Garagum – bereketli sähra
Şu ýylyň 17-nji martynda Gahryman Arkadagymyz türkmen sährasynyň ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşmak üçin Garagumuň ajaýyp künjekleriniň birine baryp, şol ýerde sähranyň ösümlik dünýäsini gorap saklamak we ony baýlaşdyrmak boýunça taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde bolanda Garagum sährasynyň baý ösümlik dünýäsiniň diňe bir ekologiýa babatda däl, eýsem, ynsan saglygy üçin örän ähmiýetlidigini, sähra ösümlikleriniň her biriniň häsiýetli aýratynlyga eýedigini, şolaryň halkymyzyň durmuşyna mäkäm ornaşyp, dürli ugurlarda peýdalanylýandygyny, Garagum sährasynyň ajaýyp ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, ony geljek nesillere ýetirmegiň döwlet ähmiýetli wajyp meseledigini nygtamagy, bizi örän begendirdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň Garagum sährasyny gözelleşdirmek, baýlaşdyrmak boýunça hemişe uly tagallalar edýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Aňyrsyna-bärisine göz ýetmeýän giňişlikde ýaýylyp ýatan Garagum sährasy ýylyň ähli paslynda-da tebigy gözelliklere diýseň baý. Baharyň jana ýakymly günlerinde gyzylgozalakly, ýylakly ýaýla seýrana çykmak, tomsuň nurana gijelerinde ak alaňlara çykyp, alyslardan göz gypyşýan ýyldyzlary synlamak, tyllaýy güýzlerde sarymeňiz keşbe giren sazaklaryň, selinleriň, sözenleriň gözelligine maýyl bolmak, ak garly gyşlarda towşan yzly depelere çykmak... bularyň ählisi her bir adamy Garagumuň gudrat–keremine bendiwan eýleýär. Ak sazaklaryň ýaşyl öwüsýän pürleri, gyz kamatly sözenleriň uzaklardan gol bulap durşy, ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän borjaklar, aňňat-aňňat depeleriň degresine gelşik berip oturan gyrymsy gandymlar, suraýy selinler – bular bereketli türkmen sährasynyň ösümlik dünýäsiniň egsilmez baýlyklary. Şonuň üçin-de, Garagum sährasynyň bezegine öwrülen sazak, gandym, sözen, borjak, çomuç, selin, ýowşan ýaly ösümlikler hakynda söhbet etmek has-da ýakymlydyr.
SAZAK
Gahryman Arkadagymyz ýakynda Garagum sährasynda bolanda, sazagyň halk lukmançylygynda ulanylandygyny aýdyp, çaga bir zatdan gorkan ýagdaýynda oňa sazagyň külüni suwa garyp içirilendigini, sazak pürüniň suw bilen garylyp, çagalara içirilende, içegelerdäki ýokanç keselleri aýyrmaga ýardam edýändigini, sazak tüssesiniň adamyň nerw ulgamyny rahatlandyrmakda täsiriniň uludygyny, sazagyň ody bilen çäge gyzdyrylyp taýýarlanan milli tagamlaryň ýokumlylyk hem-de tagamlylyk babatda örän ýokarydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, sazak – sähranyň baýlygy, bezegi, bereketi. Garagum sährasynyň gözýetmez giňişliklerinde ýaýylyp ýatan sazak tokaýlyklaryny synlanyňda, tebigata söýgiň has-da artýar.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Büküri obasynyň ýaşaýjysy Annageldi Hojaberdiýew sazak odunyň, külüniň ähmiýetine, peýdasyna uly baha berýär. Annageldi aga lukmançylyk ugrundan ýörite bilimli, halk tebipçiliginden gowy baş çykarýar. Ýakynda onuň bilen duşuşyp, sazagyň ähmiýeti hakynda soranymda, şeýle gürrüň berdi:
-Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, sazagyň ody halk tebipçiliginde giňden ulanylylypdyr. Mysal üçin, sazak odunyň közüni içi suwly käsä atsaň, köz sönüp, melhemlik suw emele gelýär. Şol suw durlanansoň, az-kem içiberseň, aşgazanyň işleýşi bada-bat gowulaşyberýär.
Geçmişde ata-babalarymyz soýulan erkejiň derisini eýlemekde sazak külüni peýdalanypdyrlar. Ýagny, arassalanyp, ýüzi suwlanan deriniň üstüne sazak külüni sepipdirler. Düzüminde aşgar bolansoň, sazak küli deriniň eýini ýetirmekde, ýumşadyp, hojalyk hajatlarynda ulanmakda ähmiýetli bolupdyr. Kül sepilen derini alyp, ölçäp, şondan gowa ýasapdyrlar. Gowa guýudan suw çykarmakda esasy gerek senetleriň biri.
Annageldi aganyň aýdyşy ýaly, çarwa durmuşynda sazagyň ody-da, küli-de örän ähmiýetli melhemlik. Çagalyk döwrüm Merkezi Garagumda geçensoň, sazak bilen bagly gören we eşiden zatlarym hakydamda mäkäm galypdyr. Mekdepde okaýan ýyllarymyz okuwdan boş günlerimiz uzak ýaýlada mal bakýan çopan-çoluklara kömege giderdik. Şonda halypa çopanlar sähra agaçlary, ösümlikleri, otlary hakynda kän täsin gürrüňleri aýdyp bererdiler. Çopan goşunda ot ýakylanda guran agaçlary getirip, ýakardylar. Ösüp oturan sazagy, sözeni, gandymy ýygdyrmazdylar. Sazagyň odunda gaýnan çaýyň, bişirlen naharyň tagamy juda üýtgeşik bolýar. Gyşyň sowuk günlerinde, çalmarda ot ýakyp, şoňa çoýunyp otursaň, sowuk golaýyňa gelmez, ähli agyry-ynjylaryňy aýrar. Agşamlaryna goşda sazak ody öçeňkirlänsoň, közi sazagyň küli bilen gömerdiler. Munuň sebäbi, gijesine çyg düşensoň, ertesi sazak ýanman tüsselär durardy. Ir bilen kesewini alyp, külüni aýrarsyň welin, közi şol durşuna durandyr. Közüň üstüne sazak atarsyň, ot derrew ýanar. Sährada çopan durmuşy hemişe hereketlerden doly. Ol ýerde gol gowşuryp oturmaga wagt ýok. Mallary örä äkidip, bakmaly, gaýtarmaly, bölünip giden mallary tapmaly, suwa ýakmaly, garaz, hysyrdysy ýetik. Uzakly günüň argynlygyndan soň, sazak odunda gaýnan, tüňçä demlenen çaýdan howlukman içersiň. Ähli ýadawlygyň, argynlygyň el bilen aýrylan ýaly bolar.
Gahryman Arkadagymyzyň sazak tüssesiniň adamyň nerw ulgamyny rahatlandyrmakda täsiriniň uludygyny aýratyn bellemegi ýöne ýerden däl. Munuň özi aýdyň we ykrar edilen durmuş hakykatydyr. Garagumda ýaşaýan ilata, çarwalara sähranyň özi ýaly giň göwünliligiň mahsus bolmagy, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň ynsana neneňsi ähmiýetlidigini doly äşgär edýär.
Ýaz aýlarynda owlak-guzy möwsüminde uzakdaky sonarly meýdanlara ýazlaga çykylardy. Bu däpler häzirem dowam edýär. Şonda obamyzyň ýaşuly çopanlary ojar odunyň başynda mesawy, döwletli gürrüňler edip, üýşüp çaý içerdiler. Bizem oba oglanlary bolup, olara kömege barardyk. Şonda çopan goşunda çarwa aladalary ýetik bolsa-da, biri-birine gaharlanyşyp, igenişip oturan adam ýokdy. Hemmeler biri-birine sylaglydy, gadyrlydy. Ýaşulularyň pentleri kiçiler üçin ýörelgedi. Indi-indi pikir edip görsem, çarwa durmuşynyň şol aýratyn üýtgeşikligi – adam bilen tebigatyň arasyndaky ýakynlyk eken.
«Çaý – melhem hem ylham» atly kitabynda sazagyň, ojaryň odunda gaýnan tüňçe çaýy hakynda gymmatly pikirleri nygtaýan Hormatly Prezidentimiz müň kerem mamla. Gum depelerinde, gollaryň içinde ösüp oturan sazaklar ýöne bir adaty sähra ösümligi bolman, ol adama-da, haýwana-da peýdaly baýlykdyr, bereketdir, penadyr. Sazak odunyň goruna gömlüp bişirlen gömme çöregiň tagamy örän üýtgeşik. Ýaz aýlarynda sazak püründen doýan düýäniň çalynyň tagamy diýseň ýokumly. Düýe janawarlar gyşyň aňzagynda sazagyň ygynda çöküp, gäwüşäp, şony penalaýar. Gyşyna demirgazyk-günbatardan öwüsýän sowuk ýellerden, gar-ýagmyrdan goranjak bolsaň, sazagyň ygyna baraýmalydyr. Sazagyň düzümi dürli maddalara baý bolansoň, onuň ösüp oturan ýeri-de beýleki ösümliklere meňzemeýär. Mysal üçin, sözeniň, gandymyň gögerip oturan ýeri ýumşak bolýar. Sazagyň düýbüni – oturan ýeri gazjak bolsaň, ilki gataňsy topraga gabat gelersiň. Ýagyş-ýagmyra ezilen, düzümi aşgarly sazak pürlerinden syrygan damjalaryň düşen ýeri – sazagyň düýbi gaty, topragyň üstki bölegi berk bolýar. Mör-möjekler, syçandyr alakalar sazagyň golaýynda aňsat hin gazynyp bilmeýärler. Sazagyň düýbi gataňsy bolansoň, başga otlar onuň golaýynda ösüp bilmeýär. Kökleri çuňluga uzap gidensoň, sazagyň oturşy-da, gögerşi-de mäkäm bolýar. Sazagyň berkligi, berdaşlylygy guransoňam bildirýär. Sährada mallar gijelerine bakylansoň, howa bulutly, garaňky günlerde sürüni bakmaga alyp giden çopanyň goşa azaşman dolanyp gelmegi üçin, beýik depäniň üstünde uly ot ýakýarlar. Sazak uzak wagtlap ýanansoň, onuň ody-da aňsat öçmeýär. Çoluk ýigit goşda ýatyp galsa-da, sazak ody çopanyň goşa gaýdyp gelmegine uly ýardam berýär. Çarwa obalarynda gyşyna düýeleri saklamak üçin sazakdan agyllar edilýär. Daşyna çydamly, çüýremezek sazaklar aýlanan agyllar gyşyna düýeleri sowukdan, aňzakdan goraýar. Gyşda baga bakylýan goýunlar hem sazakdan edilen kümelerde saklanýar.
Biziň ata-babalarymyz köp asyrlaryň dowamynda halkymyzyň milli ruhuna mahsus ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini, däp-dessurlaryny kemala getiripdir. Çarwa durmuşy bilen bagly däpler, dessurlar, ynançlar hem, türkmen halkynyň tebigata, ýurda söýgüsini özboluşly alamatlandyrypdyr.
Dünýäň täsinlikler kitaby ýaly,
Täsinlikden doly sähraň gujagy.
Ýaýla gelip, gollaryna aýlansaň,
Garşy alar ak sazagy, ojary...
GANDYM
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseriniň ikinji kitabynda gandymyň dünýäde, takmynan, 80, ýurdumyzda bolsa 18 görnüşiniň ösýändigini, bu ösümligiň çägeli we toýunly sähralykda, daşly-çägesöw hem takyrpisint topraklarda ösmäni halaýandygyny, aprel aýynda gülläp, maýda miweleýändigini, halk lukmançylygynda uly ornunyň bardygyny nygtap, «Halk lukmançylygynda Merkezi Aziýada (şol sanda Türkmenistanda) gandymyň tohumyndan taýýarlanylýan peti merezýelde hem guragyryda ulanylýar. Ösümligiň miwelerinden taýýarlanan çaýy teşneligi gandyrýar. Ylmy lukmançylykda ösümlikdäki fenoly jemleýän derman serişdesiniň öt çykaryjy täsiriniň bardygy ýüze çykaryldy.» diýip belleýär. Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda bagra we öt haltasyna täsirli ösümlikleriň hatarynda gandymy hem nygtap geçýär.
-Gandymyň gülgüne güljagazlarynyň birki dänesini ýuwup-arassalap çeýneseň, derrew täsiri bildirýär. Ýagny, ýaňy naharlanan bolsaň-da, basym ajygyp başlaýaň.Munuň özem gandymyň melhemlik häsiýetiniň ýokarydygyny aňladýar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseriniň ikinji kitabynda «Daragtyň 5-10 sany miwesini 1 litrlik termosa demlemeli. Mazaly demini aldyryp, hasadan geçirmeli. Melhemlik çaýy gün içinde 3 ýola ýarym bulgurdan (100 ml) kabul etmeli.» diýip, belleýär. Bu örän dogry hakykat. Gandym melhemligini yzygiderli ulansoň, ol dürli dertlerden saplanmaga uly ýardam berýär. Şahyr Berdinazar Hudaýnazarowyň «Sähra bahar gelende» atly goşgusynda «Ysgapmydyň gandymlaryň gülüni» diýen setirler bardyr. Açylan gandym gülleri turşuja, ýakymly bolýar. Onuň tagamam, gözelligem üýtgeşik bolýar – diýip, Annageldi aga gürrüň berýär.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseriniň ikinji kitabynda gandymyň ýurdumyzyň dürli ýerleri bilen bir hatarda, Merkezi Garagumda: Hojalykda, Täzegazanda, Bakalguýuda, Kükürt zawodynda ösýändigini belläp geçýär. Merkezi Garagumuň jümmüşindäki Kükürt zawody, Büküri, Diňli ýaly obalardan uzak bolmadyk meýdanlarda gandym köp gabat gelýär. Edil gumda ösýän beýleki ösümliklerdir agaçlar ýaly, gandym hem tebigy aýratynlygy, özboluşlylygy bilen haýran galdyrýar. Gandym mart aýynyň ortalaryna çeträp, pyntyklap başlaýar. Boýy uzyn bolmadyk gandymyň gür pudaklary bolup, ol gol ýaýradyp ösýär. Ürgün çägeli depeleriň eňňidiräk ýerlerinde, gollaryň içinde ösüp oturan gandymy göreniňde, tebigy gözellikden göwün galkynyp gidýär. Onuň pürleri ownujak görnüşdedir. Gandym gowy gögerensoň, onuň gür ýaprakly şahalaryny mallar hezil edip iýýärler. Ýaz aýlarynyň ahyrlarynda gandym gülläp, has owadan keşbe girýär. Şonda gyzyl, sary ýaly dürli reňde açylyp oturan, şetdaly güllerine çalymdaş gülgüne-gyrmyzy gandymlara gözüň düşýär. Bu, elbetde, gumda gandymyň dürli görnüşleriniň ösýänliginiň alamaty.
Gandym güllände, onuň ýakymly ysy hem bolýar. Şonda, onuň müşki–anbar ysyna melul bolup, ýaşyl ýaýlanyň goýnunda birsellem galasyň, ýaýnasyň gelýär. Bu täsin sähra ösümligi garrap, guransoňam, onuň peýdasy köp. Mysal üçin, sähra ýerlerinde gazylan guýularyň çöwlüginiň içini owradylan gandym böleklerinden doldurýarlar. Gandymyň aýratynlygy – onuň böleklerini otda näçe ýaksaňam, aňsat küle öwrülmeýär. Ýanyp duran gandymyň üstüne suw guýup ýa üstüne gum sürüp, ony öçürýäň. Onuň kömrüni ýene bir aýdan ýaksaňam, alty aýdan ýaksaňam, şol lowlap ýanar durar. Onsoň, şol oduň golaýynda tüňçäni goýda, gök çaý içiber. Hiç hili ýadawlygam duýmarsyň, argynlygam.
Çagalyk döwrümizde tomsuna çopan-çoluklaryň goşlaryna gidenimizde, guran gandymlary ýygnadyp, çopanlar şol gandymlary ownujak bölekläp, döwerdiler. Soňam olary halta gaplap, oba alyp gaýdardylar. Gandym çöplerini semawaryň tüsse çykaryna salarsyň welin, lowurdap ýanar durardy.
Obamyzdan 24 kilometr çemesi uzaklykda «Goýunsüren» atly oý bardy. Şol ýerdäki süýji suwly guýulardan mallar suwa ýakylýardy. Bir ýyl tomusda obadaşlarym Baýramguly Berdiýew, Çary Hojaberdiýew üçümiz bir aýlap mal bakmaga gitdik. Ikindinaralar – howa az-kem salkynlansoň, sürüni oýdan çykyp, meýdana alyp giderdik. Gije bir çene baryberende, süri otdan doýup, bir giňişligräk ýerde ýatardy. Bizem sürüniň ýanynda ýatyp, daňdan süri örüp ugrandan yzyna düşüp, sürüni böldürmän, başyny bozman oýa alyp gaýdardyk. Şol günleriň birinde, bir agşam ýanymyzdaky suwumyz gutardy-da, ertire çenli suwsuz galmaly bolduk. Agşam garaňkylykda, bir çuň gola aralaşanymyzda, bu ýerdäki gandymdyr sazaklaryň gür biten ýeriniň ýakymly, salkyn howasy süňňümizi ýeňledip, teşneligimizi gandyran ýaly boldy. Sähra ösümlikleriniň, otlarynyň ekologiýa täsiri, peýdasy örän köp. Şonda biz açylan gandym gülleriniň ýakymly ysynyň, döreden howa gurşawynyň nähili uludygyna doly göz ýetiripdik.
Bahar gelse sahawatly sährama,
Al-elwan açylar gandym gülleri.
Gollara aýlanyp, aklaňa çyksaň,
Öwşün atar şahalarnyň dürleri.
SÖZEN
Sahawatly sähranyň gözelligine görk goşýan ösümlikleriň biri-de sözendir. Syrdam boýly sözenleriň uzaklardan gol bulap, gum obalarynyň degre-daşyndaky aklaňlary, sähra ýollarynyň gyralaryny bezäp oturyşy, onuň özboluşly ösümlikdigini alamatlandyrýar. Çarwa obalarynda oba golaý ýerlerde ýada ýol ýakalarynda biten nazarkerde sözenleri aňsat döwmeýärler, çapmaýarlar. Eger çarwa durmuşynda sözen zerurlygy ýüze çykaýanda-da, ony uzakdaky sähralykdan getirýärler. Irräk döwürlerde sözen gurluşyk hajatlary üçin hem ulanylypdy. Oba ýerlerinde tam, kepbe salnanda, şolaryň üsti sözen bilen basyrylardy. Sözeniň berkligi, çydamlylygy, çüýremeýändigi ony beýleki ösümliklerden düýpli tapawutlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseriniň ikinji kitabynda sözeniň ýurdumyzda 3 görnüşiniň ösýändigini, Garagumuň ähli ýerinde diýen ýaly bu ösümligiň duş gelýändigini, şahalarynyň, ýaprak¬larynyň we tohumynyň dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýändigini, türkmen halk lukmançylygynda sözeniň tohumynyň böwrek kesellerinde ulanylýandygyny parasatlylyk bilen belleýär.
Sözen aprel-maý aýlarynda gülläp, maý-sentýabr aýlarynda miweleýär. Sözen güllände, örän owadan keşbe girýär. Sözen şahalarynyň melewşe reňkli, salkym gül toplumlary, süýrümtik-güberçek şekilli pişmejikleri nazaryňy biygtyýar özünde saklaýar. Sähra gezelenje çykyp, towşan yzlaryna gabat gelseň, hökman sözen gözlegine çykandygyna göz ýetirersiň. Towşanlar ýazda-da, tomusda-da, gyşda-da sözeniň sülmüräp duran şahalarynyň – pürleriniň ujundan kitirdedip, iýmitlenýärler.
-Ýetginjeklik ýyllarymda dädem pahyr meýdanda mal bakyp ýörkä, kömege giderdim. Bir gezek güýzüň ahyrragynda dädemiň ýanyna – çopan goşuna bardym. Şonda ol maňa towşana gapan gurmagy tabşyrdy. Menem gapany alaga-da, bir sözeniň düýbünde gurjak bolsam, dädem bu tikenli sözeniň ýanyna towşan gelmeýändigini, towşanyň diňe süýji pürli sözene, gyzylymtyl sözene gelýändigini aýtdy. Gumda sözeniň tikenli hem-de tikensizräk görnüşleri ösýär.Tikenli sözen ajy bolansoň, towşanlar sözeniň süýjüsini iýýän ekenler – diýip, Annageldi Hojaberdiýew gürrüň berýär.
Sözenler düýeler, ownuk mallar üçinem iýmitlik ösümlik. Sözen dikligine, göni ösensoň, çarwalar çopan taýagyny-da sözenden ýasaýarlar. Daşynyň gabygy arassalan, uzyn taýaklar çopan-çoluklaryň esasy senedi. Çopan goşlarynda oduň külüni aýyrmak, ody ölçermek üçin ulanylýan kesewi sözenden ýasalýar. Sözen ody sazagyň, ojaryň ody ýaly gyzgyn bolmasa-da, onuň ýagtylygy has güýçli. Garaňky gijelerde çopan goşlarynda gübürdäp duran oda guran sözenleri atyşdyrsaň, dumly-duşa ýalkym saçyp, gijäni gündizlige öwren ýaly edýär.
Merkezi Garagumda sähra aýratynlyklary, ösümlikleri bilen bagly ýer-ýurt atlarynyň birnäçesi bar. Derweze obasyndan 50 kilometr çemesi gündogarda, 80 kilometr çemesi günorta-günbatarda «Sözenli» atly obalaryň bolmagy, sözeniň çarwa durmuşynda uly orna eýedigini doly subut edýär.
Geçmişde sözen guýy ussaçylygynda hem giňden peýdalanylypdyr. Sözen – tebigy berk, çydamly agaç. Mysal üçin, sährada guýy gazylanda, sözen, gandym ýaly ösümliklerden peýdalanýarlar. Ýagny, guýy örülende syrdam sözen örümlerinden örülýär. Haçanda, guýy gazylyp, suwa ýetilende, guýynyň çöwlügi sözenden ýasalýar. Tegelek görnüşde dikligine goýlan sözenlerden halka ýasalýar. Sözen hiç haçan suwda çüýremeýär. Ýene bir ähmiýeti, sözendir gandym guýy suwuny zyýansyzlandyrmakda, suwuň düzümindäki jana ýaramsyz närseleri arassalamakda hem peýdaly. Şonuň üçinem, çöwlük guýynyň düýbünde suwy arassalaýjy senet (filtr) bolup hyzmat edýär.
Garagum sährasynda bitýän sözenler esasan, kybla tarap başyny egip, şahalaryny ýaýyp oturan görnüşde gabat gelýär. Bu nämäniň alamaty? Günebakaryň Gün dogandan tä ýaşýança Güne bakyp oturyşy ýaly, sözeniň guransoň günbatara garap durmasy hem ýöne ahwalat däl. Çarwa durmuşynda gyşyna garaňkylykda ýada ümürli howada başy aýlanyp, sährada azaşan adamlara sözene seredip, barýan ugurlaryny kesgitlemegi maslahat beripdirler. Ýagny, çopan goşundan gaýralygyna sürüni bakmaga giden çoluk sözenlere garap, ileri-gaýrany, kyblany anyklapdyr. Sözen - sahawatly sähramyzyň gelşigi, ýaşyl ýaýlamyzyň ýaraşygydyr.
Garagumuň gözelligne öwrülen,
Ösümlikler sähramyzyň özeni.
Leýlisaçyň tellerini ýatladar,
Eda bilen salam berse sözeni.
Akmyrat Rejebow