KEL BAGŞY


KEL BAGŞY
(1850-1923)



Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halkyň taryhynda öçmejek yz galdyryp giden şahsyýetlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Şeýle ajaýyp döwürde uly hormat bilen ýatlanylmaga mynasyp halypalaryň biri-de milli bagşyçylyk sungatynyň uly ussady Allaberdi Aýdogdydyr. Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhy ösüşinde toplan ruhy medeniýetiniň täje deňärlik bölegi onuň saz sungatydyr. Ençeme nesilleriň çeperçilik isleglerine hyzmat eden bu inçe senediň kalbymyza täsir ediş güýji egsilmeýär. Mukamlaryň özboluşly milli saz dili bar. Biz şol sazlardan halkyň başyndan geçen agyr heňňamlary, ynsanyň müňde bir heserini, gam-gussasyny, begenjini, söýgüsini eşidýäris.

Türkmen topragy ençeme meşhur sazandalary dünýä beren toprak. Şolaryň arasynda Allaberdi Aýdogdy ogluna hem uly orun degişlidir. Kel bagşy – Allaberdi Aýdogdy ogly meşhur Amangeldi Göniniň we Gulgeldi ussanyň esasy şägirtleriniň biridir. Ol 1950-nji ýylda Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda dünýä inýär. Allaberdi oglanlyk çagy atasynyň elinde terbiýelenýär. Allaberdiniň atasy ilat arasynda belli sazandalaryň biri bolupdyr. Ol oba toýlarynda sazandalyk edip, köpçülikden ençeme sag bolsunlar almagyň hötdesinden gelip bilipdir. Allaberdiniň atasy kä wagtlar gyzygyp, saz çalyp otyrka oňa ýoldaşlary degşip: «Bagşy, sen-ä gyssaberseler tamdyrany gepletjegem» - diýip aýdar ekenler. Dogurdanam, Allaberdiniň atasy ökde tamdyraçy bolupdyr. Ine, Allaberdi şeýle atanyň terbiýesinde saz çalmagy öwrenmegiň yşkyna düşýär. Ol tutanýerlilik bilen saz çalmagy öwrenip başlaýar. Allaberdiniň göwnejaý şelpe kakyşyna kakasy begenip, «Berekella, oglym, ata kesbi ogla halal diýipdirler, biziň neslimizde saz-söhbeti özüne kär edinip götermedik ýokdyr, sen biziň yzymyzy alyp göterseň gerek» - diýip hoşallyk bildirer eken. Allaberdi eýýäm, 17-18 ýaşlarynda obalaryndaky üýşmeleňlerde saz çalyp, öz deň-duşlaryny şatlandyrýar. Az wagtyň içinde Allaberdiniň ýakymly saz çalyşy barasyndaky gürrüň Yzgandyň töweregindäki başga obalara hem ýaýrap başlaýar. Bu habar öz döwrüniň ady belli sazandasy Gökdepeli Amangeldi Gönä hem baryp ýetýär.

Ýakyn garyndaşlarynyň biri bir gün Gökdepe obasyna gidende Allaberdini hem ýany bilen alyp gidýär. Olar, köpleriň myhman bolýan ýeri Amangeldi Göniňkä myhman bolýarlar. Allaberdiniň agasy Amangeldä ýüz tutup: «Bagşy aga, men seniň üçin bir şägirt getirdim, eger ýagdaýyň bolsa sen şuny bir synap gör» - diýenden Amangeldi Göni: «Men onuň nämesini synlaýyn» - diýýär-de, Allaberdiniň telpegini çykaryp onuň kellesine pitikläp, Kel handan bir zat çykar» diýipdir. Şunlukda Allaberdi Amangeldi Gönüniň şägirdi bolup galýar. Ol özüniň bar ünsini sazyň her hili inçe tilsimlerini öwrenmäge berýär.

Allaberdiniň «Kel bagşy» ady arkajyň birnäçe ýerlerine ýaýrap başlaýar. Halk arasynda adygyp başlan Allaberdi dutaryň perdelerini on üçe ýetiren, şeýlelikde bu senediň ýerine ýetirijilik usullaryny, mümkinçiliklerini has kämilleşdiren halypasy Gönübege bagyşlap öz ilkinji eserini – «Ussadym» atly sazyny döredýär. Hünär perzendiniň şol ajaýyp sowgatlyk mukamyny ömrüniň soňky günlerinde diňlän Gönübek şägirdine «ak pata» berip, şeýle sargyt edipdir: «Adamzat döräli bäri bar bu senede Baba Gammaryň, Aşyk Aýdyň piriň, ýene ençeme ärleriň yhlas-paýhasy siňipdir... Ata-babalarymyz bu senedi pirli senet – halal kesp-kär hasaplapdyrlar. Halala halal hyzmat etmek hem parzdyr».

Amangeldi Göniden soň Kel bagşy Gulgeldi ussadan hem köp sazlary öwrenipdir. Kel bagşy heňleri özgerdip, olaryň kem-käs ýerlerini taslar eken. Kel bagşy özüniň bilmeýän ýa-da heniz eşitmedik heňini öwrenmek üçin bir welaýatdan ikinji bir welaýata gidip, özüniň saz baýlygyny giňelder eken. Ol ençeme heňleri köp hili labyzlarda çalar eken.

Hünär atasynyň sargydyna hemişe eýermäge çalşan Kel bagşy milli dutarçylyk sungatymyzyň ösüp kämilleşmeginde täze ajaýyp sahypany esaslandyrdy.

Kel bagşy külli türkmen halkyna özüni tanadan sazandadyr. Hatda professor Uspenskiý we Belýaýew ýaly gündogar sazyny öwrenýänler Kel bagşyny örän ýakyndan tanap, onuň çalan sazlaryny nota geçiripdirler. Döredijilik hem-de ýerine ýetirijilik ýoly onuň Kepele kör, Çowdur kör, Mämmetmyrat ussa, soňra Täçmämmet Suhanguly, Hally bagşy, Sary bagşy, Hanmämmet gyjakçy ýaly döwürdeş kärdeşleri üçin nusga, bellibir derejede bolsa görelde mekdebi bolupdyr. Ol halypalary Amangeldi Gönübegiň, Gulgeldi ussanyň döredijilik däplerine eýerip, mukamlaryň täze nusgalaryny döredipdir. Muňa mysal edip «Hatyja», «Jerenim», «Sakla ýolun Maral suwa geledir», «Kepderi», «Ak eşekli», «Ýusup owgan», «Jelil», «Jereni kyblam», «Saltyklar», «Hajygolak» ýaly birnäçe bölekden ybarat sazlardaky «Kel bagşynyň çalşy» adyny alan täze nusgalary görkezmek bolar.

Ady türkmen sazynyň taryhyna müdimilik giren Kel bagşy 1923-nji ýylda Aşgabatda ýogalýar. Beýik halypanyň şöhratly ýoluny, ýerine ýetirijilik hem-de döredijilik däplerini şägirtleri Täçmämmet Suhangulyýew, Sary bagşy, Mylly Täçmyradow ýaly zehinli bagşy-sazandalar üstünlikli dowam etdiler. Meşhur sazandalaryň telim nesliniň döredijilik ussahanasyndan geçen bu sungat kämilligiň ýokary derejesine ýetirilipdir.

Çynar Gurbanow