Nesil dowamaty


Nesil dowamaty



«Buşluk, ogul agtygyňyz boldy, ene bolduňyz!» Buşluk habary ene ýüregimde täsin duýgyny oýardy. Ine, balajyk, bu gün sen enelik dünýäme üýtgeşik nur çaýyp geldiň. Ene sözüniň keramaty, ene söýgüsiniň gudraty barada şu wagta çenli il ara synda näçe gürrüň etsemem, joşup şygyrlar okasamam, bir-ä, ilkinji perzendim dünýä inende, bir-de ilkinji agtygym doglanda kalbymda dörän ýakymly duýgularyň waspyny etmäge söz tapmadym.
Nesil dowamaty eziz bala, seni ilkinji gezek elime alanymda, ene ýüregimiň gürsüldisi has-da üýtgeşik eşidildi. Lukman gelin: «Hany, enesi, ilkinji agtygyňyzy eliňize alyň. Goý, bu bala nesliňiziň dowamaty, hemmäňiziň buýsanjyňyz bolsun! Watanymyza, il-günümize abraý, nesline mertebe getirýän goç ýigit bolup ýetişsin!» diýende, gözlerimden begenç ýaşlary syrykdy. Bu arzuwlaryň yzy başga-da bäbek çykarmaga gelen enelerdir gelnejeleriň arzuwlary bilen utgaşyp gitdi. Gelinleriň biri: «Ene-mamalarymyzyň aýdyşy ýaly, çilehanada edilen arzuwlar hasyl bolýandyr» diýip, içki joşgunyny daşyna çykardy.
Sähetli gün mährimi siňdirip, gurama edip tiken çaga ýorganjygyna dolap seni uly umyt, çäksiz arzuw bilen mährem ojagymyzyň törüni bezäp duran sallançaga saldym. Mähir bilen hüwdülänim-de ýürek arzuwlarymy, öz ene kalbymdaky täsin duýgulary onuň her setirine, bendine salyp, ak guw ýaly tämiz duýgur kalbyňa ýetirmäge çalyşdym. Nesil dowamatym eziz balajygym, bagtly geljegiň baradaky arzuwlarymy şirin hüwdülerime siňdirdim.

Balam meniň ner bolar,
Arslan bolar, şir bolar,
Ulalanda köp okar,
Kitap oňa ýar bolar.

Eneň pendin al, balam!
Irden turup gel, balam!
Gül Watany goramaga!
Mydam taýýar bol, balam!

Öýümize Gün bolup gelen eziz bala, seniň her bir täsinje edýän hereketiňe guwanyp, günler-aýlaryň nähili çalt geçýänini hem duýmandyrys. Gözüň aga-gara düşüp, özüňe habar gatylýanyny duýup, naşyja ýylgyryşlaryň, durak-durak bolan pursatlaryň, gör, nähili ýakymly!

Çapak, çapak elleri,
Agyrmasyn gollary.
Agasynyň toýunda,
Hyzmat eder gollary

- diýenimde, begenip, dünýäni ýaz edip, çapak çalşyň, öz edýän hereketiňe jykyrdap gülüşiň... bagtly pursatlaryň biridi.
Ine, bir günem işden gelsem, «ene» diýip öňümden çykdyň, sen «ene» diýip dil çykardyň. Ene ýüregimi has-da joşdurdyň. Sag bol, balajygym. Goý, yzyň hatarlansyn, dowamly bolsun! Bize-de siziň bagtly günleriňizi görüp, bu parahat ýurtda asuda asmanyň astynda uzak-uzak ýyllar ýaşamak nesip etsin!
Aýjemal Baýramowa