Mermer şäher, merjen şäher, Aşgabat!


Mermer şäher, merjen şäher, Aşgabat!



Şöhlesi düşüp dur çar ýana Günüň,
Burk urýan hoş ysy gelip dur gülüň,
Şeýle bir nurana, gözel her günüň,
Mermer şäher, merjen şäher, Aşgabat!

Sen aşyklaň hemem yşkyň şäheri,
Gülüp garşy alýas her bir säheri,
Günleriň ýatladýar baky bahary,
Mermer şäher, merjen şäher, Aşgabat!

Sende görýän gülleň görkün, zynaty,
Asyl, bagtyň goşa bormuş ganaty,
Gijelerňe bezeg Aýyň kamaty,
Mermer şäher, merjen şäher, Aşgabat !

Gül açan baglaryň owaz – saz eýlär,
Çüwdürimleň şelpe kakar, näz eýlär,
Gözel keşbiň ýüregimi ýaz eýlär,
Mermer şäher, merjen şäher Aşgabat!

Goýnuňda özgerip pikiriň, aňyň,
Topragyňy guçar şöhlesi Aýyň,
Toýlara beslenýär her günüň aýyň,
Mermer şäher, merjen şäher, Aşgabat!

Hiç duşup bilmerin seniň taýyňa,
Gül keşbi çaýylmyş bu gün roýuňa,
Türkmen ili bilen barýas toýuňa,
Mermer şäher, merjen şäher Aşgabat!

Röwşen NURMYRADOW