri Baba Annanow baş keşpde oýnaýanlygy, men hem filmiň ses operatory bolanym üçin topara goşulyp, filmiň surata düşüriljek ýerine ilki giderdik. Hommadam filmde surata düşýän pursatlary ýakynlanda yzymyzdan barardy. (Ol teatrda işlänsoň, hemişe diýen ýaly şeýleräk bolýardy).

Ýerlerde saparda bolanymyzda Baba Annanow ikimize bir otag bererdiler. Bararsyň, ýerleşersiň. Bir haýukdan soň, filmiň direktory Atabally Myradow geler. Hemişe «Oglanlar, gyzlar oňatja ýerleşdiňizmi?!» diýip, habar tutmaga gelýärd-ä ol. Baba Annanow ikimiziň bolýan otagymyza gelende gurnama krowata gözi düşüp «Munyňyz näm-aýt?» diýip soragyçdyr. Ýogsam gurnama krowaty az gören däldir biziň bolýan otagymyzda. Bizem özümize endik bolan «Hommat Müllük üçin» diýen sözleri gaýtalardyk. Soňam bile gülşerdik.

Işde, durmuşda her hili ýagdaýlar bolýar. «Magtymguly» çeper filminiň käbir pursatlary goňşy ýurtlaryň kinostudiýasynyň pawilýonlarynda surata düşürildi. Filmi gören tomaşaçylar bilýändirler, Magtymguly Pyragynyň ýesirlikdekä guýuda başaşak asylyp duran pursadyny. Şol pursat Duşenbe şäherinde, «Täjikfilm» kinostudiýasynyň pawilýonynda surata düşürilipdi. Bu pursat surata düşürilensoň, her kim «Wessalam — iş tamam» diýip dagaşyp barýar. Filmiň geýim boýunça suratkeşi Roza Kulyýewa ikimiz tirkeşip gelýäris. Öňümizden filmiň režissýory Alty Garlyýew ylgaşlap elem-ebtat bolup gelýär: «Hany Hommat, hany Hommat?» diýýär. Bizem ylgaşlap gaýtdyk bile pawilýona garşy. Gelsek, Hommat Müllügi guýudan çekip çykaran ekenler. Esli wagt başaşak asylyp duran eken. Şonda-da Hommat Müllügiň aşa gatyrganany eşitmändigem, görmändigem.

Hommat Müllük örän synçy adamdy. Ol teatrda we kinoda oýnan gahrymanlarynyň diňe ruhy dünýäsini däl, eýsem egin-eşiginem, geýnişinem özüçe göz öňüne getirip bilýän artistdi. Eger öz gahrymanynyň daş keşbine — geýnişine laýyk eşik kostýumer otagynda tapylmasa, başga bir egin-eşik hödürleseler, «Bu egin-eşik onuň häsiýetine bap gelenog-a, bolmasa özümem gözlemeli bolarynda häsiýetine kybap egin-eşigi» diýerdi. Onuň üçin oýnaýan gahrymanyň ruhy dünýäsine daş keşbem — egin-eşigem, aýakgabam laýyk geläýmelidi. Ol şeýleräk adamdy.

Iş etseň, il tanaýar. Hormatly Prezidentimiziň türkmene at-abraý getiren şahsyýetlere sarpasy uly. Okan mekdebine, Aşgabat şäherindäki 23-nji orta mekdebe Hommat Müllügiň ady dakyldy. Mekdepde muzeý otagy bar, onda ussat artiste degişli eksponatlar saklanýar. Mekdebe Hommat Müllügiň heýkeli goýlan. Ony Türkmenistanyň halk suratkeşi Welmyrat Jumaýew ýasady. Welmyrat hem şol mekdebiň uçurymy eken. Heýkeli ýasamak babatda gürrüň geçirenimizde, ol Hommat Müllügiň hatyrasyna öz zähmet hakyna töleg almajakdygyny aýdypdy.

Kinorežissýor, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Çaryýar Seýidowyň ýatlamasyndan:
—Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň ortalary. Ýolöten şäheriniň eteginde «Ýurt eýesi» filminiň bugdaý orlup, harman atylýan pursady surata alynýar. Filmdäki bir dartgynly agyr pursady surata aljak bolup durus.

Waka 1941—1945-nji ýyllaryň urşy döwründe tylda zähmet çekýänleriň durmuşyndan. Tylda zähmet çekýän zenan keşbini aktrisa Oguljan Nyýazberdiýewa, erkek adamyň keşbini Hommat Müllük oýnaýar.

Menem režissýoryň kömekçisi edilip bellenen işgär. Şol pursady surata düşürmek üçin artistleri iş meýdançasyna çagyrmaly. Adam iberdim «Hommat Müllük gelsin!» diýip. Gelenok, ýene-de adam iberdim, gelenok. Meniňem depämde taýak döwýärler. «Hany, aktýorlar?» diýip, filmiň baş režissýory, Türkmenistanyň halk artisti Kakow Orazsähedow meni gyssaýar. Ýaş hem bolsam, gaharym depäme urdy. Özüm gaýtdym 100-150 metr uzaklykda, tuduň kölegesinde oturan aktýorlaryň üstüne. Ýeke tudy kölegeleýän toparyň bäri çetinde, ile goşulman, böwrüni diňläp Hommat Müllük otyr. Beýlekiler dört-bäş metr aňyrrakda gülşüp-degşip, ala-goh bolşup otyrlar.

Men olaryň 20-30 metr bäri ýanlaryna baryp:
«Aktýorlar, kino meýdançasyna!» diýip, gygyranymy bilýän. Gürre turdular, Hommat Müllük ilki gaýtdy. Onuň ýerine başga biri bolsa «Näme-how, gohuň näme?» diýäýjek ýalydy. Emma ol meşhur aktýor meniň «buýrugyma» tabyn bolup, kinomeýdança tarap ylgaşlap diýen ýaly gaýtdy. Şonda halypa aktýoryň meniň sözümi ýerde goýmandygyna häli-häzirem guwanýaryn.

Şol pursady, Hommat Müllük bilen Oguljan Nyýazberdiýewa özlerine ynanylan keşpleri şeýle bir ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler welin, suratlandyrara söz tapyp biljek däl. Näçe diýseň, bärden gaýtjak, gowusy, filmde synlap göräýiň! Bu kinopursadyň soňy zenan gahrymanyň garpyşykda (Oguljan Nyýazberdiýewa) erkek kişiden (Hommat Müllük) ökde çykyp, onuň yzyndan iki dişli ýabagy zyňmagy bilen jemlenýär. Pursadyň surata düşüriliş işi tamamlanansoň hem keşbe siňen aktýorlar doly aýňalyp bilmedik bolarly. Hommat Müllük özüni agras ýere goýberdi. Oguljan Nyýazberdiýewanyň, sözüň doly manysynda, essi aýyldy.

Kino düşürilýän ýer hem etrap merkezinden ep-esli uzakda, ulagymyzam gulluk awtobusy. Aktrisa O.Nyýazberdiýewany uly aýal doganym ýaly sylaýardym, ýokary okuw mekdebinde bir döwürräk okapdyk. Ony huşsuzrak halynda awtobusa mündürip, etrap myhmanhanasyna eltdim. Aktrisa doly huşuna gelensoň, ynjalyp, yzyma, iş ýerime gaýtdym. Gelenimden soň nazarym ýene-de şol ýeke tutda eglendi.

Hommat Müllügiň şol gezekki ençe çagyrylsa-da, kino meýdançasyna dessine gelmänliginiň sebäbini onuň durmuş ýolunda, hyýalynda, çagalykda gören, eşiden wakalaryndan daşlaşyp bilmänliginden gözleýän. Hommat Müllük — uruş ýyllarynyň çagasy.
Kinoçylaryň durmuşynda şeýle wakalar az bolmaýar.

Hawa, ukyby, zehini, halal zähmeti bilen halk hakydasynda hemişelik galýan adamlar ýatlanylmaga mynasypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwletimizde il-gününe hyzmat eden adamlaryň hatyrasy belent tutulýar. Bu türkmeniň ata-babasyndan gaýdýan däbi-dessury. Bu däp-dessur dowamat dowam bolýar. Halkynyň bolelinlikde, parahat durmuşda ýaşamagy, öten-geçenleriniň sarpasyny saklamak häsiýetiniň nesilden nesle geçmegi üçin alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumlary rowaçlyga beslensin!

Narmuhammet Kakabaýew